Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 24.04.2021

Hytaý Kommunistik partiýasynyň Sinjiaňdaky resmisi 'genosid' aýyplamasyny ret edýär

Azathabar.com 

Hytaý Kommunistik partiýasynyň Sinjiaň sebitindäki metbugat sekretary şu hepde britan kanun çykaryjylarynyň Hytaýdaky uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna çemeleşilini genoside deňemegini "düýbünden esassyz" we "faktlara ters gelýän" aýyplama hökmünde tankyt etdi. Azyndan 1 million uýgur we esasan musulman azlyklaryndan bolan adam Sinjýaňdaky lagerlerde tussaglykda saklanylýar diýip bilinýär. Bu ýerde bir topar hukuk bozmalar, şol sanda aýallary zor bilen önelgesiz etmek, mejbury zähmet we... Читать дальше...

Hepdäniň jemi #17 (24.04.2021 ý.)

Azathabar.com 

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda at we it wagzy; Aşgabadyň inwestisiýa, maýa çekmek arzuwlary; aýal-gyzlaryň kän kemsidilýän ýurdunyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Şri-Lanka 2019-njy ýyldaky Pasha hüjümleri sebäpli üç adamy tussag etdi

Azathabar.com 

Şri-Lankanyň polisiýasy 24-nji aprelde terrorçylyk kanunlary esasynda bir kanun çykaryjyny, öňki hökümet ministrini we onuň doganyny tussag edendigini aýdýar. Olar iki ýyl mundan ozal ýüzlerçe adamyň ölmegine getiren “Pasha ýekşenbe” hüjümlerine ilteşikli bolmakda güman edilýär. Ýurduň Jenaýat agtaryş müdirligi paýtagt Kolombo şäherindäki öýlerine daň atmazyndan öň geçirilen reýdlerde öňki ministr Rişad Batiudini we onuň dogany Riýaj Batiudini tussag etdi. "Olar terrorçylygyň öňüni almak kanuny" boýunça... Читать дальше...

ASEAN liderleri Birmanyň hunta generaly bilen krizis ýygnagyny geçirýär

Azathabar.com 

Demokratiýa tarapdar demonstrantlara garşy gazaply basyşyň bes edilmegine itergi bermek üçin, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylary 24-nji aprelde Jakartada Birmada bolup geçen döwlet agdarylyşygynyň harby ýolbaşçysy bilen adatdan daşary duşuşyk geçirýär. Döwlet agdarylyşygynyň lideri, uly general Min Aung Hlaing bilen alty sany döwlet baştutanynyň we  Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) üç sany daşary işler ministriniň arasynda planlaşdyrylan iki sagatlyk duşuşykdan uly bir öňegidişlige garaşylmady. Читать дальше...

Tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Nawalny açlygyny bes etjekdigini aýdýar

Azathabar.com 

Türmede oturan rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny geçen aý türmede bejergi almak hukugy sebäpli yglan eden açlygyny bes etjekdigini, sebäbi özüniň “ýeterlik üstünlik” gazanandygyny aýtdy.  31-nji martda açlyk yglan eden kreml tankytçysy 23-nji aprelde Instagramda saglyk ýagdaýynyň gowy däldigini, arkasyndaky we aýaklaryndaky ýiti agyry sebäpli şahsy lukmanlar tarapyndan barlag geçirilmegini talap etmegini dowam etdirýändigini aýtdy. Ol geçen hepdäniň aýagynda, şahsy lukmany Anastasiýa... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *