Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Новости за 06.10.2023

Balkanabatda nobatda duran adamlar pagta meýdanlaryna äkidilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilaty pagta ýygmaga mejbur etmegiň täze görnüşleri ýüze çykýar. Ýurduň ýolbaşçylary köp pagta talap edýärkä, ýerli häkimiýetler ekin meýdalaryny mugt iş güýji bilen üpjün etmegiň täze usullaryny oýlap tapýarlar. Balkanabatda bankomatda, dükanda ýa-da migrasiýa gullugynyň öňünde nobata durýan her bir adam indi pagta meýdanlaryna düşmek howpuna sezewar bolup biler. Balkanabatda bankomatdan pul çekmek ýa-da pasport almak üçin migrasiýa gullugyna barmak synanyşygy ýaşaýjyny pagta ýygmak... Читать дальше...

Maryda pagta möwsüminiň dowamynda mejbury zähmete girizilen gadaganlyk öz güýjünde galýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynda döwlet-edara kärhanalarynyň işgärleriniň pagta ýygymyna mejbury gatnaşdyrylmagyna girizilen gadaganlyk dowam edýär. Bu aralykda, býujet işgärleri öz orunlaryna hakyna tutulýan pagta ýygymçylaryna niýetlenip, awgust aýynda özlerinden adam başyna 30-40 manat aralygynda toplanan pullary edara ýolbaşçylaryndan yzyna gaýtaryp almaga synanyşyk etdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy oktýabrda sebitden habar berdi. Bu sebitde sentýabryň ortalarynda häkimlik resmileri talyplaryň we býujet işgärleriniň... Читать дальше...

Norweg ýazyjysy Jon Fosse edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy

Azathabar.com 

Norweg ýazyjysy Jon Fosse 5-nji oktýabrda "aýdylmaýan zatlary aýdýan täzelikçi oýunlary we kyssa eserleri üçin" Nobel baýragyna mynasyp boldy. Onuň eserleri "ugruny ýitiren adamy" açyp görkezýär diýip, şwed akademiýasy aýtdy. 64 ýaşly Fosse 40 çemesi pýesa, şol sanda roman, gysga hekaýa, çagalar kitaplaryny, goşgulary we oçerkleri ýazdy. Bu baýrak, edebiýat dünýäsiniň iň abraýly sylaglarynyň arasynda, şwed akademiýasy tarapyndan 11 million şwed krony (takmynan 1 million dollar) baýrak bilen berilýär.

Kümüş medal alan türkmen pälwany neşe barlagynda oňyn netije görkezdi

Azathabar.com 

Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýeke-täk kümüş medalyny gazanan Tejen Tejenow doping synagynda görkezen oňyn netijeleri üçin wagtlaýyn ýaryşdan çetleşdirildi diýip, Haňžou şäherindäki esasy metbugat merkeziniň habarçysy 6-njy oktýabrda habar berdi. Onuň ýazmagyna görä, Aziýa oýunlarynda kümüş medal alan türkmen pälwanynyň neşe barlaglary oňyn netije berdi. Türkmen metbugaty geçen aýyň aýagynda Tejen Tejenow bilen Aýnur Amanowanyň ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň çäginde başlanan kuraş ýaryşlarynda üstünlik gazanandygyny habar berdi. Читать дальше...

Türkmenistan Bütindünýä banky bilen maslahatlaşýar, edilen maslahat aýdylmaýar

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen Bütindünýä banky toparynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen metbugaty 5-nji oktýabrda habar berdi. 4-nji oktýabrda bolan maslahatyň Daşary işler ministrliginiň binasynda, ministriň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew bilen bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy Tatýana Proskurýakowanyň arasynda geçirilendigi aýdylýar. Gepleşikleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibiniň möhüm meseleleri, Türkmenistan bilen Bütindünýä... Читать дальше...

Türkmen uçarlary Londonyň Hitrow howa menziline gatnawyny dikeldýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ýolagçy uçarlary 4-nji noýabrdan başlap ýene Londonyň Hitrow howa menziline uçup başlar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” awiakompaniýanyň resmi web sahypasyna salgylanyp habar berýär. Uçar gatnawlary, habarda aýdylmagyna görä, hepdede bir gezek, altynjy günde amala aşyrylar. Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki awiakompaniýasy London bilen arada COVID-19 pandemiýasy sebäpli togtadylan uçuşlary 2023-nji ýylyň mart aýynda dikeltdi, häzir bu gatnawlar hepdäniň üçünji günleri, Aşgabat... Читать дальше...

Türkmen döwleti ýene 'netijesiz' diýilýän desgalary satýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň satuwa çykarylmagy dowam etdirilýär. Bu gezek türkmen metbugaty 48 desganyň satuwa çykarylýandygyny habar berdi.  Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine salgylanyp berlen maglumata görä, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalar 18-nji oktýabrda, sanly platformanyň (www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň0 üsti bilen geçiriler. Satyljak desgalaryň arasynda Lebap sebitindäki “Amyderýa” söwda kärhanasynyň öňki binasy... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *