Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Новости за 27.01.2023

Hepdäniň jemi #4 (28.01.2023 ý.)

Azathabar.com 

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky hepdelerde öz ýolbaşçylyk roluny ýokarlandyrmak, maşgala howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin gören gyssanmaç çäreleriniň mümkin bolan sebäpleri baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.

Türkmenabadyň bölekleýin ot alan mekdebinde okuwçylar sowuk synplarda okaýarlar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň bölekleýin ot alan 11-nji orta mekdebinde okuwçylar sowuk synplarda sapak geçmäge mejbur bolýarlar. Şeýle-de, mekdebiň ot alan böleginde geçirilen gyssagly abatlaýyş işlerinden soň, köp okuwçy synplardaky ýiti boýag ysyndan şikaýat edýär. Bu barada garaşsyz "Turkmen.news" neşiri özüniň ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 26-njy ýanwarda habar berdi. Ýatlatsak, agzalýan mekdepdäki ýangyn gyşky dynç alyş möwsüminiň başlamagyndan iki gün soň, geçen ýylyň 31-nji dekabrynda döräpdi. Читать дальше...

Bitaraplyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen ýene iki tussagyň şahsyýeti mälim boldy

Azathabar.com 

Bitaraplyk baýramy mynasybetli yglan edilen günä geçişligiň çäklerinde, 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Dmitriý Medwedow hem-de takmynan 2021-nji ýylyň fewralynda iki ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Sereža Babaniýazow türmeden boşadyldy. Bu barada turkmen.news neşiri Içeri işler ministrligindäki ýagdaýdan habarly çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Lebabyň käbir hassahanalarynda saglyk hyzmatlarynyň tölegleri 10% gymmatlady

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklary 10% ýokarlanan bolsa, Lebap welaýatynyň käbir hassahanalarynda we saglyk öýlerinde saglyk hyzmatlarynyň tölegleri hem şonça gymmatlady. Bu aralykda, lebaply näsaglaryň ençemesi sebitiň köp ugurly hassahanasynda "käbir medisina serişdeleriniň bikanun söwdasy we parahorluk wakalary" barada gürrüň berdi.

Lebabyň käbir hassahanalarynda saglyk hyzmatlarynyň tölegleri 10% gymmatlady

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklary 10% ýokarlanan bolsa, Lebap welaýatynyň käbir hassahanalarynda we saglyk öýlerinde saglyk hyzmatlarynyň tölegleri hem şonça gymmatlady. Bu aralykda, lebaply näsaglaryň ençemesi sebitiň köp ugurly hassahanasynda "käbir medisina serişdeleriniň bikanun söwdasy we parahorluk wakalary" barada gürrüň berdi. "Bu tölegler esasan hassahanada ýatyp bejergi alýan näsagalara degişli. Meselem, Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasynda ýatyp bejergi... Читать дальше...

Bitaraplyk baýramy mynasybetli günäsi geçilen ýene iki tussagyň şahsyýeti mälim boldy

Azathabar.com 

Bitaraplyk baýramy mynasybetli yglan edilen günä geçişligiň çäklerinde, 2022-nji ýylyň ýaz aýlarynda dört ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Dmitriý Medwedew hem-de takmynan 2021-nji ýylyň fewralynda iki ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilen Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy Sereža Babaniýazow türmeden boşadyldy. Bu barada turkmen.news neşiri Daşary işler ministrligindäki ýagdaýdan habarly çeşmesine salgylanyp habar berýär. Garaşsyz neşir Medwedewiň we Babaniýazowyň häkimiýetleriň ýanamalaryndan soň... Читать дальше...

DIM: Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasynda bir adam atylyp öldürildi

Azathabar.com 

Hüjümçi Azerbaýjanyň Tährandaky ilçihanasynyň daşynda garawul postuna ot açanda bir adam ölüp, iki adam ýaralandy diýip, Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň 27-nji ýanwarda beren habarynda aýdylýar. "Hüjümçi howpsuzlyk ýolbaşçysyny Kalaşnikow awtomaty bilen öldürip, garawul postundan geçdi" diýip, ministrlik aýtdy. Polisiýa güman edilýän bir adamy tussag etdi. Eýranyň “Tasnim” habar gullugy Tähranyň polisiýa ýolbaşçysyna salgylanyp, güman edilýän adamyň bu bina iki sany ýaş çaga bilen... Читать дальше...

Türkmenistanyň Gyrgyzystan bilen söwdasy ýokarlanýar

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda 79,6 million ABŞ dollaryndan gowrak bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 160,2% ýokarlandy diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp ýazýar.  Türkmenistan adatça ýurduň eksport, import maglumatlaryny açmaýar. 2021-nji ýylyň birinji on bir aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 30,59 million ABŞ dollaryndan gowrak bolupdyr. ... Читать дальше...

"Talyban" Özbegistany Owganystana elektrik üpjünçiligini kesmekde tankyt etdi

Azathabar.com 

Kabul ýurtda görülmedik sowuk howa döwürlerinde, Owganystana elektrik üpjünçiligini kesendigi üçin, Özbegistany tankyt etdi. “Talyban” hökümetinde Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki Daşkentde geçen Oba hojalyk önümlerini işläp taýýarlamak boýunça döwlet maksatnamasynyň açylyş dabarasynda, Özbegistanyň häkimiýetlerini iki ýurt arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, öz ýurduny elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge çagyrdy. Ol sözüniň dowamynda... Читать дальше...

Prezident pagtaçylary ‘gerek zatlar bilen’ üpjün etmek isleýär

Azathabar.com 

Türkmensitanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 26-njy ýanwarda gowaça ekýän raýatlaryň “ähli gerek zatlar bilen” üpjün edilmegini tabşyrdy. Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar ýyllar boýy suw, dökün, tehnika ýetmezçiliginden, erksizlikden zeýrenýärler. TDH-nyň habaryna görä, bu tabşyryk sebitlerde pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen berildi. Şol bir wagtda, gol çekilen kararada öňki iki prezident döwründe pagtaçylykda döredilen emeli kynçylyklar ýa-da netijeliligiň peselmeginiň düýp sebäpleri... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *