Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Июль
2023

Özbegistanda türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň sany dört ýylda üç esse köpeldi

0
Özbegistanda türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň sany köpelýär. Ýokary kazyýetiň çap eden hasabatyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli aralykda kazyýetiň karary bilen azatlykdan mahrum edilen adamlaryň sany üç esse köpeldi.


2019-njy ýylda 6,955 adam türme tussaglygyna höküm edilen bolsa, 2022-nji ýylda 17,610 adam azatlykdan mahrum edildi diýip, hasabatda aýdylýar.


Soňky dört ýylda ýurtda ýüz urulýan agyr jenaýatlaryň hem sany köpeldi. Mysal üçin, 2019-njy ýylda bilkastdan adam öldürmek we zorlamak bilen bagly jenaýatlaryň sany 154 bolan bolsa, 2022-nji ýyla çenli bu hili jenaýatlaryň sany degişlilikde 422 we 170 boldy.


Ýokary kazyýetiň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda 27 292 adama azatlykdan mahrum etmek jezasy berlen bolsa, 2022-nji ýylda bu hili jeza berlen adamlaryň sany 79,271-e ýetdi. Şu ýylyň birinji çärýeginde bolsa 18244 adam türme tussaglygyna höküm edildi.


2019-njy ýyldan 2023-nji ýylyň martyna çenli aralykda Özbegistanda jemi 11 adam ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.














Музыкальные новости






















СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *