Gurbanguly Berdimuhamedow 'ajaýyp goşgy' ýazdy
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 17-nji awgustda Aşgabat şäheri boýunça iş saparyna çykyp, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan işler, paýtagty ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Prezident bolan döwründe birbada üç dilde onlarça kitabyny çap etdiren Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň türkmen halkyny, hususan-da ýazyjy-şahyrlary buýsandyrýandygyny aýtdy. Şeýle-de ol 1-nji sentýabrda ýurduň teatrlarynda Magtymguly Pyragy baradaky oýunlaryň goýulmagynyň, olara okuwçy ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny ýatlatdy.
Tejribeden mälim bolşy ýaly, bu ýurduň mekdepleriniň we beýleki okuw jaýlarynyň okuwçylarynyň tomaşaçy çekip bilmeýän teatrlaryň biletlerini mejbury satyn almaly boljakdygyny aňladýar.
Mundan başga, prezident döwründe aýdymçy şahyr hökmünde hem tanalan Berdimuhamedow dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada goşgy ýzanadygyny aýtdy.
Türkmen metbugaty onuň “bu ajaýyp goşgusyny okap berendigini” habar berýär.
Täze goşgy şol günüň özünde çap edildi, ýöne häzirlikçe onuň aýdyma öwrülendigi ýa başga dillere terjime edilendigi belli däl.
G.Berdimuhamedow bu gogusy çap edilmezinden bir gün öň prezident Serdar Bermuhamedowy Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlap, Halk maslahatynyň adyndan gutlag hatyny ýazdy we ol hem türkmen metbugatynda çap edildi.