Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Апрель
2021

Новости за 26.04.2021

“Aşgabatýylylykda” käbir işgärleriň aýlyk haklarynyň iki esse töweregi azaldylmagyna garaşylýar

Azathabar.com 

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabatýylylyk” trestinde birinji we ikinji kategoriýaly işgärleriň aýlyk haklarynyň iki esse töweregi kemeldilmegine garaşylýar. Bu barada trestiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi. Edaranyň işgäriniň sözlerine görä, ortaça 1600 manat aýlyk alýan işgärleriň aýlyk haklary 700 manada çenli aşakladylýar. Azatlyk Radiosyna mälim bolan maglumatlara görä, aýlyklaryň peseldilmeginiň sebäpleri düşündirilmeýär, ýöne öz... Читать дальше...

Berdimuhamedow Putin bilen gepleşdi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi. Bu barada 26-njy aprelde Kreml maglumat berýär. Gepleşigiň dowamynda rus-türkmen strategiki hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdirilýändigi bellenip geçildi diýip beýanatda aýdylýar. Şeýle-de beýanatda nygtalyşy ýaly, özara peýdaly söwda we ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we koronawirus infeksiýasyna garşy bilelikdäki göreşe ünsi çekmek bilen ikitaraplaýyn... Читать дальше...

Türkmen ombudsmeniniň hasabatynda 2020-nji ýylda adam hukuklary uly ähmiýete eýe boldy diýilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili ombudsmeniniň ýyllyk hasabaty çap edildi. 2020-nji ýylyň hasabatynda ozalky ýyllarda bolşy ýaly ýurtda kanunçylygyň doly berjaý edilýändigi raýatlaryň hak-hukuklarynyň üpjün edilýändigi görkezilýär. 26-njy aprelde türkmen döwlet metbugatynda çap edilen "Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2020-nji ýylyň jemi" atly maglumatda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen resmi şygar astynda geçen ýylda adam hukuklaryna uly ähmiýet berlendigi aýdyldy. Читать дальше...

Dükan nobatlary jaýlaryň girelgelerinde 'gizlenýär'

Azathabar.com 

Aşgabatdan soňra, Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabatda hem döwlet dükanlarynyň öňündäki uly nobatlary emeli ýagdaýda aradan aýyrmak boýunça mejbur ediş çäreleri görlüp başlandy.

Özbek prezidentini Internetde kemsidene garşy jenaýat işi açyldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň Jyzak welaýatynyň Bahmal etrabynyň 52 ýaşly ýaşaýjysy W.K. Özbegistanyň prezidentini kemsitmekde güman edilýär. Jyzak welaýatynyň prokuraturasynyň beýanatynda aýdylyşyna görä, ady gysgaldylan görnüşde W.K. diýlip bellenýän adam You Tube hem-de Facebook sahypasyny döredip, wideo ýazgyda, göni efire çykypdyr. «Öz çykyşynda ol prezidentiň ýolbaşçylygynda geçirilýän özgertmeleri köpçülige nädogry düşündirdi, prezidenti kemsitdi hem-de döwlet baştutanynyň abraýyny peseldip, şeýlelik bilen... Читать дальше...

ABŞ-nyň ýokary derejeli generaly NATO goşunlary gidenden soň owgan güýçleri 'taýyn bolmaly' diýýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Owganystandaky ýokary derejeli generaly 25-nji aprelde eden çykyşynda amerikan goşunlarynyň ýurtdaky işlerini jemläp başlandygyny we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň dolandyryş işlerini öz üstüne almaga “taýyn bolmalydygyny” aýtdy. General Ostin Miller köplenç owgan howpsuzlyk güýçleriniň ýakyn wagtda yza çekilmegi planlaşdyrýan amerikan we beýleki daşary ýurt goşunlarynyň bolmadyk halatynda owgan harbylarynyň bu işi başaryp-başarmazlygy barada özüne sorag berilýändigini metbugat ýygnagynda owgan žurnalistlerine aýtdy. Читать дальше...

Pandemiýa garamazdan, dünýäde harby çykdajylar ýokarlanýar

Azathabar.com 

26-njy aprelde Stokgolmda ýerleşýän halkara parahatçylyk gözleg instituty (SIPRI) tarapyndan çap edilen hasabata görä, COVID-19 pandemiýasy ýurtlaryň harby çykdajylaryna uly bir täsir ýetirmändir, 2020-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende global derejedäki harby çykdajylar 2,6% ýokarlanypdyr. SIPRI, Çili we Günorta Koreýa ýaly käbir ýurtlaryň planlaşdyran harby çykdajylarynyň bir bölegini pandemiýa garşy göreş üçin ulanmagyna, Braziliýa we Russiýa ýaly beýleki ýurtlaryň bolsa býujet çykdajylaryny azaldandygyna garamazdan... Читать дальше...

Türmede oturan Nawalnynyň topary “ekstremist” aýyplamasy boýunça deslapky sud işi bilen ýüzbe-ýüz boldy

Azathabar.com 

Türmede oturan rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondy (FBK) Moskwanyň prokurorlarynyň bu topary ekstremist diýip aýyplamagy sebäpli deslapky sud diňlenişigine garaşýar. Orsýet hökümeti Kremliň tankytçylaryny goldaýanlara garşy basyşlaryny aç-açan güýçlendirmegini dowam etdirýär. 26-njy aprelde Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň (FBK) müdiri Iwan Ždanow, Nawalnynyň ofisleriniň we FBK-daky işleriň rus prokurory tarapyndan togtadylandygyny habar berdi. FBK 26-njy... Читать дальше...

Baý ýurtlar kislorod, wentilýatorlary COVID-19 zerarly ejir çekýän Hindistana ibermäge taýynlanýar

Azathabar.com 

Britaniýa, ABŞ we Germaniýa gyssagly zerur lukmançylyk enjamlaryny Hindistana ibermegi wada berdiler. Bu ýurt bir günde ýokanç COVID-19 keseliniň möçberi boýunça dünýäde täze rekord goýdy. Hindistan 25-nji aprelde 349 691 tassyklanan koronawirusly näsaglary hasaba aldy we dördünji gün rekord görkezýär. Keselhanalar kislorod soraýan hassalary yzyna öwürmäge mejbur bolýar sebäbi saglygy saklaýyş ulgamyny howply ýagdaýa düşýär. Sosial media maglumatlarynda bejergä garaşyp ölen ýakynlarynyň yzyndan aglaýan adamlary görkezildi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *