Tramp saudlylary Eýran urana meňzeýär diýýär, gaýtawula taýýarlanýar
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 16-njy sentýabrda hepde ahyrynda Saud Arabystanynyň nebit desgalaryna edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň duran bolmak ähtimallygy barha ýokarlanýar diýdi. Ýöne ol muňa doly ynanardan entek irdigini hem sözüne goşdy.
Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň uruş islemeýändigini aýtdy, emma ýurduň Pars aýlagy sebitindäki esasy ýaranyna, eger-de kimiň jogapkärdigi “gutarnykly” kesgitlense, hüjüme garşy durmaga kömek bermekde taýýardygyny aýtdy.
“Men hiç kim bilen uruş islemeýärin, emma biz taýýar” diýip, Tramp Waşingtonda žurnalistlere aýtdy.
“Biz Ýewropa bilen hem gepleşýäris, iş salyşýan ýurtlarymyzyň köpüsi bilen, goý, ol Fransiýa bolsun, Germaniýa bolsun, ýa başgasy, biz olaryň näme pikir edýändigini bilmek üçin köp adam bilen gürleşýäris” diýip, Tramp aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo eýýäm Eýrany günäkärledi.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Maýk Esper hem 16-njy sentýabrda, Birleşen Ştatlar hemra şekillerini çap edeninden soň, 14-nji sentýabrdaky hüjümleriň arkasynda Eýranyň durandygy barada aýdylan aňtaw maglumatlaryny goldady.
Eýran bu aýdylýanlary ret edýär, Ýemeniň eýran goldawyndaky huti pitneçileri bu dron hüjümleriniň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.