Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Новости за 02.01.2023

Türkmenabadyň bir orta mekdebinde ýangyn döredi

Azathabar.com 

31-nji dekabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 11-nji orta mekdebinde ýangyn döredi. Wakada kimdir birine zeper ýetendigi barada häzirlikçe anyk maglumat ýok. Ýöne ýangynyň netijesinde mekdebiň dört sany synp otagyna zyýan ýetip, olaryň içi doly diýen ýaly ýandy. "Sagat 12 we 13:00 aralygynda bolan ýangyn mekdebiň ikinji gatynda döredi. Sagat 13:00 töwereginde ýangyn gullugynyň ulaglary mekdebiň arka tarapyndaky howlusyndan girdiler. Ýangyn söndürilenden soňra dört synpyň, şol sanda olaryň... Читать дальше...

Türkmen raýatlaryna türk wizasyny almak üçin goşmaça resminama gerek bolar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň raýatlary, türk wizasyny almak üçin mundan beýläk ýene bir resminama tabşyrmaly bolarlar. Türk wizasyny almak üçin talap edilýän resminamalaryň sanawyna notarius tarapyndan tassyklanan “Razylyk deklarasiýasy” goşuldy. Täze talap 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan güýje girer. Bu barada 2-nji ýanwarda ýarym resmi neşir Arzuw.news Türk wiza merkezine salgylanyp habar berdi. "03.03.2023-den başlap, Türkmenistanyň raýatlary türk wizasyny almak üçin Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky... Читать дальше...

Pagtaçy kärendeçiler özlerine ýeňillikli bahadan wada berlen künjara iýmini alyp bilmeýärler

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda mineral dökünleri, ekerançylyk suwlary we oba hojalyk tehnikalarynyň üpjünçiligi bilen bagly bar bolan problemalara garamazdan, döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren pagtaçy kärendeçiler wada berlen ýeňillikli künjarany alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji ýanwarda sebitden habar berdi. Balyş Öwezow adyndaky we Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiklerinden bolan, şeýle-de, “Türkmenistan”, “Magtymguly” we “Zaman” daýhan... Читать дальше...

Saýatda ekskawatoryň agdarylmagy netijesinde bir adam heläk boldy

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda bir ekskawator sürüjisi heläk boldy. Muňa ýaby arassalaýan köne ekskawatoryň gapdallygyna agdarylmagy sebäp boldy. Bu waka, sebitde suw akabalaryny çuňaldyş we arassalaýyş işlerinde köne tehnikalaryň ulanylýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi. "29-njy dekabr güni Saýadyň Bujak obasynda ýaplary arassalamak we gazmak işlerini amal edýän bir ekskawator sürüjisi aradan çykdy. 40 ýaş töweregindäki sürüjiniň üç çagasy ýetim galdy" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýtdy. Читать дальше...

Tokaýew geçen ýyl ýurda abanan 'howpuň' öňüni alandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew özüniň Täze ýyl çykyşyny, Gazagystanda bolup geçen ganly tolgunyşyklaryň ilkinji ýyl dönüminiň öňüsyrasynda, Sowet Soýuzy darganyndan soň gazanylan 30 ýyllyk garaşsyzlykda ýurduň “uly synagdan geçip,” “sag-aman galmagy başarandygyny” nygtamak üçin ulandy. Prezident 1-nji ýanwarda eden çykyşynda "halkymyzyň sarsmaz jebisligi netijesinde biz bu howpy yzyna serpikdirdik" diýdi. Ol 2022-nji ýylyň Merkezi Aziýanyň iň uly we ykdysady taýdan iň güýçli respublikasynda "uly... Читать дальше...

Maşgala agzasy eýranly žurnalistiň türmeden boşadylandygyny ret edýär

Azathabar.com 

Eýranly žurnalist Keýwan Samimi, reformaçy gazetiň habaryna görä, türmeden boşadyldy. Ol geçen ýyl, 2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen demonstrasiýa gatnaşandygy sebäpli tussag edilipdi. Emma žurnalistiň maşgalasy, berlen habara garamazdan, onuň entek türmeden boşadylmandygyny aýdýar. Gündelik “Şark” gazeti Samiminiň 1-nji ýanwarda Tährandan 200 km gündogarda ýerleşýän Semnan türmesinden boşadylandygyny habar berdi. Dini milletçiler geňeşiniň agzasy bolan 73 ýaşly tussagyň türmeden boşadylan güni aýdylmady. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *