Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Новости за 28.07.2023

Türkmenistan Internetiň 'nurbatlaryny' berk towlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda soňky birnäçe gün bäri Internet torunyň nurbatlary berk towlanýar, petiklemeleriň gerimi giňeýär. Synçylar häkimiýetleriň Internet petiklemeleri bilen, aslynda, ýurduň ösüşini petikleýändiklerini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji iýulda häzirki wagtda Türkmenistanda ozal erkin elýeterli bolan hytaý we türk söwda websaýtlarynyň açylmaýandygyny habar berdi. Ýöne diňe bir söwda sahypalary däl, eýsem, Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň websaýtlary hem VPN-siz açylmaýar. Читать дальше...

Itlere edilýän zuluma garşy çykýan aşgabatlylar prezidente ýüzlendiler

Azathabar.com 

Aşgabadyň ýaşaýjylary öýsüz haýwanlaryň rehimsiz tutulmagyny we ýok edilmegini bes etmek üçin köpçülik bolup, ýurduň häkimiýetlerine ýüz tutdular. Arza prezident Serdar Berdimuhamedowa, Aşgabadyň häkimligine, Arhitektura we Gurluşyk ministrliginiň jemagat hyzmatlary bölümine, şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugyna iberildi. Raýatlaryň ýüzlenmesiniň tekstini “Turkmen.news” garaşsyz onlaýn neşiri çap etdi. "Tutulan haýwanlaryň eltilýän ýeri Çoganlydaky zir-zibili gaýtadan işleýän zawod göz öňüne getirip bolmajak gorkunç bir ýer... Читать дальше...

Awaza döwlet emeldarlarynyň dynç alşyna taýýarlanýar

Azathabar.com 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy hökümet agzalarynyň dynç alşyna taýýarlanýar. Munuň bilen baglylykda, sebitde howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär we dynç almaga gelen raýatlar “üç arka” barlagyndan geçirilýär. Şeýle-de, ýerli edara-kärhanalaryň we Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri arassaçylyk işlerine çekilýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 28-nji iýulda sebitden maglumat berdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçy düzümine 1-nji awgustdan 1-nji... Читать дальше...

Yssy howada hassahanalara ýüz tutýan polisiýa işgärleri köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda aşa yssy howa akymy saklanyp galýan mahaly, onuň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleri barada maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Şu günler Mary welaýatynda adaty raýatlardan başga-da, polisiýa işgärleriniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, hassahanalara ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi. “Häzir Mary şäheriniň we etraplarynyň haýsy hassahanasyna barsaň, kellesinden gün ýa-da içinden ýalyn geçip, ysgyny bolman, işe ýaraman, hassa bolup, lukmanlara ýüz tutýan polisiýa işgärlerini görse bolýar” diýip... Читать дальше...

Russiýa Moskwa edilen dron hüjüminiň yzyna serpikdirilendigini aýdýar

Azathabar.com 

Russiýanyň Goranmak ministrligi 28-nji iýulda öten agşam "Moskwa sebitindäki obýektlere" edilen dron hüjümini puja çykarandygyny aýtdy. Ministrligiň beýanatynda tassyklanylmagyna görä, pilotsyz uçar ýurduň howa goragy güýçleri tarapyndan ýok edildi. Emma beýanatda pilotsyz uçaryň anyk nirede urlup ýykylandygy ýa-da onuň anyk haýsy desgany nyşana alandygy aýdylmaýar. Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin öz telegram kanalynda öten agşam Moskwa hüjüm etmek synanyşygynyň bolandygyny, ýöne ölenleriň bolmandygyny, ýitgi çekilmändigini aýtdy.

Nawalnynyň egindeşleri "Putin ganhor" çäresini geçirer

Azathabar.com 

Alekseý Nawalnynyň egindeşleri "Putin ganhor" atly aksiýa geçirjekdiklerini yglan etdiler. Bu çäre Nawalnynyň zäherlenmeginiň üçünji ýyl dönümine, 20-nji awgusta gabat geçiriler. “Gorky, zorluk, adam öldürmek - Putiniň häkimiýeti 20 ýyldan gowrak wagt bäri şu zatlar arkaly saklanýar. Russiýada oňa garşy çykanlar, ýurdumyzyň erkin geljegi üçin göreşenler ilkinji pidalar boldy. Putin indi goňşy ýurt bilen 21-nji asyrdaky iň elhenç we manysyz, günde ýüzlerçe we müňlerçe adamyň ölýän urşuna sebäp boldy" diýip... Читать дальше...

Özbek şäheriniň öňki häkimine korrupsiýa üçin 11 ýyl berildi

Azathabar.com 

Termeziň, Özbegistanyň günortasynda ýerleşýän serhet şäheriniň öňki häkimi korrupsiýa aýyplamalary esasynda 11 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Termez şäher kazyýeti 27-nji iýulda Isroil Hudoýberdiýewi ogurlukda, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda, para bermekde we pul ýuwmakda günäli tapdy. Hudoýberdiýew şäher häkimi wezipesinden sentýabr aýynda tussag edileninden soň boşadyldy. Ol 2017-nji ýyldan bäri Termeziň häkimi bolup işleýärdi. Hudoýberdiýewiň tussag edilmegi prezident... Читать дальше...

Aşgabatda türkmen, özbek we täjik prizidentleriniň sammiti geçiriler

Azathabar.com 

Awgust aýynyň başynda Aşgabatda üç merkezi aziýa ýurdunyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň prezidenteriniň - Serdar Berdimuhamedowyň, Şawkat Mirziýoýewiň we Emomali Rahmonyň ýokary derejeli gepleşikleri geçiriler. Türkmen DIM-niň maglumatyna görä, bu ýurtlaryň daşary işler ministrleri Reşit Meredow, Bagtyýor Saidow we Sirojiddin Muhriddinow dagy 26-njy iýulda wideo arkaly duşuşyp,  bu sammiti geçirmek üçin görülmeli çärleri maslahatlaşdylar. Diplomatlar programmanyň taslamasy, ýetip... Читать дальше...

Ýaponiýa täze strategiýasynda hytaý goşuny, rus baglanyşyklary we taýwan dartgynlygy babatyndaky hüşgärligini ýokarlandyrdy

Azathabar.com 

Ýapon hökümeti 28-nji iýulda çap edilen hasabatynda, Hytaýyň höçjetligi sebäpli, Ikinji jahan urşundan bäri özüniň iň erbet howpsuzlyk wehimleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny we harby kuwwatyny has güýçlendirmek üçin täze strategiýany durmuşa geçirjekdigini duýdurdy. 2023-nji ýyldaky goranyş ak kagyzy hökümet dekabr aýynda gapma-garşylykly täze Milli howpsuzlyk strategiýasyny kabul edeli bäri taýýarlanan ilkinji hasabat bolup, Ýaponiýanyň uruşdan soňky syýasatyndan, özüňi goramak üçin güýç ulanmagy çäklendirmekden yza çekilmek bolup görünýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *