Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Август
2023
1 2 3 4 5
6
7 8 9 10 11 12
13
14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31

Новости за 21.08.2023

‘Türkmenhowaýollarynyň’ işgärleri günde 12 sagada çenli işledilýändiklerini, ýöne goşmaça hak tölenmeýändigini aýdýar

Azathabar.com 

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň ençeme işgäri soňky ýyllarda iş orunlarynyň yzygiderli kemeldilmeginiň, özleriniň iş ýüküniň dowamly artmagyna getirendigini aýdýar. Olar munuň özleriniň hem maşgala durmuşyna, hem-de saglygyna juda ýaramaz täsir edýändigini belleýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji awgustda Aşgabatdan maglumat berdi. “2017-nji ýyldan bäri işgärleriň sany yzba-yz kemeldilýär. Şonuň üçin öň üç işgäriň eden işini indi bir işgär edýär, ýagny bir adam üç wezipe ýüklenýär” diýip... Читать дальше...

Häkimiýetler Balkanda dindarlaryň öýüni dökýär, dini eserleri ýygnaýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we adybir etrapda häkimiýet wekilleri yslam dinine berk uýmakda güman edilýän hojalyklara aýlanyp, olaryň öýlerini dökýärler we Gurhan kitabyndan daşgary dini eserleriň ählisini ýygnaýarlar. Sebitde 18-19-njy awgust günleri dindarlara garşy şeýle kampaniýalar geçirildi we birnäçe hojalygyň dini eserleri häkimiýet wekilleri tarapyndan alnyp gidildi. Öýleri dökülen sebit ýaşaýjylarynyň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde öýlerde dini mazmunly kitaplaryň... Читать дальше...

Türkmenistan Britaniýa bilen aradaky söwdany ösdürýär

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen Britaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň aprel aýyndan şu ýylyň aprel aýyna çenli aralykda 52 million funt sterlinge barabar bolup, geçen döwür bilen deňeşdirilende 30% ýa-da 12 million funt sterling artdy diýip, “Biznes Türkmenistan” Britaniýanyň işewürlik we söwda departamentine salgylanyp habar berýär. Hasabat döwründe Britaniýanyň Türkmenistana eden eksportynyň umumy bahasy 37 million funta deň boldy. Bu döwürde Britaniýanyň Türkmenistandan eden importy öňki... Читать дальше...

Türkmenistan, Wengriýa gaz üpjünçiligi babatynda ‘syýasy ylalaşyk’ gazandy

Azathabar.com 

Türkmenistan we Wengriýa ýekşenbe güni Budapeştde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde gaz üpjünçiligi babatynda ylalaşyk gazandy diýip, “Trend” habarlar gullugy 20-nji awgustda habar berdi. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wengriýanyň premýer ministri Wiktor Orbanyň çakylygy boýunça Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle-de ýurduň milli baýramy – Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýada iş saparynda bolýar. Читать дальше...



Marynyň täze balyk hojalyklary özlerine azar berilýändigini, telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny aýdýarlar

Azathabar.com 

Soňky aýlarda Mary welaýatynda mellek ýerlerinde howuz gazyp, balyklary emeli usulda köpeldýän täze balyk hojalyklarynyň sanynyň artandygyny synlasa bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär. Ýöne ýaňy aýaga galmaga çalyşýan täze hojalyklar kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň özlerine yzygiderli “azar berýändigini” , telekeçilik işleriniň howp astyndadygyny aýdýarlar. “Geçen ýyldan başlap Ýolöten we Türkmengala etraplarynda mellek ýeri bolan adamlaryň ençemesi howuz gazyp... Читать дальше...

Býujetçiler, esgerler mejbury pagta ýygymyna çekilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda býujetçiler, şol sanda bilim we saglyk işgärleri ýakynda başlanan pagta ýygymyna köpçülikleýin we ýatymlaýyn çekilýärler. Habarçylarymyz meýdanlarda ýetişen gowaçanyň azdygyny aýdýarlar. “20-nji awgustda Lebap welaýatynyň döwlet işgärleriniň tas ählisi pagta ýygymyna çekildi. Olaryň arasynda mugallymlar, lukmanlar, şeýle-de muzeý, kitaphana, wokzal, aeroport işgärleri hem bardy. 40 graduslyk yssyda hepdäniň dowamyndaky ýekeje dynç günümizi meýdanda geçirdik. Häkimligiň işgärleri aýlanyp... Читать дальше...

Daşkent bilen Budapeştiň arasynda göni uçar gatnawy açyldy

Azathabar.com 

20-nji awgustda Daşkent bilen Budapeştiň arasynda göni uçar gatnawy açyldy. Bu ylalaşyk Özbegistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek kararyna gelen döwletara şertnamalarynyň esasynda gazanyldy. Wengriýanyň daşary işler ministri Piter Siýarto 18-nji awgustda Budapeştde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edip, Daşkentden ugran ilkinji uçaryň 20-nji awgustda Budapeştde gonjakdygyny, sentýabr aýynyň ortalaryndan bolsa Daşkent bilen Budapeştiň arasyndaky göni... Читать дальше...

Daşkent Aşgabady “akylly” gaz hasaplaýjy bilen üpjün eder

Azathabar.com 

“Türkmengaz” döwlet konserniniň wekilleri Özbegistanyň paýtagtyndaky “Technopark” kärhanasyna baryp, özara söwdany we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.  Hökümetçi “Türkmenportal” neşiri bu maglumaty özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär. Konserniň wekilleri önümçilik prosesi, “Technoparkyň” işleri bilen tanyşdylar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary önümleriň hili, laboratoriýa synaglary barada jikme-jik maglumat berdiler. Şeýle-de, habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä... Читать дальше...

Türkmen prezidenti Wengriýa sapar edip, hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy, dabaralara gatnaşdy

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji awgustda türkmen wekiliýetine baş bolup, Wengriýa sapara bardy we ol ýerde ilki premýer-ministr Wiktor Orban bilen başa-baş gepleşik geçirdi, soň bu duşuşyk giňişleýin düzümde, iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. TDH Berdimuhamedowyň saparynyň Budapeştde Ýeňil atletika boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna, şeýle-de ýurduň Milli baýramyna — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gabat guralandygyny belleýär. ... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *