Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Новости за 13.07.2023

Daşoguz-Lebap ýolunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda pajygaly ýol hadysalarynyň ýene biri boldy. Daşoguz-Lebap awtomagistralynyň ugrunda bolan ulag hadysasynda bäş adam, şol sanda dokuz aýlyk göwreli gelin heläk boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 13-nji iýulda Daşoguz welaýatyndan maglumat berdiler. Waka 10-njy iýulda irden sagat 9:30 töwereginde awtomagistralyň Görogly etrabyň Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň Buzgömen obasyny kesip geçýän ýerinde boldy. “Şol güni irden bu obadaky bir maşgalanyň agzasy gelniniň çaga dogurmaly wagty gelende... Читать дальше...

Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu aýda ogurlyk hadysalary barada habarlar köpeldi. Azatlygyň habarçylarynyň Türkmenbaşyda we Hazar deňziniň kenaryndaky beýleki ilatly ýerlerde ogurlyk hadysalarynyň birnäçesiniň ýüze çykandygy barada beren habarynyň yzýany Aşgabatda birnäçe ogurlygyň bolandygy mälim boldy. Diňe soňky günlerde Aşgabatda üç sany ogurlyk barada köpçülige mälim boldy. Bularyň biri 2-nji etrapçada ýüze çykdy. "Gije bir enäniň agtygy bilen ýaşaýan kwartirasyna äpişgeden girdiler, gyz bir ses eşidipdir, olaryň pişigi ses edipdir. Читать дальше...

Aşa yssy howada keselhana düşýän raýatlar köpelýär, ýangynlar döreýär, mallar haram ölýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde indi birnäçe gün bäri aşa yssy howa akymy dowam edýär. 12-nji iýulda Mary welaýatynda howanyň temperaturasy gündiz, kölegede 45 gradusdan aşdy. Yssy howada saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, keselhana düşýän çagalaryň we garrylaryň sany göz-görtele köpeldi. Şeýle-de, yssy howanyň getirýän netijeleri zerarly döreýän ýangynlaryň artmagy, ýerli häkimiýetleri ilaty seresaply bolmaga çagyrmagyna getirdi. Yssy howa we onuň netijeleri barada resmi metbugat duýduryş yglan etmeýän mahaly... Читать дальше...

ÝHHG wekili türkmen häkimiýetlerini media azatlygy boýunça borçnamalary berjaý etmäge çagyrdy

Azathabar.com 

ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekili Tereza Ribeýro Türkmenistana amala aşyran saparynyň yz ýany, türkmen häkimiýetlerini söz-beýan azatlygy we media azatlygy babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmäge çagyrdy. Bu barada guramanyň websaýty 11-nji iýulda habar berdi. Ribeýro saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, türkmen parlamentiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Telewideniýe, radiogepleşikler we Kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň... Читать дальше...

Bişkek kazyýeti ýurtda AÝ/AR-nyň işini togtatmak baradaky karary ýatyrdy

Azathabar.com 

Bişkek şäher kazyýeti Lenin etrap kazyýetiniň aprel aýynda Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň işini togtatmak barada çykaran kararyny ýatyrdy. Azattyk radiosy gyrgyz-täjik serhediniň dawaly böleginde bolan çaknyşyklar baradaky wideony aýyrmakdan ýüz öwrenden soň, gyrgyz kazyýeti radionyň Gyrgyzystandaky işini togtatmak barada karar çykarypdy. Kazyýet 12-nji iýulda, Azattyk radiosynyň şikaýaty boýunça geçiren diňlenişiginden soň, Medeniýet ministrliginiň haýyşy esasynda çykarylan kararyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Читать дальше...

Metbugat: Türkmenistana goýlan daşary ýurt maýalarynyň mukdary $936 million boldy

Azathabar.com 

2022-nji ýylda Türkmenistana goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň (GDÝMG) mukdary 936 million dollar boldy diýip, türkmen metbugaty BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň (UNCTAD) hasabatyna salgylanyphabar berýär. Habarda tassyklanylmagyna görä, Türkmenistan ýurda goýlan göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň mukdary boýunça Merkezi Aziýa sebitinde 3-nji ýerde durýar. Hasabat sebitdäki ýurtlara gönükdirilen arassa maýa goýumlarynyň 39% ýokarlanandygyny belleýär. Türkmenistana goýlan göni... Читать дальше...

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler

Azathabar.com 

Türkmenistanda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek baradaky guramaçylyk topary döredildi. TDH prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek çempionaty ýokary derejede geçirmek baradaky karara gol çekendigini habar berýär. Habarda aýdylmagyna görä, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy täzelendi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) üçünji gün geçiren nobatdan daşary maslahatynda guramanyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine Nökerguly Atagulyýew saýlandy diýip, türkmen metbugaty anyklaşdyrmazdan habar berýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredilip, habarda aýdylmagyna görä, bu günki gün ýurduň hususy işewürliginiň wekilleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär. Bu gurama uzak ýyllar, 2020-nji ýylyň başynda wezipesinden boşadylýança, il... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *