Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 14.04.2021

BMG Komiteti Türkmenistanyň haýryna içalyçylykda aýyplananan özbek ofiseriniň gynamalara duçar bolandygy baradaky şikaýaty kabul etdi

Azathabar.com 

Özbegistanyň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň (häzirki wagtda Döwlet howpsuzlyk gullugy – DHG) 52 ýaşly öňki ofiseri Türkmenistanyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum edilen Odilbek Ýuldaşewiň aklawçysy BMG-niň Adam Hukuklary Komitetine ýüz tutup, onuň haýal etmän tussaglykdan boşadylmagyny talap etdi. Aklawçy Sergeý Maýorowyň aýtmagyna görä, 2011-nji ýyldan bäri tussaglykda saklanýan Odilbek Ýuldaşew Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň tussaghanasynda saklanan ilkinji günlerinden, gynamalara sezewar edilipdir. Читать дальше...

Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň başlygy boldy

Azathabar.com 

14-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy boldy. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet mediasyna görä, Berdimuhamedow bu wezipä Halk Maslahatynyň täze agzalarynyň gizlin ses bermegi arkaly saýlanypdyr. Döwlet telewideniýesi 14-nji aprelde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji çagyryşynyň mejlisiniň geçirilendigini habar berýär. Duşuşyga Berdimuhamedowyň özi ýolbaşçylyk etdi we Halk Maslahatynyň başlyklygyna saýlanylmagyny özi yglan etdi. Читать дальше...

"Prezidentiň abraýyny zaýalaýar." Prezidentiň ogly dükanlardaky azyk nobatlaryna garşy çykýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda häkimiýetler tarapyndan ykrar edilmeýän azyk krizisi barha agyrlaşýar. Adamlar esasy azyk önümlerini satyn almak üçin boş duran döwlet dükanlarynyň daşynda birnäçe hepdeläp garaşyp durýarlar. Hususy söwda nokatlaryndaky bahalaryň ýokarlanmagy, gitdigiçe has köp adamy döwlet dükanlaryndan azyk satyn almaga mejbur edýär.

Belarus KGB-si oppozisiýa partiýasynyň liderini, syýasy bilermeni saklady

Azathabar.com 

Belarusyň Döwlet Howpsuzlyk boýunça Komiteti (KGB) oppozisiýadaky Belarusyň Meşhur Fronty partiýasynyň başlygy Ryhor Kastusýounyň we belli syýasy analitik Alýaksandr Fýadutanyň saklanandygyny tassyklady. Bu dawaly prezidentlik saýlawlarynda diýdimzor Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňiji diýlip yglan edilmeginden soňra, dissidentlere garşy alnyp barylýan basyş çäreleriniň soňkusy boldy. KGB 13-nji aprelde beýanat ýaýardyp, iki adamyň aýdyňlaşdyrylmadyk aýyplamalar boýunça saklanandygyny aýtdy, şeýle-de... Читать дальше...



Germaniýa Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylaryny artdyryp, “prowokasiýa” isleýändigini aýdýar

Azathabar.com 

Germaniýa Russiýany okupirlenen Krym ýarymadasynda we Ukraina bilen serhediniň golaýynda harbylarynyň sanyny köpeldip, prowokasiýa etmek synanyşygynda aýyplady. Şeýle-de Berlin Moskwanyň muny NATO-dan abanýan howpa jogap çäre hökmünde geçirýändigi baradaky öňe sürmesini ret etdi. “Mende Russiýanyň ähli zat edip, bir reaksiýany prowokasiýa etmäge synanyşýandygy barada täsir döredi” diýip, Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer 14-nji aprelde ARD tele-kanalynda çykyş etdi. “Ukraina... Читать дальше...

Eýran ‘geljek hepde’ urany 60% derejede baýlaşdyryp başlajakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýran geçen hepde Natanz ýadro desgasyna, Ysraýyl tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdýan, hüjüme jogap edip, öňümizdäki hepde urany 60% derejede baýlaşdyryp başlajakdygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligindäki wekili 14-nji aprelde özüniň Twitter hasabynda ýazgy ýerleşdirdi. Eýran özüniň ýadro programmasynyň çäginde urany 60% derejede entek baýlaşdyrmandy. Şol bir wagtda, bu onuň harby maksatlarda ulanar ýaly 90% derejesinden entek pesdir. Tähran ýadro ýaragyny edinmek meýliniň ýokdugyny... Читать дальше...

Baýdeniň Owganystandaky amerikan esgerleriniň 11-nji sentýabra çenli çykaryljakdygyny yglan etmegine garaşylýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 14-nji aprelde çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esgerleriniň 11-nji sentýabra çenli çykaryljakdygyny yglan etmegine garaşylýar. Bu senede “Al-Kaýda” terror toparynyň Birleşen Ştatlara amala aşyran hüjümine 20 ýyl bolýar. Bu esgerleriň ozalky ylalaşylan seneden bäş aý töweregi giç çykaryljakdygyny aňladýar. ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň döwründe “Talyban” bilen gelnen ylalaşyga laýyklykda, ABŞ güýçlerini çykarmak üçin möhlet 1-nji maý diýlip kesgitlenipdi. Читать дальше...

Türkiýeden getirilen türkmen raýatlarynyň birinde COVID-19 ýüze çykaryldy

Azathabar.com 

Pandemiýa çäklendirmeleri sebäpli daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň ýene bir tapgyry yzyna getirildi. 13-nji aprelde “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýörite gurnan uçary bilen 165 raýat Türkmenabadyň aeroportuna gondy. Bu barada aeroportyň jogapkär işgärleriniň biri 14-nji aprelde Azatlygyň ýerli habarçysyna gürrüň berdi. Ýolagçylaryň barlag testleri alnandan soňra, olaryň 60 sanysy Türkmenabadyň Ýokanç keseller hassahanasynda esaslandyrylan karantin zolagyna, galan 105-si hem Amyderýanyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *