Demirgazyk Kiprdäki türkmenler ýene protest geçirdi (WIDEO)
Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary Türkmenistanyň häkimiýetlerine nägilelik bildirip nobatdaky protest çäresini geçirdiler.
Internetde ýerleşdirilen wideolarda 20-nji maýda onlarça demonstrantyň Türkmenistanyň welaýatlarynyň atlary ýazylan we “Prezident wezipesinden çekilsin” şygarly plakatlary göterip duran, şeýle-de döwlet resmileriniň adaty adamlar babatynda ýeterlik alada etmeýändigine nägilelik bildirip çykyş edýän pursatlaryny synlasa bolýar.
Proteste gatnaşyjylar Türkmenistanda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyna, resmileriň diýdimzorlugyna, şeýle-de mundan üç hepde töweregi ozal ýurduň gündogar sebitlerinde turan apy-tupanda ejir çeken ilata ýeterlik ýardamyň edilmeýändigine ünsi çekdiler.
Mundan ozal, ýagny 11-nji maýda hem Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmenler türkmen häkimiýetlerine garşy nägilelikli protest çäresini geçiripdiler.
Maý aýynyň başyndan bäri ABŞ-da, Türkiýede ýaşaýan türkmenler hem protest aksiýalaryny gurnadylar.
Ilatyň nägilelik bildirip, protest çykyşlary Türkmenistanyň özünde-de geçýär.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky ýiti ykdysady krizisiň arasynda adamlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ýüze çykan tebigy harasatlary we onuň weýrançylyklary barada dymmagyny dowam etdirýär.
Munuň deregine, türkmen resmileri hökümet maslahatlarynda “ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň üpjün edilýändigini” ynandyrmaga synanyşýarlar.