Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 21.04.2021

Türkiýede türkmen aktiwistlerine basyş edilýär

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň mundan owal beren maglumatlaryna görä, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly mart aýynyň başlarynda Aşgabada eden saparyndan soňky metbugat ýygnagynda prezident Berdimuhamedowyň çakylygy bilen prezident Rejep Taýyp Erdoganyň iýun ýa iýul aýynda Türkmenistana sapar etjekdigini aýdypdy. Erdoganyň bu saparyna birnäçe aý galanda, Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine türk häkimiýetleriniň basyş edýändigi barada adam hukuklary boýunça düýbi Moskwadaky “Memorial” merkezi we... Читать дальше...

Orsýetiň dürli şäherlerinde Nawalnyny goldamak üçin ýörişler geçirilýär 

Azathabar.com 

21-nji aprelde Russiýanyň şäherlerinde martyň ahyryndan bäri Wladimir regionyndaky koloniýada açlyk yglan eden oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyny goldamak üçin ýörişler geçirildi. Mitingler başlamazdan ozal polisiýa aktiwistleri we žurnalistleri tussag etdi we olaryň öýlerini dökdi. Uzak Gündogarda protest ýörişler Petropawlowsk-Kamçatskide geçirilýär. Oňa 40 çemesi ýerli ýaşaýjy çykdy. Polisiýa işgärleri demonstrantlaryň ýanyna bardy, emma içeri işler ministrliginiň işgärleriniň portestçiler... Читать дальше...

Bäherdeniň etegindäki Şähryslam orta asyr şäher-galasy

Azathabar.com 

Aşgabadyň 120 kilometr günbatarynda ýerleşýän gadymy Şähryslam şäher-galasynda 2020-nji ýylyň awgustyndan bäri taryhy ýadygärligi gorap saklamak we rejelemek boýunça arheologiýa işleri işjeň alnyp barylýar.

Mallar çölde-de, işikde hem aç ölýär, adamlar gaty aljyraýar

Azathabar.com 

Mundan öň owlak-guzy möwsüminde bolan sowuk howanyň maldarçylyga, güllän miweli agaçlara, ekilen ýeralmalara uran zarbasy, gurak gelen ýylyň getiren 'sygyr açlygy', döwletiň mally adamlara salýan bikanun mal salgydy barada habar berildi. Indi çölden getirilen mallar, iým bolmansoň, işikde ölýär.

Ýowarlar raýatlara has berk gözegçilik etmegiň guralyna öwrülýärmi?

Azathabar.com 

Türkmenistanda işli, okuwly raýatlaryň mugt işledilmegi dowam edýär, türkmen hökümeti adamlaryň çykalgasyz ýagdaýyndan peýdalanyp, olara barha kän basyş görkezýär, meýletin bolmaly ýowar ilaty berk gözegçilikde, başga zada eli ýetmez ýaly edip saklamagyň guralyna öwrülýär diýip, synçylar aýdýar.

Putin daşary ýurt "prowokasiýalaryna" garşy duýduryş berdi

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň ýyllyk 17-nji halka ýüzlenmesinde daşarky prowokasiýalar diýip atlandyran wehimlere garşy haýbat atdy, şeýle-de, Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklaryň arasynda, berk we tiz görnüşde jogap çäresini görjekdigini söz berdi. Putiniň 21-nji apreldäki çykyşy tussaglykdaky oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň tarapdarlarynyň Kremliň tankytçysyna garaşsyz saglyk hemaýatynyň berilmegini talap edip geçirýän protestlerinden birnäçe sagat öň geçdi. Читать дальше...

Aşgabatda täze teatr möwsümi açyldy. Gorag hökmünde maska we üzärlik ulanylýar

Azathabar.com 

Aşgabatda täze teatr möwsümi açyldy. Paýtagtyň Puşkin adyndaky drama teatrynyň spektakllaryna biletler öňünden satylyp gutardy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkm paýtagtyndaky medeni wakalar we täze teatr möwsüminiň aýratynlyklary barada Aşgabatdan habar berýär. Türkmenistanyň täze teatr möwsümi dowam edýän global koronawirus pandemiýasyna mahsus öňüni alyş çäreler, ýagny sosial aralygy saklamak we dezinfeksiýa düzgünleri bilen tapawutlandy. Ýogsa, ýurt öz çäginde keseliň bardygyny inkär edýär. Читать дальше...

Protestleriň öňýany Nawalnynyň ýaranlary saklanýar

Azathabar.com 

Russiýada tussaglykdaky oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň goldawyna geçirilmegi planlaşdyrylýan umumymilli protestleriň öňüsyrasynda Nawalnynyň ýakyn egindeşleriniň ikisi saklandy. 21-nji aprelde Nawalnynyň meşhur YouTube kanalynyň alypbaryjylarynyň biri, şeýle-de onuň Korrupsiýa Garşy Fondunyň (FBK) aklawçysy Lýubow Sobol we Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş Moskwada sakandylar. Goşmaça maglumatlar bada-bat elýeterli bolmady. Geçen hepde Lýubow Sobol dekabrda Federal Howpsuzlyk Gullugynyň... Читать дальше...

Zelenskiý Putini Ukrainanyň gündogarynda gepleşik geçirmäge çagyrdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý rus kärdeşi Wladimir Putini gündogar Ukrainada duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky dartgynlylyklary gowşatmak boýunça gepleşikleri geçirmäge çagyrdy. “Men ol sebite her aý barýaryn. Jenap Putin: Men has hem ileri gitmäge we sizi Ukrainanyň Donbasynyň islendik ýerinde duşuşmaga çagyrmaga taýýar” diýip, Zelenksiý 20-nji aprelde prezidentiň websaýtynda ýerleşdirilen wideoda çykyş etdi. Bu Russiýanyň Ukrainanyň serhetlerinde we okupirlenen Krymda harbylarynyň sanyny artdyrýan wagtyna gabat geldi. Читать дальше...

Ozalky polisiýa ofiseri Jorj Floýdyň ölüminde günäli tapyldy

Azathabar.com 

ABŞ-da sud eminleri Minneapolisiň ozalky ofiseri Derek Çauwini Jorj Floýdy öldürmekde günäli tapdylar. 10 sagada golaý dowam eden seljermeden soň, 20-nji aprelde 12 emin Çauwini adam öldürmek aýyplamalarynda günäli tapdy. Munuň netijesinde Çauwine onlarça ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin. Kanun ekspertleri onuň uly ähtimallyk bilen suduň bu kararyny şikaýat etjekdigini aýdýarlar. Floýd 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda, dükanlaryň birinde galp $20 pul birligini berenden soň, polisiýanyň tussag etmek synanyşygyň dowamynda aradan çykdy.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *