Amerikan resmisi gazak jemgyýetçilik birleşiginiň ahyry hasaba alynmagyny gutlaýar
ABŞ-nyň Döwlet departmanetiniň ýokary derejeli resmisi Gazagystanyň häkimiýetleriniň “Atajurt epiktileri” jemgyýetçilik birleşigini resmi hasaba almaklaryny gutlady.
Bu birleşik Hytaýyň Sinjiaň welaýatyndaky etniki azlyklaryň ýanalyşy barada maglumat toplaýar we Hytaýda ýaşaýan gazaklara hukuk goldawyny berýär.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirýän Elis Wells twitterde Gazagystanyň ýustisiýa organlarynyň bu birleşigi resmi hasaba almagyny gutlaýandygyny ýazdy.
Ol indi bu guramanyň agzalarynyň “Sinjiaňdaky problemalary beýan etmek missiýalaryny dowam etdirip biljekdiklerini” aýtdy. “Atajurdyňky” ýaly güýçli halkara sesleri bu global krizisi togtatmak üçin zerur” diýip, amerikan resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.
“Atajurt epiktileri” guramasynyň agzalary şu hepde öz guramalarynyň Almatydaky ýustisiýa bölüminde hasaba alnandygyny aýtdylar. Ozal, dokumentleriniň kanunçylyga laýyk gelemeýändigini aýdyp, bu guramany hasaba almakdan birnäçe gezek ýüz öwrüpdiler. “Atajurt epiktileri” bu kararyň üstünden suda şikaýat etdi, emma hasaba alandnan soň, arzasyny yzyna aldy.
Şu aralykda “Hytaý tribunaly” atly garaşsyz gurama BMG-niň Adam hukuklary geňeşine Hytaýda dini we etniki azlyklaryň wekilleriniň organlarynyň zor bilen alnyp, başga adamlara satylýandygy hakynda maglumat berdi.
“Independent” gazetiniň ýazmagynagörä, aklawçy Hamid Sabi 24-nji sentýabrda Ženewada, BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde Hytaýda adam organlarynyň zorlukly alnyşy boýunça geçiren derňewleriniň netijeleri barada çykyş etdi.
“Hytaý tribunaly” guramasynyň maglumatyna görä, Hytaý falungun dini toparynyň wekilleriniň organlaryny almak, şeýlelikde olary öldürmek bilen pesinden 20 bäri meşgullanýar we bu iş häzir hem dowam etdirilýär.