Moskwanyň sudy Nawalnynyň şertli tussaglygyny türme tussaglygyna öwürmek boýunça diňlenişige başlady (WIDEO)
Moskwanyň sudy tussaglykda saklanýan oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakyky türme möhletine öwürmek boýunça diňlenişige başlady. Bu syýasy äňeňli iş hasaplanýar.
Sud diňlenişigi Nawalnynyň tussag edilmegi boýunça halkara tankytlaryň we Nawalnyny goldamak üçin soňky iki hepdäniň aýagynda Russiýanyň dürli künjeklerinde onlarça müň protestçiniň köçelere çykmagynyň arasynda geçirilýär. Protestler soňky onýyllygyň dowamynda prezident Wladimir Putine garşy geçirilen iň uly demonstrasiýalaryň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Nawalnynyň özi hem sud diňlenişigine getirildi. Mundan ozalky diňlenişikde ol deslapky tussaghanadan wideo arkaly görkezilipdi.
Sud diňlenişi başlanmazyndan ozal, Nawalny suduň zalyna gelen aýaly – Ýuliýa ýüzlenip, ony alkyşlady. Mundan bir gün öň, Ýuliýa adamsynyň azat edilmegini talap edip geçirilen protestlere gatnaşany üçin jerime salnypdy.
“Olar seniň jemgyýetçilik tertip-düzgünini berk bozandygyňy we ýaramaz gyz bolandygyňy aýdýarlar. Men saňa guwanýaryn” diýip, Nawalny aýtdy.
44 ýaşly Kreml tankytçysy we korrupsiýa garşy göreşiji Germaniýadan Russiýa dolanan güni 17-nji ýanwarda tussag edildi. Ol nerw agenti bilen zäherlenenden soň Germaniýada bejergi aldy. Nawalny we onuň goldawçylary ony Putiniň buýrugy bilen FSB-niň zäherländigini aýdýar.
Kreml Nawalnyny FSB agentleriniň zäherländigi baradaky jikme-jik subutnamany ret etdi we onuň boşadylmagy boýunça edilen çagyryşlardan boýun towlady.
Russiýa dolanan gününiň ertesi polisiýa bölümindäki bir wagtlaýyn kazyýet Nawalnynyň, 2-nji fewralda geçiriljek sudy başlaýança, 30 gün möhlet bilen deslapky tussaglykda saklanmagyny buýruk berdi.
Prokurorlar 2014-nji ýylda “ogurlyk” aýyplamalary bilen çykarylan şertli tussaglyk höküminiň şertlerini Nawalnynyň bozandygyny aýdýarlar. Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti bu iş “eden-etdilikli we görnetin esassyz” diýen netijä gelipdi.
Nawalny geçen ýyl Germaniýada bejergi alandygy sebäpli, türme gulluklaryna hasabat bermäge mümkinçiliginiň bolmandygyny aýdýar.
“Haýsy esasda siz meniň nirededigimi bilmändigiňizi aýdýarsyňyz? Siz sudy ýalňyş ýola gönükdirýärsiňiz” diýip, Nawalny türme gullugynyň resmilerine ýüzlendi. Rus resmileri Nawalnynyň habarlaşyp, öz ýagdaýlary barada resmi ýagdaýda habar bermäge borçly bolandygyny aýdýarlar.
Moskwanyň Şäher sudunyň daşynda polisiýa ýerleşdirildi. Suduň binasyna barýan köçeleriň ençemesi petiklendi.
Garaşsyz “OWD-Info” gözegçi topary suduň binasynyň daşynda häzire çenli 237 adamyň saklanandygyny aýdýar.
Bu aralykda, Kreml Günbatar diplomatlaryny Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny 3,5 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna öwrülmegine seredýän suda täsir ýetirmek synanyşyklarynda aýyplady.
“Diplomatlar suda basyş etmek synanyşyklary hökmünde häsiýetlendirip boljak hereketlere baş goşmaly däldir” diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow aýtdy. Ol suduň binasynyň daşynda diplomatiki belgili ulaglaryň durandygyna hem ünsi çekdi. Diplomatlaryň sud diňlenişiginiň geçýän ýerine girip-girmändigi belli däl däl.
Peskow Russiýanyň Nawalny babatyna dialoga taýýardygyny aýtdy, emma onuň Günbataryň tankytlaryny kabul etmejekdigini hem sözüne goşdy.
Nawalnynyň tussag edilmegi we protestleriň basylyp ýatyrylmagy halkara ýazgarmalara sezewar boldy. Günbatar resmileri Nawalnynyň azatlyga goýberilmegine çagyrýarlar we demonstrantlaryň tussag edilmegini ýazgarýarlar.