Türkmenistan Andijanda öndürilen “Nike” aýakgaplaryny import edýär
Türkmenistan Özbegistanda “Sino International” tarapyndan öndürilen “Nike” aýakgaplaryny import edýär.
Türkmen metbugatynyň “Uzdaily” neşirine salgylanyp beren habaryna görä, Özbegistan häzir “Nike” maşgalasynyň öndürijileriniň hataryna goşuldy we özbek hünärmenlerine kompaniýanyň hytaý şahamçasynyň tehnologlary, dizaýnerleri we tikinçileri tälim berýär.
Häzir “Sino International” günde 6000 jübüt aýakgap öndürýär we, kompaniýa strategiýasyna laýyklykda, Özbegistanda öndürilen aýakgaplar Merkezi Aziýanyň, Pakistanyň we soňra Ýewropanyň bazarlaryna iberiler diýip, habarda bellenýär.
Türkmenistan soňky onýyllyklarda daşary ýurtlardan import edilýän arzan, hil taýdan pes önümleriň bazaryna öwrüldi, sebäbi ilatyň gowy hilli, gymmat harytlary satyn almak ukyby ýyl-ýyldan peselýär diýip, synçylar aýdýar.
Şol bir wagtda, türkmen kärhanalarynyň içerki bazary zerur we gowy hilli harytlar bilen üpjün edip bilmeýändigi, türkmen telekeçileriniň uly çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy habar berilýär.