Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 29.08.2023

Maryda ýaşaýjylar üç aý ozal asfalty sökülen köçäniň heniz-de bejerilmezliginden şikaýat edýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň merkezi şäherinde abatlaýyş işleri sebäpli asfalty sökülen Marguş köçesi indi üç aýa golaý wagt bäri gaýtadan bejerilmeýär. Köçäniň ýaşaýjylary gum bilen örtülen ýoluň özleriniň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir edýändigini aýdyp, häkimiýetleriň köçäni abatlamazlygyna nägilelik bildirýärler. Azatlyk Radiosynyň bu barada 29-njy awgustda sebitden maglumat beren habarçysy şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda köçäniň bir tarapynyň uzak boýuna gazylyp, lagym turbalarynyň çekilendigini aýdýar. Читать дальше...

Türkmen raýatlary daşary ýurda gitmek üçin goşmaça synagdan geçmeli bolýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň daşyna çykmak isleýän türkmen raýatlaryndan edilýän talaplaryň sany we görnüşleri artdy. Täze talap wizasy bolan raýatlara degişli bolup, daşary ýurda gitmäge doly taýýarlyk gören adam MHM-niň işgärleri bilen söhbetdeş bolmaly we psihologik testden geçmeli. Daşary ýurtlara gitmek üçin wiza alan adamlar ýörite anketalary doldurmaly, synagdan geçmeli we daşary ýurtlara baranlarynda wiza möhleti dolmanka öz ýurduna dolanyp geljekdigi hakynda dilhaty ýazmaly. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky... Читать дальше...

Lebabyň ÝOJ-larynda soralýan paranyň möçberi ‘400 müň manada ýetdi’

Azathabar.com 

Türkmenistanda dalaşgärleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine (ÝOJ) okuwa kabul etmegi guramak hem-de giriş synaglaryny geçirmek işi tamamlandy. Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy we çeşmesi şu ýyl sebitiň ÝOJ-laryna okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden soralan paranyň möçberini anyklamagy başardy. Bu aralykda, okuwa kabul edilen ýaşlaryň birnäçesi özlerinden talap edilýän täze egin-eşikler üçin azyndan 10 müň manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýar. Bellesek, ýurduň ýokary... Читать дальше...

Möhüm seneleriň öňüsyrasynda, welaýat ýaşaýjylary Aşgabatdan kowulýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doglan gününiň hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, türkmen paýtagty içerki migrantlardan arassalanýar. Aşgabadyň polisiýa bölümleriniň 27-nji awgustda paýtagtdaky içerki migrantlara garşy geçiren reýdlerinde 500 töweregi welaýat ýaşaýjysy saklanyp, Aşgabadyň etegindäki wagtlaýyn gabawhana eltildi. Aşgabat möhüm seneleri we iri baýramçylyklary uly dabara bilen belleýär we şeýle çäreleriň fonunda, paýtagtdaky içerki migrantlar... Читать дальше...

Özbegistana 7 aýda 40 müňe golaý türkmenistanly syýahat etdi

Azathabar.com 

Şu ýylyň ýedi aýynda 40 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi diýip, türkmen metbugaty Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky döwlet statistika agentligine salgylanyp habar berdi. Bu görkeziji Türkmenistany şu ýyl Özbegistana syýahata baran raýatlarynyň sany boýunça 6-njy orunda goýýar. Habarda aýdylmagyna görä, ýylyň ýedi aýynda jemi 39,6 müň türkmenistanly goňşy ýurda syýahat edipdir. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Türkmenistan bu meselede ilkinji bäşlige girýän ýurtlardan, Täjigistandan (1 million 151 müň)... Читать дальше...

Azerbaýjanyň üstünden Polşa gazanç etmäge gidýän türkmenistanly köpelýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda dowam edýän agyr işsizlik şertlerinde Türkmenbaşydan paromly Bakuwa baryp, ol ýerden Ýewropa aşýan türkmenistanlylaryň sany köpelýär. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” Azerbaýjan metbugatyna salgylanyp ýamzagyna görä, şu ýylyň ýedi aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Azerbaýjana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany 3,8 esse köp bolupdyr. Habarda aýdylmagyna görä, Azerbaýjana gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy sany 1 million 143,6 müň adam bolan bolsa, türkmen raýatlary olaryň 1,2%-ini düzýär. Читать дальше...

Türkmen Mejlisinde ABŞ Kongresiniň Wekiller palatasynyň agzalary bilen duşuşyk boldy

Azathabar.com 

Türkmen parlamentinde ABŞ Kongresiniň Wekiller palatasynyň Aşgabada sapara gelen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi diýip, türkmen metbugaty 28-nji awgustda habar berdi. Duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, hususan-da parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda myhmanlaryň milli parlamentiň düzümi hem-de alyp barýan işleri bilen tanyşdyrylandygy aýdylýar. Wekiller palatasynyň wekiliýetiniň agzalary garaşsyz Türkmenistanyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *