Omskde, zäherlenen Nawalnynyň getirilen hassahanasynyň başlygynyň orunbasary öldi
Omskiniň Alekseý Nawalnyny bejeren 1-nji “Tiz kömek” hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary 55 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada hassahananyň web sahypasynda habar berildi.
Sergeý Maksimişin keselhanada anesteziologiýa we reanimasiýa boýunça orunbasar bolup işleýärdi.
Orsýetiň “Open Media” habar gullugy sebitiň saglyk bölüminiň metbugat gullugyna salgylanyp, onuň öz işleýän bölüminde ýürek keselinden aradan çykandygyny habar berdi. Nawalny awgust aýynda zäherlenenden soň, Germaniýa alnyp gidilmezinden öň şol bölümde bejergi aldy.
Rus oppozisioneri bu hassahana Omsk howa menzilinden, “Tiz kömek” ulagy bilen getirildi. Ol Moskwa uçup barýan wagtynda erbet näsaglady we ony alyp barýan uçar gyssagly gondy. Başda lukmanlar oppozisiooneriň bu ýagdaýa düşmegine zäherlenmäniň sebäp bolandygyny dilden sypdyrdylar, ýöne soň muny ret etdiler.
Şol bir wagtda, hassahanada Içeri işler ministrliginiň we Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) ýokary derejeli işgärleri göründi.
Oppozisoneriň egindeşleri hassahananyň ýolbaşçylaryny Nawalnynyň Moskwada bejergi almagyna rugsat bermezlikde günäkärledi. Lukmanlar munuň üçin ilki näsagyň ýagdaýyny durnuklaşdyrmalydygyny aýdyp, öz diýenlerine tutdular.
Noýabr aýynda №1 “Tiz kömek” hassahanasynyň öňki baş lukmany Aleksandr Murahowskiý Omsk sebitiniň Saglygy goraýyş bölüminiň başlygy wezipesine bellendi. Ol bu wezipä bellenmezinden öň, kandidaturasynyň ylalaşylmagy üçin Moskwa uçdy. “Gorod55” neşiri ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, bu derejedäki ýolbaşçylaryň wezipä bellenmeginiň ozal Moskwada ylalaşylmandygyny, munuň adaty zat däldigini aýtdy.
Oppozisioner hassahanada bolan döwründe Murakowskiý, hususan-da, metbugat bilen aragatnaşyga jogapkär bolupdy.