Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Новости за 18.01.2023

Ysnyşýan türkmen-rus gatnaşyklary Moskwanyň sebitde öz täsir güýjüni saklap galmak tagallalaryndan habar berýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 17-nji ýanwarda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi. Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda ilkinji gezek Aşgabada sapar edýär. Galyberse-de, Russiýanyň Döwlet dumasynyň wekiliýeti üstümizdäki aýyň dowamynda Türkmenistana barýar.

Türkmenistanda ICQ messenjeri elýetersiz boldy

Azathabar.com 

Internet elýeterliligini berk çäklendirýän Türkmenistanda geçen hepdeden bäri ICQ messenjerini indirip bolmaýar. Bu barada habar berýän garaşsyz turkmen.news neşiri häkimiýetleriň muny VPN-açarlarynyň paýlaşylmagynyň öňüni almak maksady bilen edýän bolmagynyň mümkindigini belleýär.

Türkmenistanda temmäki, alkogol önümleri we ulaglar üçin gümrük tölegleri tas iki esse artdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda temmäki we alkogol önümleri, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän awtoulaglar üçin salynýan gümrük tölegleriniň möçberi tas iki esse ýokarlandy. Bu, temmäki we alkogol önümleriniň bazarlardaky bahalarynyň dessine gymmatlamagyna getirdi. Mundan başga-da, ulaglaryň eýeçiligini atdan ada geçirmäge, tehniki guratlyk hatyny almaga degişli tölegleriň möçberi hem iki esse ýokarlandy. Lebap welaýatynyň gümrük işgärleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä... Читать дальше...

Türkmenistan diplomlaryny ykrar etjek daşary ýurt ÝOJ-larynyň sanawyny tassyklady

Azathabar.com 

Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt uniwersitetleriniň täze sanawy tassyklandy, oňa dünýäniň 1500-den gowrak ýokary okuw jaýy girýär diýip, “Türkmenportal” ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp habar berýär. Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek okuw jaýlarynyň doly sanawy Bilim ministrliginiň web sahypasynda çap edilipdir, onuň başyny Angliýada, ABŞ-da ýerleşýän abraýly ÝOJ-lar çekýär. 2023-nji ýyl üçin saýlanan uniwersitetleriň sanawy dünýädäki iň abraýly üç uniwersitetiň... Читать дальше...

Aşgabat özünde MA Howa tehnologiýasy merkeziniň döredilmegini isleýär

Azathabar.com 

Aşgabat Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegini teklip edýär. Türkmen DIM-i bu başlangyjyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň 16-njy iýulda BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen geçiren wideo duşuşygynda yglan edilendigini aýdýar. Türkmen paýtagtynda döredilmegi teklip edilýän merkeziň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda howa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, şeýle-de howanyň üýtgemegi... Читать дальше...

Russiýada 41 müňden gowrak türkmen ýaşaýar

Azathabar.com 

2021-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Russiýada (milletini görkezen) 41,338 türkmen ýaşaýar diýip, "Meteožurnal” Rosstatyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Sorag anketalarynda olar özlerini “türkmen” diýip atlandyrmakdan başga "aşgabatly”, “teke”, “truhmen” (rus imperiýasy döwründe türkmenler köplenç şeýle atlandyrylypdyr), şeýle-de “türkmen dilli türk” diýip atlandyrypdyrlar. 2010-njy ýylyň ilat ýazuwynyň netijeleri Russiýada 36,885 türkmeniň ýaşaýandygyny görkezipdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *