Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Новости за 25.07.2023

Aşgabatdaky käbir täze gymmat desgalarda jaýryk emele geldi

Azathabar.com 

Aşgabatdaky birnäçe uly binada çatryklar peýda boldy. “Turkmen.news” täze gurlan "Aşgabat" atly söwda we güýmenje merkeziniň we oňa ýanaşyk jaýlaryň, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumyna degişli binalardaky ýagdaý barada habar berýär. Neşiriň habaryna görä, "Aşgabat" söwda merkezi diýlip atlandyrylýan söwda we güýmenje merkeziniň binalarynda, şeýle-de biznes merkezinde we ýaşaýyş jaýynda çatryklar peýda bolup, toplumyň golaýyndaky ýol çöküpdir. “Turkmen.news” -yň habaryna görä, potratçy bolan "Beýik... Читать дальше...

Aşgabatda ilatyň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap kesildi

Azathabar.com 

Aşgabatda howanyň temperaturasy gündiz kölegede 43 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa golaýlaýan mahaly, şäher ilatynyň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap kesildi. Şäher häkimliginiň we suw edaranyň wekilleri ýaşaýjylaryň bu barada edýän şikaýatlaryna “ätiýaçlyk suw gaplaryny doldurmagy maslahat bermek” bilen jogap berýärler. “25-nji iýulda irden sagat 5:30-da oýananymda suwuň kesilendigini bilip galdym. Käbir ýaşaýjylar suwuň kesilendigini daňdan sagat 4-de bilipdirler” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy aýtdy. Читать дальше...

Türkmen DIM-i: Hazarüsti taslamasynyň gurluşygy deňiz düýbüniň çäkleriniň kesgitlenmegine bagly

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 24-nji iýulda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat çap edip, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygynyň Hazar deňziniň düýbüniň çäkleriniň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda kesgitlenilmegine baglydygyny aýtdy. Daşary syýasat edarasynyň beýanaty Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň, biraz öň, Hazarüsti taslamasynyň maliýe meselelerini gozgamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Azerbaýjan metbugatyna görä, Aliýew 21-nji iýulda geçirilen... Читать дальше...

Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýärler, hakyna adam tutmaga mejbur edilýärler

Azathabar.com 

Şu günler Balkan welaýatynyň dürli sebitlerinde býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýärler, ýa-da maddy goşant goşup, öz orunlaryna hakyna adam tutmaga mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji iýulda sebitden habar berdi. Balkanabat şäherinde ýerleşýän welaýat hassahanasyndan, mekdeplerden we çagalar baglaryndan ýygnalan 330 töweregi býujet işgäri ýa-da edara-kärhanalar tarapyndan hakyna tutulan işçiler 22-23-nji iýul günleri Bereket, Gyzylarbat we Magtymguly... Читать дальше...

Diňle: Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň elektrik energiýasynyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykyp başlady. Aşgabat ilatyň elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatlap kesildi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa, ilat günüň dowamynda azyndan 10 gezek elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Diňle: Maryda günlükçi bolup işleýän işçilerden salgyt resminamalaryny düzgünleşdirmek talap edilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň salgyt gullugynyň işgärleri Baýramaly we Garagum etraplaryndaky hususy kerpiç zawodlaryna aýlanyp, sagatlaýyn we günlükçi bolup işleýän işçileriň resminamalaryny barlaýarlar. Olar bu işçiler üçin salgyt resminamalarynyň düzgünleşdirilmelidigini aýdyp, işçilere we zawod resmilerine jerime ýazmak bilen haýbat atýarlar we olardan "para talap edýärler". Bu barada sebitdäki iki kerpiç zawodunyň işçileri Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler.

Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy

Azathabar.com 

Türk häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy güýçlendirilen göreşi dowam edýär. Türk polisiýasynyň soňky bir aýdan gowrak wagt bäri geçirýän giň gerimli reýdlerinde müňlerçe adam saklanyp, deportasiýa merkezlerine ýerleşdirildi we olaryň ýüzlerçesi deport edildi. Saklananlaryň arasynda Türkmenistanyň azyndan iki raýaty hem bar. Bu aralykda, Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýäniň deportasiýa merkezinde bolan türkmen... Читать дальше...

Belarus täjik aktiwistini Duşenbä ekstradisiýa etdi

Azathabar.com 

Adam hukuklary toparlarynyň "syýasy ynançlary esasynda esassyz tussag edilmek we gynamalara sezewar bolmak" ähtimallygy baradaky duýduryşlaryna garamazdan, belarus häkimiýetleri täjik oppozisiýa aktiwisti Nizomiddin Nasriddinowy Täjigistana ekstradisiýa etdi. Aktiwistiň Germaniýada ýaşaýan garyndaşlary Nasriddinowyň aklawçysynyň bu habary 24-nji iýulda berendigini aýtdylar. Nasriddinow ýanwar aýynda, Duşenbäniň haýyşy esasynda, Litwadan Belarusa gireninde tussag edildi. Ol Täjigistanda ekstremistik hereketlere çagyryş etmekde aýyplanýar. Читать дальше...

Aşgabatda adam hukuklary maslahatlaşyldy, anyk gürrüň edilmedi

Azathabar.com 

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek baradaky pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde toparyň şu ýylyň alty aýyndaky işiniň, halkara ynsanperwer hukugynyň durmuşa ornaşdyrylyşynyň 2021-2023-nji ýyllar üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdylýar, emma ýurtda onlarça ýyl bäri saklanyp galýan hukuk bozulmalary, hususan-da metbugat... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *