Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 03.08.2023

Maglumat boşlugyndaky durmuş. Internetiň petiklenmegi dowam edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda internetiň has berk petiklenmegi dowam edip, maglumat elýeterliligi barha kynlaşdyrýar. Ilat garaşsyz habarlara we sosial ulgamlara girmekde kynçylyk çekýärkä, howa maglumatyny, lukmançylyk täzeliklerini we beýleki gündelik maglumatlary okamak mümkinçiliginden hem mahrum bolýar. Habarçylaryň we çeşmeleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Türkmenistanda Wikipediýa, onlaýn sözlükler, kitaphanalar ýaly internet resurslar, hem-de bilim we maglumat saýtlary elýeterli däl. "Aslynda, diňe bir 'türkmen habarlarynyň' däl... Читать дальше...

"Dalaşgärler iki topara bölündi: Para berenler we bermedikler"

Azathabar.com 

Türkmenistanda dalaşgärleri ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary dowam edýän mahaly, olarda okamaga isleg bildirýän raýatlardan para talap edilmegi bilen bagly ýagdaýlar saklanyp galýar. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, para bermedik raýatlar synaglardan geçirilmeýär diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren maryly ýaşlaryň birnäçesi gürrüň berdi. Ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi guramak hem-de giriş synaglaryny geçirmek işi şu ýyl... Читать дальше...

Türkmenabatlylar ýerli alkogolsyz gazly içgileriň we şerbetleriň hilinden ‘şikaýat edýär’

Azathabar.com 

Türkmenistanyň söwda tekjelerinde Coca-Cola alkogolsyz içginiň seýreklemegi bilen, bu brendiň adyna kybapdaş ýerli gazly suwlaryň dürli görnüşleri hödürlenip başlady. Coca-Cola içgisinden tas bäş esse arzan satylýan ýerli gaplanan suwlaryň hiliniň we tagamynyň has pesdigi bellenilýär. Şeýle-de, ýerli lukmanlar bularyň önümçiliginde doly barlagdan geçmedik serişdeleriň ulanylýandygyny, munuň hem soňy bilen onkologiýa hassalygyna ýol açyp biljekdigini duýdurýarlar. “1,5 litrlik Coca-Cola 25 manatdan satylsa... Читать дальше...

Hukuk topary: Eýranda syýasy sebäpler esasynda asylýan köpeldi

Azathabar.com 

Eýranda režimiň tankytçysy hasaplanylýan adamlaryň gorkuzylmagynyň we olardan öç alynmagynyň güýçlenmeginiň arasynda, syýasy äheňli aýyplamalar esasynda jezalandyrylyp öldürilýän adamlaryň sany hem soňky wagtlar kesgin ýokarlandy diýip, düýbi ABŞ-da ýerleşýän hukuk guramasy 2-nji awgustda aýtdy. Eýranyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän Adam hukuklary merkeziniň çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, soňky 10 aýyň dowamynda azyndan 17 eýranly, köpüsi ýaş adam asylyp öldürildi. "Jezalandyrylyp öldürilýänleriň... Читать дальше...

Özbek prokurorlary belli blogçy Muminowa 11 ýyl berilmegini soraýar

Azathabar.com 

Daşkendiň Mirabad etrabynyň kazyýeti blogçy Abdukodir Muminowyň garşysyna gozgalan jenaýat işini jemleýär. Oňa zorlap para almakda, ýalançylykda we başga galplykda aýyplamalar ýöňkelýär. 1-nji awgustda geçirilen diňlenişikde, prokuratura kazy Sardorbek Sadikowdan, blogçyny 11 ýyl türme tussaglygyna höküm etmegi sorady. Bu barada Gazeta.uz habar berdi. Ýatladyp geçsek, bu işde 14 adam ejir çeken hasaplanýar, şol sanda birnäçe telekeçi hem bar, olara ýetirilen zyýan 903,4 million suma barabar diýilýär. Читать дальше...

Gyrgyz prezidentiniň garyndaşynyň tussaglyk möhleti uzaldyldy

Azathabar.com 

Bişkek kazyýeti 2-nji awgustda prezident Sadyr Žaparowyň doganoglanynyň ogly Ulan Žaparowyň deslapky tussaglyk möhletini azyndan 26-njy sentýabra çenli uzaltmak kararyny çykardy. Ulan Žaparow iýul aýynyň başynda, Gyrgyzystanyň gümrük düzgüni bilen baglanyşyklydygy aýdylýan korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edildi. Žaparow geçen hepde telewideniýede beren interwýusynda hiç kimiň kanundan ýokarda durmaýandygyny we "para bilen baglanyşykly" bolan islendik adamyň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy. Читать дальше...

Türkmen, özbek we täjik prezidentleri Aşgabatda gepleşik geçirer

Azathabar.com 

4-nji awgustda Aşgabatda “Türkmenistan-Täjigistan-Özbegistan” görnüşinde, prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň, Emomali Rahmonyň we Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üç taraply sammit geçiriler. Türkmen metbugaty paýtagtyň ýetip gelýän çärä ýokary derejede taýýarlyk görýändigini, şäheri abadanlaşdyrmak, köçeleri we binalary bezemek, myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek tagallalarynyň edilýändigini habar berýär. Şeýle-de, ýokary derejeli duşuşykda gol çekilmeli resminamalaryň taýýarlanylýandygy habar berilýär. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *