NATO ministrleri Owganystandaky ýagdaýlary maslahat edýärler
NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleri 18-nji fewralda, “Talyban” bilen gelnen ozalky ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, şeýle-de Owganystanda gazaplylygyň geriminiň artmagynyň arasynda, halkara güýçlerini bu ýurtdan apreliň aýagyna çenli çykaryp-çykarmazlyk meselesini maslahat edýärler.
Bu ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň ýanwarda häkimiýet başyna geçeninden soňra NATO-nyň goranmak ministrleri derejesindäki ilkinji maslahaty bolup, ol iki gün dowam edýär.
17-nji fewralda açylan maslahatyň dowamynda Ýaranlygy döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan reformalaryň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.
18-nji fewralda NATO-nyň Yrakdaky missiýasy hem ara alnyp maslahatlaşylar.
Baýdeniň administrasiýasy Birleşen Ştatlaryň ABŞ-“Talyban” ylalaşygyna täzeden garap, jeňçi toparynyň öz üstüne alan, şol sanda ok atyşyklary bes etmek boýunça ylalaşyga gelmek, şeýle-de owgan hökümeti bilen manyly gepleşikleri geçirmek borçnamalaryny ýerine ýetirip-ýetirmeýändigini seljerýändigini aýtdy.
Ylalaşyga laýyklykda, jeňçi toparynyň Owganystanda howpsuzlygy kepillendirmeginiň öwezine, maýa çenli ýurtdan ähli halkara güýçleri çykarylmaly. “Talyban” hem öz gezeginde “Al-Kaýda” ýaly toparlar bilen baglaryny kesip, howpsuzlygy kepillendirmeli.
Sentýabrda owgan we “Talyban” araçylarynyň arasynda Katarda gepleşikleriň başlanmagyna garamazdan, Owganystanda gazaplylygyň gerimi artdy, netijede NATO güýçleriniň ýurtdan gereginden has ir çykarylýandygy baradaky aladalar hem döredi.
Maslahatyň öňýany Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer çykyş edip, halkara güýçlerini doly çykarar ýaly, parahatçylyk gepleşiklerinde ýeterlik öňegidişligiň gazanylmandygyny aýtdy.
Mundan iki gün öň, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg çykyş edip, maýa çenli halkara güýçleriniň çykarylmagy üçin, “Talyban” jeňçileriniň Birleşen Ştatlar bilen gelen ylalaşygyna laýyklykda öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda has köp tagalla etmelidigini aýtdy.
NATO-nyň goranmak ministrleri maslahatyň 18-nji fewralda tamamlanmagy bilen, uly, möhüm bildiriş bilen çykyş etmezler.