Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 17.04.2021

Hepdäniň jemi #16 (17.04.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmen prezidentiniň täze wezipesi we ýurtda emele gelen syýasy-ykdysady ýagdaýlaryň mümkin bolan netijeleri, jemgyýetçiligiň öňünde duran wezipe-borçlar baradaky söhbetimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

ABŞ-daky demokratlar Ýokary kazyýetdäki kazylaryň sanyny köpeltmek isleýär

Azathabar.com 

ABŞ Kongresindäki demokratlar Ýokary kazyýetiň kazylarynyň sanyny dokuzdan 13-e çenli köpeltmek üçin kanun taslamasyny hödürlemegi planlaşdyrýar. ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden biraz öň Ýokary kazyýeti özgertmek meselelerini öwrenjek komissiýa döretmek baradaky karara gol çekdi. Bu komissiýa ýarym ýyl işlär. Beýleki özgertmeler bilen bir hatarda Ýokary suduň kazylarynyň sanyny köpeltmek hem nazarda tutulýar. ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde häzir alty sany konserwatiw garaýyşly kazy bar. Demokratlaryň pikiriçe... Читать дальше...

Atasy ‘ussat halypa seýis’ boldy, ogly onuň ornuny aldy

Azathabar.com 

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti wezipesinden boşamak karary onuň ‘döwlet işleriniň köpdügi’ bilen düşündirilse, kiçi Berdimuhamedowyň ýene bir pudaga başlyk 'saýlanmagy' onuň ‘köpýyllyk tejribesi, ýokary guramaçylyk ukyby' bilen düşündirilýär.

Derňewçiler  Putiniň ýene bir gizlin mülküniň üstüni açdy

Azathabar.com 

Prezident Wladimir Putiniň dosty Ýuriý Kowalçuk Orsýetiň Nowgorod sebitindäki Waldaý şäherinde 100 gektar ýeri ýurduň prezident diwanyna kärendesine berýär - bu ýerde Putiniň ýaşamagy we dynç almagy üçin gurlan binalar ýerleşýär diýip, syýasatçy Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy göreş gaznasy habar berýär. Derňewde aýdylmagyna görä, demirgazyk bölekdäki 150 gektar ýer, ammarlaryň, garažlaryň, angarlaryň we uly bolmadyk myhmanhanalaryň ýerleşýän künjegi Orsýet Federasiýasyna degişli bolup, Federal... Читать дальше...

Gyrgyz resmileri COVID-19-a garşy göreşde zäherli kök ulanmagy wagyz edýär

Azathabar.com 

Gyrgyz häkimiýetleriniň COVID-19 bejergisi üçin zäherli kök ulanmak wagzy merkezi aziýa ýurdunda tankyt bilen garşylandy. Saglygy goraýyş ministri Alymkadyr Beýşenaliýew 16-njy aprelde geçiren metbugat ýygnagynda koronawirus ýokuşan 300 näsaga akonit kökünden alnan erginiň  derman hökmünde berlendigini habar berdi. Şeýle-de, Beýşenaliýew žurnalistleriň öňünde zäherli kökden ýasalan dermany içip görkezdi we onuň diňe gyzgyn ýagdaýynda ulanylmalydygyny, eger şeýdilse, koronawirus ýokuşan näsagyň derrew, iki-üç günde gowulaşjakdygyny aýtdy. Читать дальше...

Raul Kastro Kuba Kommunistik partiýasynyň başlyklygyndan çekildi

Azathabar.com 

Raul Kastro Kubanyň Kommunistik partiýasynyň başlygy wezipesinden çekildi, bu 1959-njy ýyldaky rewolýusiýada Fidel häkimiýeti ele alanyndan soň ýurduň ilkinji gezek Kastrosyz dolandyryljakdygyny aňladýar. 89 ýaşly Raul Kastro bu habary 16-njy aprelde, Kubanyň dolandyryjy partiýasynyň 8-nji gurultaýynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy.  Ol "öz wezipesini ýerine ýetirenden" soň pensiýa çykýandygyny habar berdi. Ol telewideniýede berlen ýüzlenmesinde näçe ýaşasa, şonça uly güýç bilen watanyny... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *