Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 02.08.2023

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, Aşgabatda we Türkmenbaşyda dilegçilik edýän çagalar köpeldi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galanda, Aşgabadyň we Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň köpçülik ýerlerinde dilegçilik edýän we sadaka soraýan çagalar göz-görtele köpeldi. Çagalaryň aglabasy özleriniň bu işlere baş goşmagyna mekdebe özbaşdak taýýarlyk görmäge mejbur bolýandyklary bilen düşündirýärler. “Çagalar esasan adamlaryň köp bolýan ýerlerinde, şol sanda söwda merkezlerinde, medeni seýilgählerde, Awazadaky myhmanhanalaryň golaýynda dilegçilik edýärler. Читать дальше...

Özbek prokurorlary belli blogçy Mominowa 11 ýyl berilmegini soraýar

Azathabar.com 

Prokurorlar Daşkentdäki Mirobod etrap kazyýetinden blogçy Abdukodir Mominowa 11 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady diýip, Gazeta.uz 1-nji awgustda habar berdi. Mominow 8-nji fewralda galplykda we talaňçylykda güman edilip saklandy. Derňewçi žurnalist prezident Şawkat Mirziýoýewiň berk tankytçysy hökmünde tanalýar. 33 ýaşly blogçynyň Youtube ulgamyndaky “Kuzgu” kanalynyň 247,000 yzarlaýjysy bar. Özbegistan soňky aýlarda birnäçe blogçyny tussag etdi we talaňçyylykda aýyplady.

Daşoguzda bolan ýol hadysasynda üç adam heläk boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda adam pidalaryna getiren ýol-ulag hadysalarynyň ýene biri boldy. Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinden 10 kilometr günortadaky awtomagistralyň ugrunda üç awtoulagyň çakyşmagy netijesinde bolan ýol hadysasynda üç adam öldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň we çeşmeleriniň maglumatyna görä, heläkçilikli waka 1-nji awgustda irden sagat 9 töwereginde welaýatyň iri galla kärhanasynyň golaýynda boldy. “Ýol hadysasyna uçran üç ulagyň içinde jemi 13 adam bolup, olaryň üçüsi wakanyň bolan ýerinde jan berdi. Читать дальше...

Türkmenistan Türkiýeden deport bolan müňe golaý raýatyny yzyna getirýär

Azathabar.com 

Türkmenistan awgustyň birinji on günlüginde Türkiýeden deportasiýa edilen müňe golaý raýatyny yzyna getirmegi planlaşdyrýar. Azatlygyň dürli pudakdaky çeşmeleri munuň bilen bagly taýýarlyklaryň görülýändigini, şol sanda karantin zolaglarynyň esaslandyrylýandygyny, medisina barlaglarynyň guramalaşdyrylýandygyny, galyberse-de getirilen raýatlary sorag etmek üçin MHM-niň işgärlerinden ýörite toparyň düzülýändigini aýdýarlar. Bu türkmen zähmet migrantlarynyň has köp ýaşaýan Türkiýäniň häkimiýetleriniň... Читать дальше...

Türkmenistan serhet boýunça türkmen-özbek toparynyň türkmen bölegini tassyklady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1-nji awgustda iki ýurduň arasyndaky döwlet serhediniň meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen bölegini tassyklamak baradaky karara gol çekdi. Bu karar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen düşündirilýär. Karara laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda döwlet serhediniň... Читать дальше...

Hytaýly kommunistler türkmen partiýalarynyň ýolbaşçylaryna öz tejribelerini gürrüň berdiler

Azathabar.com 

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň agzasy, Sinhaý welaýatynyň komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatdatürkmen partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan üç partiýanyň, Demokratik, Agrar, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen hytaýly myhmanlaryň arasynda geçirilen duşuşykda, türkmen metbugatynyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, döwletara meseleleri bilen birlikde, iki ýurduň... Читать дальше...

Almatydaky ýangynda bir aýal öldi, 43 adam ýaralandy

Azathabar.com 

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda 1-nji awgustda köp gatly ýaşaýyş jaýynda bolan ýangyndan soň, ilki berlen habara görä, azyndan 31 adam, şol sanda 16 çaga keselhana ýerleşdirildi. Soňra ýangynda bir aýalyň ölüp, 43 adamyň, şol sanda 26 çaganyň we iki göwreli aýalyň ýaralanandygy habar berildi. Almaty jemgyýetçilik saglygy goraýyş bölüminiň Facebook sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, 1992-nji ýylda doglan aýal 16 gatly ýaşaýyş jaýynyň bäşinji ýa-da altynjy gatyndan ýykylyp, "köp sanly şikes" sebäpli aradan çykdy. Читать дальше...

Almatydaky ýangyndan soň onlarça adam keselhana ýerleşdirildi

Azathabar.com 

Gazagystanyň iň uly şäheri Almatyda 1-nji awgustda kök gatly ýaşaýyş jaýynda bolan ýangyndan soň azyndan 31 adam, şol sanda 16 çaga keselhana ýerleşdirildi. Gyssagly kömek gullugy ýangyn söndürijileriň Akkendiň günbatar etrabynda turan ýangyny 96 minutda söndürendigini aýtdy. Sosial ulgamlarda aşakda ýokarky gatdan ýykylýan ýa-da bökýän çagalary ýere düşmänkä tutmak üçin düşek ulanýan adamlaryň toparlaryny görkezýän dramatiki wideo peýda boldy. Saglygy goraýyş işgärleri ýangyn turan binadan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *