Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 19.04.2021

Toý mekan eýeleri ilata üç gün toý toýlamagyň gadagan edilýändigini aýdýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda pandemiýanyň fonunda girizilen karantin çäklendirmeleriniň tapgyrlaýyn gowşadylýan wagty, Maryda we Baýramalyda ýaňy bir öz işlerini täzeden ýola goýmaga synanyşýan toý mekan eýeleri kanun goraýjy edaralaryň ilata üç gün möhlet bilen toý toýlamagy gadagan edýändigini aýdýarlar. Aýdylýan gadagançylyk Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan toý mekan eýeleriniň sözlerine görä... Читать дальше...

Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 88 ýaşly kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 18-nji aprelde aradan çykdy. Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki habar serişdeleri Mälikguly Berdimumedowyň 89 ýaşynyň içinde aradan çykandygyny habar berdi. Ölüm sebäbi we jaýlanyş çäreleri barada habar berilmedi.

Türkmenistanda COVID-19-a ýoluganlar ýüze çykarylýar

Azathabar.com 

Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilen raýatlaryň ýene birnäçesinde COVID-19 ýüze çykaryldy. Lebapda giň gerimli waksinasiýa kampaniýasyna taýýarlyk görülýär, saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasy talap edilýär. “Awaza” zolagyna diňe koronawirusa garşy sanjym alanlaryň goýberiljekdigi yglan edildi. Aşgabatda jemgyýetçilik transporty, 10 gün arakesmeden soň, gaýtadan dezinfeksiýa edilip başlandy.

ABŞ ulularyň ýarysyna waksina etdi, ysraýyllylar maskasyz dem alýar

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ulularyň ýarysyna COVID-19 garşy waksinalaryň azyndan bir tapgyry edildi. Bu ýurt dünýäniň beýleki künjeklerine ýaýbaňlanýan wirusyň täze tolkunynyň ýaýramagyndan öň ilatyna sanjym etmäge gyssanýar.  Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň 18-nji aprelde habar bermegine görä, ýaşy 18 we ondan uly ýaşly adamlaryň 130 millionyna golaýy waksinanyň azyndan bir tapgyryny alypdyr, bu bolsa ýurtda ulularyň 50,4% emele getirýär. Ulularyň 84 milliona golaýy, ýagny üçden... Читать дальше...

Nawalnyý saglyk aladalary sebäpli türme hassahanasyna göçürildi

Azathabar.com 

Russiýanyň türme gullugy 20 gün bäri açlyk çekýän oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň saglyk ýagdaýynyň çalt ýaramazlaşýandygy baradaky aladalaryň artýan wagtynda onuň häzirki tussaghanasynyň golaýyndaky düzediş edarasyndaky keselhana geçiriljekdigini aýdýar. "Häzirki wagtda A.Nawalnynyň saglyk ýagdaýyna kanagatly baha berilýär, her gün terapewt lukman tarapyndan barlanýar. Näsagyň razylygy bilen oňa witamin bejergisi ýazyldy" -diýip, Russiýanyň Wladimir sebiti boýunça Federal jeza beriji edarasy 19-njy aprelde habar berdi. Читать дальше...

Ukraina, Fransiýa, Germaniýa we Russiýa liderleriň sammitini maslahat edýär

Azathabar.com 

Ukrainanyň, Russiýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli geňeşçileri 19-njy aprelde duşuşyp, Ukrainanyň gündogaryndaky dartgynlygy gowşatmaga gönükdirilen sammitiň tertibini kesgitlärler. Geňeş derejesinde geçirilen gepleşikler geçen hepde Ukrainanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleriniň Russiýany Ukraina bilen serhediniň golaýynda we basyp alnan Krymda goşun sanyny artdyrmagy bes etmäge eden çagyryşynyň yzýanyna gabat gelýär.  Geçen tomusda Ukrainanyň gündogarynda... Читать дальше...

GDA Assambleýasynyň maslahatynda Türkmistanyň Orsýetdäki tussaghanalardan öz raýatlaryny äkitmeýändigi aýdyldy

Azathabar.com 

Pandemiýa döwründe migrasiýa proseslerini düzgünleşdirmek meselesine GDA-nyň Mejlisara assambleýasynyň 52-nji maslahatynda seredildi. 15-16-njy aprelde Sankt-Peterburgda geçirilen duşuşyga GDA guramasynyň agzalarynyň köpüsiniň göni barandygy, käbirleriniň bolsa internet üsti bilen gatnaşandygy habar berilýär. Orsýet mediasynyň maglumatlaryna görä, GDA-nyň Mejlisara assambleýasynda agza ýurtlaryň öz raýatlaryny watanyna äkitmek boýunça işlerine we bu borçlaryny ýerine ýetirişine aýratyn seredilipdir. Читать дальше...

ÝB Çehiýanyň ýarag ammaryndaky partlamada rus agentleriniň eliniň bolandygy baradaky maglumatlaryny maslahatlaşýar

Azathabar.com 

19-njy aprelde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 2018-nji ýylda Skripaly nerw agenti bilen zäherlemek bilen baglanyşykly rus harby wekilleriniň Çehiýanyň ýarag ammarynda irki ýyllarda bolan we iki adamyň ölmegine sebäp bolan partlamanyň arkasynda durandygy barada çeh hökümeti tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalary maslahat etmekçi.   Çehiýanyň premýer-ministri Andrej Babiş 17-nji aprelde 18 rus diplomatynyň ýurtdan çykaryljakdygyny habar berdi we ertesi gün Orsýet Çehiýanyň Moskwadaky... Читать дальше...

Syýasy aktiwistler nämä durýar ýa-da garaşylýan ynamy ödemeýän rus pasporty

Azathabar.com 

Russiýanyň raýatlygyny almak, syýasy hem raýat aktiwistleri üçin, gorag kepilligini bermeýär diýip, russiýaly bilermenler aýdýarlar. Golaýda Täjigistanyň iki raýaty Russiýanyň graždanlygyndan mahrum edilenleriň sanawyny artdyrdy hem öz ýurduna deportasiýa edildi. Täjik häkimiýetleri tarapyndan gadagan edilen "Salafiýa" dini hereketi bilen baglanyşykda aýyplanýan ruhany Saidnuriddin Rozikow hem-de Täjigistan häkimiýetleri tarapyndan kezzaplykda we Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan "ýurtda galmagyň düzgünlerini bozmakda"... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *