Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Новости за 04.01.2023

Aşgabatda awtoulag heläkçiliginde iki mekdep okuwçysy öldi

Azathabar.com 

Aşgabatda täze ýylyň ilkinji günlerinde iki okuwçy gyz ýol heläkçiliginde öldi. Bu barada habar berýän garaşsyz "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, Näzik we Anýa 6-njy mekdebiň onbirinji synp okuwçylarydy. "Gyzlar serhoş tanyşlary bilen “Älem” dynç alyş merkezindäki çarhyň golaýynda ýerleşýän Täze ýyl arçasyna barýardylar. Heläkçiligiň bolan wagty ulagy dolandyrýan serhoş sürüji onuň tizligini sagatda 100 kilometre çenli ýokarlandyrýar. Ulag çarhyň golaýyna ýetende, ýol böwedi bilen çaknyşýar" diýip... Читать дальше...

'Gaz gurallaryňyzy ýapyň'. Lebapda baýramçylyk günlerinde birden gaz öçdi

Azathabar.com 

Türkmenabadyň ençeme ýerinde we onuň töweregindäki etraplarda ýaşaýyş jaýlaryň gaz üpjünçiliginde bökdençlikler döredi. Gazyň doly kesilen pursatlary hem boldy. "2nji ýanwarda gije 3-4 töwereginde Türkmenabadyň birnäçe etrapçasynda we Çärjew etrabynyň Watan birleşiginde gaz ýapyldy. Çärjew etrabynyň başga obalarynda gazyň başyşy azalyp, zordan ýandy. Şol gün howa aýazlydy - 5 gradus saklanyp, ümürlidi we has sowuk duýuldy" diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle-de gaz üpjünçiligi... Читать дальше...

Balkanda baýramçylygyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk arzançylygy uzaga çekmedi

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygy, köpdürliligi we arzançylygy täze ýylyň birinji hepdesiniň ahyryna çenli hem saklanmady. Ýaşaýjylar aýlyklaryň adaty bazar nyrhlaryndan söwda edip, güzeran eklemäge ýetmeýändigini aýdýarlar. "Türkmenbaşy şäheriniň döwlet dükanlary tarapyndan bazarlarda guralan göçme dükanlardan hiç bir zat galmady. Bu söwda tekjeleri Täze ýyl baýramynda emeli azyk bolçulygyny we arzançylygyny döretmek maksady bilen, mundan 15 gün çemesi ozal guralypdy. Читать дальше...

Özbegistanda inflýasiýanyň derejesi üç ýylda ilkinji gezek 12,25% boldy

Azathabar.com 

2022-nji ýylda Özbegistanda sarp ediş harytlarynyň we hyzmatlarynyň bahasy 12,3% ýokarlandy diýip, döwlet statistika komitetiniň "Özbegistan Respublikasynyň sarp ediş pudagynda inflýasiýanyň derejesi" diýen at bilen çap eden hasabatynda aýdylýar. Bu soňky üç ýylda ýurtdaky inflýasiýanyň iň ýokary görkezijisi bolýar. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, 2021-nji ýylyň dekabrynda ýyllyk inflýasiýanyň derejesi 9,98%, 2020-nji ýylyň ahyrynda 11,1% boldy. Geçen ýyl bahalaryň ýokarlanmagy boýunça öňdebaryjy orny azyk önümleri eýeledi. Читать дальше...

Gazagystanyň prezidenti Tokaýew birbada birnäçe ministri täzeledi

Azathabar.com 

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hökümetde kadr çalşygyny geçirdi diýip, prezidentiň administrasiýasy 4-nji ýanwarda habar berdi. Prezident edarasynyň maglumatyna görä, senagat we infrastruktura ministri, ekologiýa, geologiýa we tebigy baýlyklar ministri, medeniýet we sport ministri, şeýle-de adalat ministri täzelendi. Kadr çalyşmalarynyň sebäbi aýdylmady.

Eýran üç protestçiniň ölüm jezasyny ýatyrdy, iki jezany tassyklady

Azathabar.com 

Eýranyň Ýokary kazyýeti, howpsuzlyk ofiseriniň öldürilmegi bilen ilteşiklikde aýyplanan üç protestçiniň ölüm jezasyny ýatyrdy, ýöne bu jenaýatda aýyplanan beýleki iki adamyň ölüm jezasyny tassyklady. Ýokary kazyýetiň jemgyýetçilik gatnaşyklary bölüminiň müdiri Amir Haşemi 3-nji ýanwarda öz twitter hasabynda, kazyýetiň kararyna esaslanyp, derňewdäki näsazlyk sebäpli Hamid Karahasanlou, Huseýn Mohammadi we Reza Aria garşy çykarylan ölüm höküminiň ýatyrylandygyny aýtdy. Emma muňa garamazdan, kazyýet... Читать дальше...

Baýramçylyk günlerinde 'Altyn Asyryň' hyzmatlarynyň hili juda ýaramazlaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilat Täze ýyl baýramçylygy döwründe mobil aragatnaşyk ulgamynyň hiliniň we Internetiň tizliginiň ýokarlanmagyna garaşýardy. Ýöne adamlaryň bu umydy puja çykdy. Raýatlar ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hyzmatlarynyň hiliniň juda pes bolandygyny aýdýarlar. "31-nji dekabrda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda mobil telefonlardan jaň edip, SMS hatlaryny iberip bolmady. Abonentlere iberilen SMS-ler birnäçe gün soň bardy. Telefonyň antenna bellikleri ýitip... Читать дальше...

Nazarbaýew döwrüniň 'soňlamagy' we 'Merkezi Aziýa üçin kyn ýyl'

Azathabar.com 

2023-nji ýylda Merkezi Aziýa haýsy howplara duçar bolup biler we sebitdäki ýurtlar Russiýa bilen gatnaşyklary nähili gurar? Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýew we onuň maşgalasynyň agzalary kanun tarapyndan berlen artykmaçlyklardan mahrum edilermi? Daşary ýurt habar beriş serişdeleri bu barada geçip barýan ýylyň iň soňky hepdesinde ýazdylar we diňe munuň bilen çäklenmediler.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *