Türkmenistanda daşary ýurtlaryň tölegli satellit TW kanallaryny çäklendirmek işleri dowam edýär
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ‘kartşeýring’, ýagny ‘kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän daşary ýurt telewizion kanallary doly petiklendi.
Mundan ozal, iýunyň ortalarynda garaşsyz turkmen.news neşiri Türkmenistanda esasan rus telekanallaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berýän bikanun usulyň, kart paýlaşma hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän TW kanallarynyň petiklenendigini habar beripdi.
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda şeýle hyzmatlardan peýdalanýan birnäçe ýaşaýjy häzirki wagtda özleriniň tölegli daşary ýurt TW kanallarynyň doly petiklenendigini aýdýarlar.
Maglumata görä, sebitde käbir elektronika ussalary ýylda 200 manat töleg bilen hojalyklara daşary ýurt döwletleriniň telewizion kanallaryny gurnap berýän ekeni.
Bellenilişi ýaly, mundan ozal, tölegli ‘kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly Internet toruna baglanýan týunerler bilen, bikanun ýagdaýda, esasan rus telekanallaryna tomaşa edilmegi we soňra bolsa şeýle mümkinçiligiň petiklenilip başlanmagy barada habarlar peýda bolupdy.
Garaşsyz turkmen.news neşiri iýunyň ortalarynda “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna ýakyn bir çeşmä salgylanyp, degişli satellit telewizion kanallarynyň ýörite petiklenendigini habar beripdi.
Maglumat üçin aýdylsa, ‘kart paýlaşma’ hyzmatlaryny hödürleýän taraplar, kanuny ýagdaýda daşary ýurt döwletiniň, meselem, Russiýanyň “Telekarta” ýaly teleýaýlym hyzmatyna abuna ýazylýarlar we özleriniň TW kartasyndaky maglumatlary bikanun ýagdaýda, tölegli görnüşde üçünji taraplar bilen paýlaşýarlar. Şeýlelikde, ‘kart paýlaşma’ hyzmaty arkaly telewizion kanallara tomaşa etmek mümkinçiligi hödürlenýär. Ýöne, munuň üçin, bikanun hyzmatdan peýdalanyjynyň kabul ediji enjamy, týuneri Internet toruna baglanyp bilmeli.
Şeýle hyzmatlardan Türkmenistanda peýdalanylmagynda ýerli elektronika ussalary araçylyk edýän ekeni.
“Daşary ýurt TW kanallaryny bir ýyllyk satyn alan adamlar geçen aýyň ahyrynda kanallaryň bölekleýin ýapylandygyny, indi bolsa düýbünden görkezmeýändigini aýdýarlar. Olaryň 200 manat bolan ýyllyk tölegleri köýdi” diýip, bir sebit ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Telewizion kanallaryň gurnalmagyna ýardam beren elektronika ussalary özleriniň müşderilerden has köp zyýana galýandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi arkaly efire berilýän gepleşikler içgysgynç hasaplanýar. Ýurt raýatlary esasan rus ýa-da türk telewizion kanallaryna tomaşa etmäge ýykgyn edýärler. Habar almak mümkinçiligi çäklendirilýän raýatlar dünýä arenasynda bolup geçýän wakalara esasan rus ýa-da türk telekanallarynyň nazary bilen syn edýärler.
Bu aralykda, Türkmenistanda “Älem TW” satellit we onlaýn telewideniýe operatory hem tölegli daşary ýurt telekanallaryny hödürleýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan käbir sebit ýaşaýjylary özleriniň daşary ýurt telekanallarynyň petiklenilmegine Türkmenistanyň özüniň “Älem TW” satellit we onlaýn telewideniýe operatoryna tomaşaçy we müşderi çekmek synanyşygy hökmünde düşünýändiklerini aýdýarlar.
“Älem TW arkaly adamlaryň görýän daşary ýurt telekanallaryny saýlap görkezmekçi bolýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu hyzmatyň üsti bilen häzirki wagtda birnäçe daşary ýurt döwletiniň satellit kanallary, şol sanda Russiýanyň käbir federal kanallary we türk kanallary hödürlenýär.
Türkmen metbugatyna görä, “Älem TW” ýerli ulanyjylara aýlyk 40 manada “Sada”, 50 manada “VIP” bukjalaryny hödürleýär.
Türkmenistanly telewideniýe muşdaklary täze petiklemeler bilen özleriniň tomaşa edýän gyzykly kanallaryny ýitirýändiklerini aýdýarlar.
Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň çanak antennalaryndan peýdalanmagyna garşy geçirýän çärelerini hem wagtal-wagtal güýçlendirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.