Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Новости за 06.01.2023

Hepdäniň jemi #1 (07.01.2023 ý.)

Azathabar.com 

Aşgabat-Pekin gatnaşyklary, Türkmenistanda geçen ýylyň aýagynda ‘günäleri geçilen’ iki tussag we ýurtda saklanyp galýan adam hukuklary ýagdaýy baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.

Hytaýa garaşlylyk barha güýçlenýän mahaly, Türkmenistanyň lideri Pekine sapar edýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý bilen energiýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we öz ýurdunyň ykdysady mümkinçiliklerini ösdürmek umydy bilen, 5-nji ýanwarda iki günlük döwlet sapary bilen Pekine geldi. Sapar barada kän bir jikme-jiklik mälim edilmedi, ýöne bu sapar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň martynda geçirilen gözegçilikli saýlawlarda kakasy Gurbangulynyň ornuna geçeli bäri, prezident hökmünde Hytaýa amala aşyrýan ilkinji resmi sapary bolup durýar. Hytaýyň döwlet mediasy... Читать дальше...

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenabatda ençeme öýe ogry girdi

Azathabar.com 

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary ogurlyk hadysalarynyň ençemesi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şäheriň dürli sebitinde bolan bu hadysalarda ýaşaýjylaryň howlularyndaky iri şahly mallary, goýun we geçileri, öýlerindäki elektrik enjamlary ogurlandy. "1-3-nji ýanwar aralygynda Türkmenabatda ogurlyk hadysalary köp boldy. Ogurlar esasan hususy eýeçilikdäki howly jaýlara girip, ilatyň goş-golamlaryny we mallaryny alyp gitdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 6-njy ýanwarda gürrüň berdi. Читать дальше...

Eýran türmesindäki aýallar topary tussaglyk şertleri sebäpli açlyk yglan etdi

Azathabar.com 

Tähranyň golaýyndaky Kaçoui türmesinde oturan 15 aýal tussaglykdaky şertlere we desgada lukmançylyk kömeginiň berilmezligine garşy protest bildirip, açlyk yglan etdi. Açlyk yglan edenleriň arasynda 22 ýaşly Armita Abbasi hem bar. Ol 10-njy oktýabrda, howpsuzlyk güýçleri tarapyndan sentýabr aýynda tussag edilen Mahsa Amininiň polisiýa tussaglygynda ölmegi sebäpli başlanan we tutuş ýurdy gaplap alan protestleriň arasynda, Karaj şäherinde tussag edilipdi. Abbasiniň ejesi öz Instagram hasabynda gyzynyň... Читать дальше...

Aşgabatda awtoulag heläkçiliginde iki mekdep okuwçysy öldi

Azathabar.com 

Aşgabatda täze ýylyň ilkinji günlerinde iki okuwçy gyz ýol heläkçiliginde öldi. Bu barada habar berýän garaşsyz "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, Näzik we Anýa 6-njy mekdebiň onbirinji synp okuwçylarydy.

Azatlygyň habaryndan soň, Daşoguzyň önümçilik kärhanalary derňelýär, kärendeçilere wada berlen künjara paýlanýar

Azathabar.com 

Şu günler Daşoguz welaýatynyň käbir önümçilik kärhanalarynda barlag işleri geçirilýär. Sebitde alnyp barylýan derňewleriň arasynda, döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren pagtaçy kärendeçilere künjara paýlanyp başlandy. Bu waka, Azatlyk Radiosynyň ýerli kärendeçileriň özlerine wada berlen künjarany alyp bilmeýändigi baradaky maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi. "Barlaglar Daşoguzyň pagta çigidinden ýag öndürýän kärhanasynda, Görogly etrabynyň un zawodunda we hususy eýeçilikdäki maldarçylyk fermalarynda geçirilýär" diýip... Читать дальше...

Ýanwar wakalarynda ölen çaganyň işi ýapyldy

Azathabar.com 

Ýanwar aýynda bolup geçen wakalarda dört ýaşly Aýkorkemiň kellesine degen okdan ölendigi baradaky jenaýat işi "düzüminde jenaýatyň ýoklugy" sebäpli diýlip ýapyldy. Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna bu maglumaty gyzyň kakasy Aýdos Meldehan habar berdi. Kazyýet işi 30-njy dekabrda ýapylan hem bolsa, ol muny 5-nji ýanwarda bilip galandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda ol, böwregini aýyrtmak üçin etdiren operasiýasyndan soň, öz jogapkärçiligi esasynda keselhanadan çykmaga mejbur bolandygyny gürrüň berdi. Читать дальше...

Gazaklar ganly gozgalaňyň ilkinji ýyl dönüminde pidalary hatyralady

Azathabar.com 

Onlarça öňdebaryjy syýasy we hukuk aktiwisti 5-nji ýanwarda Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň merkezi meýdançasyna ýygnanyp, Merkezi Aziýa ýurdunda bir ýyl mundan ozal bolan we zorluga ýazan köpçülikleýin protestleriň pidalaryny ýatladylar. Bu wakalar azyndan 238 adamyň ölmegine sebäp boldy. 50 töweregi aýal-erkek Garaşsyzlyk ýadygärliginiň ýanyna ýygnanyp, doga-dileg etdi we bu wakalaryň derňewleriniň gaty uzaga çekendigini aýdyp, nägileliklerini bildirdi. Aktiwistler soňra prezident Kasym-Žomart... Читать дальше...

On ýyl tussaglyga höküm edilen öňki baş prokuror türmeden boşadyldy

Azathabar.com 

Özbegistanyň öňki baş prokurory, 2019-njy ýylyň iýun aýynda korrupsiýa aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edilen Raşidjon Kodirow şertli ýagdaýda türmeden boşadyldy. Özbek metbugatynyň 5-nji ýanwarda hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine salgylanyp beren habaryna görä, Kodirow birnäçe gün ozal azatlyga çykypdyr. Kodirow 2018-nji ýylyň fewral aýynda tussag edilip, soňra para almak, gorkuzyp almak, maliýe galplygy, salgyt tölemekden gaçmak, adalatlylyga päsgel bermek we pul ýuwmak aýyplamalarynda günäkärlendi. Читать дальше...

Gyrgyzystanly ýaşlaryň 89% -i daşary ýurtda işlemek ýa-da okamak isleýär

Azathabar.com 

14 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky raýatlaryň takmynan 89% -i Gyrgyzystanyň daşynda okamak ýa-da işlemek isleýär diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Gyrgyzystandaky edarasynyň geçiren pikir soramalarynyň netijelerinde aýdylýar. Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň haýyşy boýunça, BMG-niň beýleki agentlikleri bilen bilelikde geçirilen pikir soramalaryna, resmi habarda aýdylmagyna görä, ýurduň sebitlerinden 1640 oglan-gyz gatnaşdy. Alnan maglumatlara görä, soraga gatnaşanlaryň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *