Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 30.08.2023

Daşoguzda çagalary sünnet edýän tebiplere garşy göreş güýçlendi, Maryda bu amaly öýde edýän lukmanlar yzarlanýar

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynyň polisiýasy tebiplere çagalary sünnet etmegi gadagan edýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär. Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy, sebitde çagalary sünnet edýän tebipleriň tas galmandygyny, hatda öýlerde sünnet amallaryny berjaý edýän lukmanlara diplomlaryndan mahrum edilmek howpunyň abanyandygyny aýdýar. Garaşsyz neşir 29-njy awgustda çap eden habarynda Daşogzuň polisiýasynyň oglan çagalary öýde sünnet edýän, lukmançylyk bilimi bolmadyk tebiplere... Читать дальше...

Zor bilen ýitirim edilenleriň halkara güni türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler ýatlanýar

Azathabar.com 

30-njy awgustda bütin dünýäde bellenilýän zorlukly ýitirim edilmeleriň pidalarynyň halkara gününiň nobatdaky ýyl dönüminde Türkmenistanda tussag edilenden soň ýitirim bolan ýüzlerçe adamyň ykbaly henizem näbelli galýar. Tussag edilen bendileri zor bilen ýitirim etmek soňky 20 ýylda Türkmenistanda yzygiderli bir ýagdaýa öwrüldi. Ýitirim bolan adamlaryň ykbalyny yzarlaýan "Olary diri görkeziň!" atly halkara kampaniýasyna görä, 2002-nji ýyldan bäri uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen, şol sanda... Читать дальше...

Mary: Oba ýerlerinde agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ýagdaýy ‘gözgynylygynda’ galýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň käbir etraplarynda we oba ýerlerinde arassa agyz suwy bilen üpjünçilik ulgamlarynyň ýagdaýy gözgynylygynda galýar, käbir geňeşlikler agyz suw üpjünçiligini suw guýulary we suw howdanlary bilen özbaşdak gidermäge çalyşýar. Bu aralykda, şäher ýerlerinde ýaşaýjylar merkezleşdirilen suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadasyz iş tertibinden we ýaramaz hilinden şikaýat edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary günorta-gündogar sebitiň oba ýerlerinde we sebit paýtagtynda suw üpjünçilik ulgamlarynyň ýagdaýyny öwrendi. Читать дальше...

Çeşme: Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýaty saklanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýede häkimiýetleriň bikanun migrantlara garşy giň gerimli reýdleri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki çeşmeleri reýdlerde esasan erkek adamlaryň nyşana alynýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde azyndan 1 müň 500 türkmen raýatynyň saklanýandygyny habar berýärler. “Metrobuslardan, awtobuslardan düşeniňde, türk polisiýasy dessine bir ýerden tapylýar we resminamalary barlaýar. Читать дальше...

Türkmen türmesinde 18 ýyl oturan öňki emeldar azatlyga çykdy

Azathabar.com 

“Lebapgazçykaryş” müdirliginiň başlygy, “Türkmengaz” döwlet konseriniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Sapar Ýoldaşow 18 ýyllyk türme möhletini tamamlap, azatlyga çykdy diýip, Turkmen.news” neşiri habar berýär. Oňa 2006-njy ýylda, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmurat Nyýazow nebit-gaz toplumynyň birnäçe ýolbaşçysyny korrupsiýada aýyplap, wezipelerinden boşadanyndan soň iş kesilipdir. Şol wagtky baş prokuror Gurbanbibi Atajanowanyň tassyklamagyna görä, Ýoldaşow döwletden ogurlanan serişdeleri ulanyp... Читать дальше...

CPJ Bişkegi Kloop Mediany ýapmaga gönükdirilen çärelerden çekilmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) söz azatlygyny we garaşsyz habar bermegi bogmagyň "gözçykgynç we aýyp iş" boljakdygyny aýdyp, Gyrgyzystany hökümeti tankytlaýan metbugat guramasyny, korrupsiýa garşy derňew web sahypasy bolan Kloop Media jemgyýetçilik gaznasyny ýapmaga gönükdirilen hereketini togtatmaga çagyrdy. Kloop 28-nji awgustda alty gün ozal Gyrgyzystandaky işiniň togtadylmagy üçin görülýän çäre bilen habardar edilendigini aýtdy. Neşir bu çäräniň hökümeti tankytlaýan materiallary... Читать дальше...

Gabonyň harbylary häkimiýeti ele alandyklaryny aýdýarlar

Azathabar.com 

Gabonyň ýokary derejeli harby işgärleriniň bir topary 30-njy awgustda, döwlet saýlaw guramasy prezident Ali Bongonyň üçünji möhlete prezident saýlanandygyny yglan edeninden soň, milli telewideniýede çykyş edip, häkimiýeti ele alandyklaryny yglan etdi. Ofiserler telewideniýede eden çykyşlarynda özleriniň Merkezi Afrika döwletindäki howpsuzlyk we goranmak güýçleriniň ählisine wekilçilik edýändiklerini aýtdylar. Olar saýlaw netijeleriniň ýatyrylandygyny, goşmaça habar berilýänçä ähli serhetleriň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *