Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Новости за 24.07.2023

Maryda saglyk ýagdaýy çäkli çagalaryny mekdebe ýerleşdirjek ene-atalardan $500-e çenli 'para soralýar'

Azathabar.com 

Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan gowrak wagt galanda, maryly ene-atalar özleriniň kör, ker ýa-da lal çagalaryny Baýramaly etrabynda ýerleşýän ýurduň Körler we kerler jemgyýetiniň mekdebine we çagalar bagyna ýerleşdirmekde kynçylyk çekýärler. Ene-atalaryň ençemesi munuň üçin özlerinden $200-$500 aralygynda para talap edilýändigini aýdýar. “Hökümet tarapyndan býujetiň hasabyna ýöredilýän bu internat hem, gynansak-da, beýleki mekdepler ýaly parahorluga uçran. Ozal hem ýaşaýyşdan... Читать дальше...

Balkan welaýatynda biometriki pasportlary almak üçin paranyň möçberi azaldy

Azathabar.com 

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Balkan welaýatynda daşary ýurt pasportlary üçin uly nobatlar henizem saklanýar, emma täze pasporty tizräk etdirmek üçin soralýan paranyň mukdary ep-esli azalypdyr. Daşary ýurt pasportyna ýüz tutmak üçin Balkan welaýatynda häzir 2024-nji ýylyň fewral aýyna ýazgy edilýär. Emma, Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysynyň sözlerine görä, bu ýerde pasporty para berip, has çalt almak mümkinçiligi saklanýar. "Okuwa we gazanja gitmek üçin pasport... Читать дальше...

Diňle: Balkanda tatuirowkaly raýatlara garşy göreş güýçlendi

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri bedenine tatuirowkalary, ýagny hemişelik suratlary çekdiren raýatlara garşy göreşini gaýtadan güýçlendirdi. Polisiýa esasanam uly şäherleriň köçelerinde reýd geçirip, beden agzalarynyň görünýän ýerlerinde tatusy bolan adamlardan ony bir günüň dowamynda aýyrmagy talap edýär.

Aşa yssy howada ilatyň elektrik üpjünçiligi ýygy-ýygydan kesilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan we gijelerine 30 gradusa ýetýän mahaly, ýurduň dürli sebitlerinde ilatyň elektrik energiýasynyň kesilmegi bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykyp başlady. Aşgabat ilatyň elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatlap kesildi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa, ilat günüň dowamynda azyndan 10 gezek elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 23-nji iýuldan 24-ne geçilen gije paýtagtyň otly menziliniň ýerleşýän etrapçasynda... Читать дальше...

Diňle: Aşgabatda we Balkanda içgeçme we dem alyş ýollary keselleri köpelýär

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan mahaly, Aşgabatda we Balkan welaýatynda raýatlaryň, hususan-da çagalaryň arasynda güýçli içgeçme we dem alyş ýollary keseli ýaýraýar. Häkimiýetler aşa yssy howanyň ilat arasyndaky netijeleri barada maglumat bermeýärler.

Türkmenistan aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýa girizmegi meýilleşdirýär, ýöne...

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýurduň öňünde aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýalary bellemek göz öňünde tutulýar. Bu barada hökümet başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 21-nji iýulda geçirilen hökümet mejlisinde hasabat berdi. Wise—premýer öz hasabatynda raýatlara Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny aýtdy. Читать дальше...



Diňle: Mekdepler gyz okuwçylara ýokary bahadan ýaşyl mata satyn aldyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda okuwçylary öz mekdeplerinden egin-eşikleri satyn almaga mejbur etmek praktikasy dowam edýär. Käbir welaýatlarda orta mekdep mugallymlary şu günler öz gyz okuwçylaryna jaň edip, olardan bazarlardaky nyrhdan has ýokary bahadan ýaşyl mata satyn almagy talap edýärler.

Diňle: Türkiýede bikanun migrantlara garşy reýdler: 'Özümi tikeniň üstünde oturan ýaly duýýaryn'

Azathabar.com 

Türk häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy güýçlendirilen göreşi dowam edýär. Göreşiň çäginde türk polisiýasy ýaşaýyş jaýlaryna, edara-kärhanalara reýdleri geçirýär. Bu aralykda, Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýeden bir türkmen raýaty deport edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri we türkmenistanly migrantlar habar berýärler.

Diňle: Marynyň towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin gyrylýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin heläk bolýar. Weterinariýa gullugynyň işgärleri keseli anyklap bilmeýändiklerini aýdýarlar. Tejribeli guşçular keselçilige yssy howany sebäpkär hökmünde görkezýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 18-nji iýulda sebitden habar berdi.

Lawrowyň tankydyndan soň, prezident Žaparow gyrgyz dil kanunyny gorady

Azathabar.com 

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Gyrgyzystanyň dil hakynda kabul eden kanunyny "demokratik däl" we "kemsidiji" diýip tankytlanyndan soň, gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparow resmileriň ählisiniň resmi maksatlar üçin gyrgyzça gürlemegini talap edýän täze kanuny gorap çykyş etdi. Žaparow 24-nji iýulda telewideniýede berlen beýanatynda täze kanunyň rus diliniň ýurtdaky resmi dil statusyny tassyklaýandygyny we gyrgyz diliniň diňe döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň... Читать дальше...

Owganystandaky suw joşmalarynda azyndan 31 adam öldi

Azathabar.com 

Soňky üç günüň dowamynda Owganystanda agyr ýagan ýagyşlar we suw joşmalary esasynda azyndan 31 adam ölüp, 74 adam ýaralandy diýip, “Talyban” häkimiýetleri 23-nji iýulda habar berdi. Häkimiýetler ölenleriň sanynyň köpelmeginiň ähtimaldygyny we ýüzlerçe gektar oba hojalyk ýeriniň, azyndan 604 jaýyň ýumrulandygyny aýtdylar. Hökümetiň metbugat sekretary Şafiullah Rahimi pidalaryň köpüsiniň Maýdan Wardak sebitinde heläk bolandygyny aýtdy. Şeýle-de, häkimiýetler Kabul we Helmand sebitlerinde birden sil gelmek howpunyň ýardygyny duýdurdylar.

Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pesnsiýalar belleniler

Azathabar.com 

Türkmen metbugaty döwlet öňünde aýratyn hyzmat bitiren raýatlara şahsy pensiýalaryň belleniljekdigini habar berýär. Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 21-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalarynyň taýýralanylandygyny aýtdy. Ýöne ol bu diýilýän pensiýanyň haýsy aýratyn hyzmatlar... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *