Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Новости за 22.01.2023

“Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýeke-täk hökümdarlygyny täzeden dikeltdi”

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýene-de üýtgedilip, iki palataly parlament (Milli Geňeş) ýeke palataly boldy hem Gurbanguly Berdimuhamedow milletiň lideri diýlip yglan edildi. Bu gezek beýle öwrülişigi amala aşyrmak üçin, 21-nji ýanwarda parlamentiň ýokary we aşaky palatalarynyň bilelikdäki mejlisiniň maslahaty bary-ýogy birnäçe sagat dowam etdi. Parlamenti özgertmek teklibi golaýda, 11-nji ýanwarda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan teklip edildi, ol şol döwürde parlamentiň ýokarky palatasy Halk Maslahatyna baştutanlyk edýärdi. Читать дальше...

ABŞ senatorlary Gygyzystanda metbugat azatlygyna edilýän hüjümlere alada beýan edýär

Azathabar.com 

Iki ABŞ senatory gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparowa hat ýazyp, Gygyzystanda metbugat azatlygyna edilýän hüjümlere, şol sanda geçen ýyl Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) bank hasaplaryny doňdurmak barada kabul edilen karara alada beýan etdiler. Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň başlygy we ýokary derejeli agzasy bolan ABŞ senatorlary Bob Menendez (demokrat – New Jersey) we Jim Riş (respublikan – Idaho) Gyrgyzystanyň garaşsyz media serişdelerine basyş etmek üçin “ýalňyş maglumat kanunyny” ulanmagyny... Читать дальше...

Türkmenistanyň Milli Geňeşi ýatyryldy, Halk Maslahaty gaýtadan esaslandyryldy

Azathabar.com 

Türkmenistanda iki ýyl ozal esaslandyrylan iki palataly parlament (Milli Geňeş) ýeke palataly ulgama öwrüldi, giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahaty gaýtadan döredildi we Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “türkmen halkynyň milli lideri yglan edildi”. Bu barada TDH habar berýär. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň öňki parlamentiniň ýokarky we aşaky palatalary bilelikde mejlis geçirip, onuň dowamynda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *