Russiýada harby parad iýunda geçiriler
Russiýa Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýanyň üstünden gazanylan ýeňişiň 75-nji ýyl dönümi mynasybetli öňümizdäki aýda harby parady geçirer. Bu aralykda, ýurtda her gün koronawirusyň müňlerçe täze ýagdaýlary ýüze çykarylýar.
Prezident Wladimir Putin parady 24-nji iýunda geçirmegi we goranmak ministri Sergeý Şoýgu munuň bilen baglylykdaky taýýarlyklary görmegi tabşyrdy.
Russiýada, adatça, her ýylyň 9-njy maýynda, köp sanly tomaşaçynyň hem gatnaşmagynda, uly harby parad geçirilýär.
Emma aprel aýynda Putin koronawirus aladalary sebäpli parady has soňa geçirmek barada görkezme beripdi.
Russiýada koronawirus bilen bagly ýüze çykarylýan täze ýagdaýlar peselse-de, umumy görkezijiler ýokary bolmagynda galýar.
Russiýa 26-njy maýda wirusa ýolugan 8 müň 915 täze ýagdaýyň hasaba alnandygyny aýtdy. Russiýada wirus bilen kesellänleriň umumy sany 362 müň bolup, ol dünýä boýunça üçünji uly görkezijidir.
Rus resmileri 26-njy maýda soňky 24 sagadyň dowamynda 174 adamyň ölendigini hem mälim etdiler. Bu bir günüň dowamynda adam ýitgileri babatynda hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Russiýada wirusdan 3 müň 807 adam öldi.