Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Новости за 10.10.2023

Diňle: Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýän mahaly, lukmanlar zähmet şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň güni bellenilýär. Ýerli saglyk işgärleri welaýat merkezlerinden galan sebitleriň hassahanalarynyň ýagdaýynyň örän gözgynydygyny aýdyp, zähmet şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny belleýärler.

Aşgabadyň eteginde köçelerdäki itler öldürilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanda häkimiýetleriň idegsiz itleri ýok etmeginiň ýene bir tapgyry geçýär. Köçelerde itleriň tutulmagy köpçüligiň gözüniň öňünde geçýän rehimsizlige öwrülýär. Bu aralykda, haýwanlary goraýan aktiwistler dowam edýän bu zalymlyga ýurt ýolbaşçylarynyň ünsüni çekmek umydy bilen prezidente ýüz tutýarlar. Aşgabat şäheriniň eteginde ýaşaýjylar köçelerde itleriň tutmagyna degişli käbir pursatlary surata düşürmegi başardylar. Bu wakalaryň biri 30-njy sentýabrda Änewde boldy. "Ganhorlar haýwanlary awlaýan ulagynda gelmediler. Читать дальше...

Ysraýyl goşuny Gaza serhedine edýän gözegçiligini gaýtadan dikeltdi

Azathabar.com 

Ysraýyl goşuny 10-njy oktýabr güni irden öz güýçleriniň Gaza zolagy bilen serhetdäki ýerlerine edýän gözegçiligini gaýtadan dikeldendigini we söweşiji toparyň 7-nji oktýabrda başlan görlüp-eşidilmedik hüjüminden soň Ysraýylyň içinde hamas söweşijileriniň 1500 töweregi jesedini tapandygyny aýtdy. Hamas söweşijileriniň hüjüminde Ysraýylda 900 çemesi adam, şol sanda çöl aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan ýaş adamlaryň azyndan 260 sanysy we 73 esger öldürildi. Palestin häkimiýetleri 7-nji oktýabrdan... Читать дальше...

Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Yraga gaz iberer

Azathabar.com 

Türkmenistan we Yrak Yragyň elektrik stansiýalaryna tebigy gaz ibermek boýunça düşünişmek ylalaşygyna gol çekdi diýip, türkmen we yrak metbugaty habar berýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Yrgayň elektrik ministri Ziad Ali Fadeliň 6-njy oktýabrda Bagdatda bolan duşuşygynda gas üpjünçiligi barada düşünişmek ähtnamasyna gol çekildi. Mundan ozal, taraplaryň energetika resmileri awgust aýynda Aşgabatda duşuşyp, türkmen gazynyň Yraga iberilmegi boýunça deslapky ylalaşyga gol çekdiler. Читать дальше...

Türkmenistan saglyk işgärleriniň gününi belleýän mahaly, lukmanlar zähmet şertleriniň ýyl-ýyldan ýaramazlaşýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

10-njy oktýabrda Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň güni bellenilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow bu gün mynasybetli ýollan gutlagynda paýtagtda we welaýatlarda täze saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezleriniň we häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleriniň gurlandygyny aýdýar. Şeýle-de, onda bu sebäpli ýurtda “lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliliginiň, elýeterliginiň we hiliniň yzygiderli ýokarlanýandygy” öňe sürülýär. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş... Читать дальше...

Russiýa oppozisioneriň doganyny tutup, Duşenbä iberdi

Azathabar.com 

Rus häkimiýetleri oppozisiýa teleýaýlymynyň müdiriniň doganyny Täjigistana ekstradisiýa etdiler diýip, onuň 9-njy oktýabrda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan garyndaşlary aýtdy. Asliddin Şarifowyň garyndaşlary AÝ/AR-nyň Täjik gullugyna Russiýanyň Ýekaterinburg şäheriniň polisiýasynyň ony geçen ýylyň sentýabr aýynda tussag edendigini we bir ýyla golaý ekstradisiýa tussaghanasynda saklap, şu ýylyň 1-nji oktýabrynda Täjigistana iberendigini aýtdy. Täjik häkimiýetleri Şarifowyň, oppozisiýadaky... Читать дальше...

Gyrgyz häkimiýetleri “ýok edilen” jenaýat  ketdesiniň $1 milliardlyk baýlygyny aldy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 9-njy oktýabrda geçen hepde Bişkekde geçirilen ýörite operasiýada öldürilen jenaýat ketdesiniň, Kamçi Kolbaýewiň 1 milliard dollarlyk emläginiň konfiskasiýa edilendigini aýtdy. Waşington Kolbaýewi 2011-nji ýylda neşe gaçakçylygynda güman edilýän esasy neşe söwdagärleriniň global sanawyna goşdy. 49 ýaşly erkek “kanunlaşan ogry” hökmünde tanalýardy, öňki sowet respublikalarynda bu at-dereje, däp boýunça, jenaýatçy toparlaryň arasynda aýratyn tapawutlanan, ýakasyny tanadan şahslara berilýärdi. Читать дальше...

Ysraýyl goşuny Gaza serhedine gözegçiligi ele aldy, Hamas ýaraglylarynyň 1500-siniň jesedi tapyldy

Azathabar.com 

Ysraýyl goşuny 10-njy oktýabr güni irden öz güýçleriniň Gaza zolagy bilen serhetdäki ýerlerine edýän gözegçiligini gaýtadan dikeldendigini we söweşiji toparyň 7-nji oktýabrda başlan görlüp-eşidilmedik hüjüminden soň Ysraýylyň içinde hamas söweşijileriniň 1500 töweregi jesedini tapandygyny aýtdy. Hamas söweşijileriniň hüjüminde 900 çemesi adam, şol sanda çöl aýdym-saz festiwalyna gatnaşýan ýaş adamlaryň azyndan 260 sanysy öldürildi. Palestin häkimiýetleri 7-nji oktýabrdan bäri Gazada we Iordan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *