Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 23.08.2023

“Wagner” toparyna degişli uçar weýran boldy. Ýolagçylaryň sanawynda Prigožiniň ady bar

Azathabar.com 

Russiýanyň Twerskaýa oblastynyň Bologowskiý raýonynda bortunda “Wagner” hakyna tutma toparynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožiniň hem bolandygy öýdülýän uçar weýran boldy. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň maglumatyna görä, uçaryň bortunda jemi 10 adam bolup, olaryň ählisi heläk bolupdyr. Rosawiasiýa gullugy ýolagçylaryň sanawynyň arasynda Prigožiniň adynyň bardygyny mälim etdi. Käbir telegram kanallary uçaryň bortunda “Wagner” toparynyň kommandirleriniň biri Dmitriý Utkiniň (lakamy “Wagner”) hem bolandygyny aýdýarlar. Читать дальше...

Tagtabazaryň ilaty ýaşlaryň arasynda duýdansyz ölümiň köpelmeginden aladalanýar

Azathabar.com 

Soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda (red: öňki Serhetabat etrabynyň territoriýasynda) tarpa-taýyn aradan çykýan adamlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi bu ýagdaýa alada bildirip, resmileriň munuň sebäplerini anyklamak boýunça medisina barlaglarynyň geçirilmegine garşy çykýandygyny aýdýar. Bu ýagdýalar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri sebitden maglumat berdiler. “Tomus aýynyň başyndan bäri... Читать дальше...

Serhetabatda tarpa-taýyn aradan çykýan adamlar göz-görtele 'köpelýär'

Azathabar.com 

Soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda tarpa-taýyn aradan çykýan adamlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi resmileriň raýatlaryň ölümine nämäniň sebäp bolýandygyny anyklamak boýunça medisina barlaglarynyň geçirilmegine garşy çykýandygyny aýdýar. Bu ýagdýalar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri sebitden maglumat berdiler. “Tomus aýynyň başyndan bäri sebitde onlarça adam nämälim keselden tarpa-taýyn aradan çykdy. Читать дальше...



Türkmenabat halkara howa menziliniň işgär sany azlyk edýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat halkara howa menzilinde işgärler goşmaça tabşyryklara çekilýär, işgär sany azlyk edýär. Şol bir wagtda, howa menziliniň işgärleri ýeňilliklerden mahrum edilýär. Bu aralykda, Aşgabat halkara howa menzilinde uçarlar kadaly tehniki hyzmatlar bilen üpjün edilmeýär. Uçar tekerleriniň öz wagtynda çalşyrylmazlygy uçuş we gonuş wagtynda töwekgelçilik döredýär. Biraz öň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji awgustda “Türkmenhowaýollary” agentliginde işgärleriň iş... Читать дальше...

Balkanyň çetki obalary ‘orta asyrlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde’ aman galmaga çalyşýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň günbatar sebitlerinde medeni zonalardan alysda ýerleşýän ilatly nokatlar durmuş ulgamyna degişli amatlyklardan mahrum galýar. Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Düwünçi obasy we sebitdäki başga-da birnäçe ilatly nokatlar aragatnaşyk, elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi bilen bagly problemalardan ejir çekýär, ýerli ilat kadaly medisina hyzmatlaryndan we bilim mümkinçiliklerinden mahrum galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaňy-ýakyndan çet... Читать дальше...

Suw ýetmezçiligi we yssy sebäpli Gazagystanyň 6 etrabynda adatdan daşary ýagdaý girizildi. (Wideo)

Azathabar.com 

Gazagystanyň Baýzak, Žambyl, Kordaý, Merken, T. Ryskulow we Talas etraplarynda, ekinlere suwuň ýetmezçiligi we oňaýsyz aşa yssy howa şertleri sebäpli, adatdan daşary ýagdaý girizildi. Bu barada Žambyl oblastynyň akimatynyň saýtynda habar berildi. Habarda aýdylyşyna görä, häzirki wagtda tebigy betbagtçylyga uçran daýhanlaryň ýitgileriniň öwezini dolmak üçin, Gazagystanyň hökümetiniň adatdan daşary ýagdaýlar üçin saklaýan ätiýaçlyk fondundan, serişdeleri paýlamak meselesiniň çözülýändigi aýdylýar. Читать дальше...

Türkmenistan Türkiýeden müňden gowrak raýatyny getirip, olarda jynsy ýollar bilen geçýän keselleriň bardygyny ýa ýokdugyny barlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistan şu aýyň başyndan bäri Türkiýeden deport edilen raýatlarynyň bir müňden gowragyny ýurda getirdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly çeşmesi Stambuldan maglumat berdi. Bu aralykda, garaşsyz neşir türkmen häkimiýetleriniň Türkiýeden gelen raýatlaryň jynsy ýollar bilen geçýän ýokanç kesellere ýolugyp-ýolugmandygyny barlaýandygyny habar berýär. “Stambuldan Aşgabada tas her gün uçar uçýar. Häzire çenli bularda bir müňden gowrak bikanun türkmen migranty Türkmenistana alnyp gidildi” diýip... Читать дальше...

Türkmenistan “milletara sazlaşygyny üpjün edýändigini” öňe sürýär, milli azlyklaryň meselelerini agzamaýar

Azathabar.com 

Türkmenistan "jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygyny we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek ugrunda degişli işleri alyp barýandygyny" öňe sürýär. Ýöne ýurtda ýaşaýan milli azlyklar etniki gelip çykyşy esasynda ýyllarboýy kemsitmelere sezewar bolýandyklaryny, häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çäginde iş, okuw ýaly mümkinçilikleriniň berk çäklendirilýändigini aýdýarlar. 21-22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ženwadaky edarasynda Jynsy... Читать дальше...

“Freedom Now” Gulgeldi Annanyýzowyň azat edilmegine çagyrýar

Azathabar.com 

“Freedom Now” türkmen dissidenti Gulgeldi Annanyýzowyň doglan güni mynasybetli onuň garşysyna girizilen çäklendirmeleriň ählisiniň ýatyrylmagyna çagyrýar. Halkara hukuk toparlary tarapyndan wyždan ýesiri diýlip hasaplanylýan Gulgeldi Annyýazowyň şu gün 63 ýaşy doldy, ol 2009-njy ýylda türmä basylaly bäri, şertli tussaglyk sebäpli, Türkmenistandan çykyp, Norwegiýadaky maşgalasyna gowşup bilmeýär diýip, hukuk toparynyň twitter beýanatynda aýdylýar. Türmeden boşadylan bolsa-da, agyr şertlerde ýaşamagyny... Читать дальше...

Rus kolbasaçysy türkmen bazaryndaky geljegini uly hasaplaýar

Azathabar.com 

Russiýanyň “Abi” kompaniýasy şu aýda Türkmenistana öz öndürýän “Wýazanka”, “Starodworýe”, “Bawaruşka kolbasalarynyň ilkinji 16 tonnasyny eksport etdi diýip, “Newscentralasia” we “Türkmenportal” neşirleri habar berýär. “Abiniň” önümleri Türkmenistanyň uly şäherleriniň ählisinde wagyz edilýär we kompaniýanyň wekilleri häzir “doňdurylan ýarym taýýar” we “doly taýýar” görnüşinde hödürlenýän önümleriniň sanawyny giňeltmek barada gepleşik geçirýärler diýip, habarda aýdylýar. Satuw bölüminiň müdiri Roman Otodrakanyň aýtmagyna görä... Читать дальше...

Türkmenistanda gyssagly lukmançylyk kömegi maslahatlaşyldy

Azathabar.com 

Bütindünýä saglyk guramasynyň baş edarasynyň, BSG-niň Ýewropa boýunça edarasynyň we Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri türkmenistanly kärdeşleri, şeýle-de ýurduň Goranmak ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyp, ýurduň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi barada maslahat etdiler diýip, “Türkmenportal” 22-nji awgustda BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasyna salgylanyp habar berdi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde gibrid görnüşinde geçirilen duşuşykda... Читать дальше...

Suw ýetmezçiligi sebäpli, Gazagystan alty etrapda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi

Azathabar.com 

Suwaryş suwunyň ýetmezçiligi we adatdan daşary ýokary temperatura sebäpli, ýerli resmiler 22-nji awgustda günorta Gazagystanyň Žambyl sebitiniň birnäçe etrabynda, gyrgyz araçäginiň golaýynda adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Günorta Gazagystanyň Žambyl sebitiniň suwaryş suwunyň 80 göterimi Gyrgyzystandan, bu ýyl suw akymynyň düýpli peselen ýerinden gelýär. Suw howdanlaryndaky üpjünçiligiň adaty göwrüminiň ondan birine çenli azalmagy netijesinde, Gyrgyzystan awgust aýynda Gazagystany suwaryş... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *