Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Новости за 16.10.2023

Biometriki pasport üçin nobat 2024-nji ýylyň maýyna çenli uzady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň ilatynyň arasynda ýurduň daşyna çykmaga islegler artýar. Ýurduň Migrasiýa gulluklarynda nobatlar uzaýar, Lebap welaýatynda häzir raýatlara indiki ýylyň ýaz aýlarynda daşary ýurt pasportyny almak üçin talon berilýär. Lebap welayatynda biometriki pasporty almak isleýänler gaty köp, emma dokument taýýarlatmak üçin raýatlara diňe 2024-nji ýylyň maý aýynda ýüz tutmaga mümkinçilik birilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, pasport nobaty indiki ýylyň mart aýyndan maý aýyna çenli sanlyja günüň dowamynda uzapdyr. Читать дальше...

Balkanyň häkimiýetleri esgerleri mejbury pagta ýygymyna köpçülikleýin çekýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň häkimiýetleri mejbury pagta ýygymynyň gerimini ýene güýçlendirip, bu işlere sebitiň harby birikmelerinde gulluk edýän esgerleri köpçülikleýin çekýärler. Bu ýagdaýlar barada habar berýär Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we çeşmeleri esgerleriň agyr şertlerde pagta ýygýandygyny, olaryň azyk üpjünçiliginiň juda pesdigini aýdýarlar. “Şu ýyl Balkanda gulluk edýän esgerleriň tas ählisi ýatymlaýyn pagta ýygymyna çekildi. Hat-da olaryň hataryna deňizçi esgerler hem goşuldy. Geçen... Читать дальше...

Owganystanda bolup geçýän ýertitremeleri Serhetabatda we Tagtabazarda hem güýçli duýulýar

Azathabar.com 

Owganystanyň Herat welaýatynda 15-nji oktýabrda bir hepdäniň içinde üçünji gezek iri ýertitremesi boldy. Bu sarsgynlar Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde, şol sanda Serhetabat we Tagtabazar etraplarynda ýiti duýulýar. Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gözleg gullugyna görä, 15-nji oktýabrda Owganystanyň Herat welaýatynyň Herat şäheriniň golaýynda 6,3 bal ululygynda ýertitremesi boldy. Sebitde bir günüň dowamynda 5,4 magnitýudly beýleki bir ýer sarsgyny hem hasaba alyndy. Soňky sarsgynlarda azyndan bir adam öldi, 150 adam ýaralandy. Читать дальше...

Azatlygyň maglumatyndan soň, Nyýazow adyndaky hassahananyň baş lukmany arassaçylyk işgärlerine käýedi

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň Saparmyrat Nyýazowyň adyny göterýän şäher hassahanasynda şertleriň barha ýaramazlaşýandygy baradaky maglumatynyň yzysüre, bu edaranyň baş lukmany arassaçylyk işgärlerine käýedi. Şeýle-de, lukman işgärlere öz işlerini talaba laýyk berjaý etmeýändiklerini aýdyp, olardan düşündiriş ýazmagy talap etdi. Bu ýagdaýlar barada Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri maglumat berdiler. “13-nji oktýabrda irden sagat 8 töwereginde hassahananyň baş lukmany tam süpürijileriň otaglary süpürýän mata bölegini eline alyp... Читать дальше...

Onlarça tatar aktiwisti 1552-nji ýylda ýykylan Kazan hanlygynyň goragçylaryny ýatlady

Azathabar.com 

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda onlarça aktiwist toplanyp, 1552-nji ýylda rus goşunlary tarapyndan gabawa alnan şäheriň goragynda wepat bolan tatarlary hatyraladylar. Emma muňa garamazdan, häkimiýetler Kazan hanlygynyň ýykylmagynyň 451 ýyllygy mynasybetli gurnalmakçy bolan köpçülikleýin ýygnanyşyga resmi taýdan rugsat bermekden ýüz öwürdiler. Bu sene ýa-da hatyra güni Sowet Soýuzy dargaly bäri bellenip gelinýär. Aktiwistler 15-nji oktýabrda Kazandaky Soýembike... Читать дальше...

Alyýew Dagly-Garabagyň ozalky paýtagtynda azerbaýjan baýdagyny galdyrdy

Azathabar.com 

Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bazar güni Hankendi şäherinde (öz-özüni jar eden Dagly-Garabagyň öňki paýtagty Stepanakert) ýurduň baýdagyny galdyrdy. Mundan başga, Alyýew 19-njy sentýabrda sebitde geçirilen harby operasiýadan soň Bakuwyň gözegçiligine alnan Hojalyda, Agderde we Garabagyň beýleki ilatly ýerlerinde azerbaýjan baýdaklaryny galdyrdy. Şeýlelikde, Azerbaýjan Garabagdaky özygtyýarlylygyň doly dikeldilendigini görkezdi. Garabag halkara hukugyna laýyklykda Azerbaýjanyň bir bölegi hasaplanýar. Читать дальше...

Ysraýylyň gury ýer hüjümi wehimi Gazanyň hassahanalaryny we mekdeplerini adamdan doldurdy

Azathabar.com 

Gabalan Gazadaky palestinalylar, pena agtaryp we azyk, suw ýetmezçiligi sebäpli, 16-njy oktýabrda hassahanalara we mekdeplere ýygnandylar. Günorta Ysraýyla çozan Hamasy we onuň söweşijilerini ýok etmek maksady bilen guralmagyna garaşylýan gury ýer hüjüminiň öňüsyrasynda, bir milliondan gowrak adam ýaşap oturan öýlerinden gaçdy. Hamasyň harby infrastrukturasynyň köp bölegi şäher ýerlerinde ýerleşýär we, köçeme-köçe görnüşinde ýaýbaňlanjak söweşleriň iki tarapda-da kän adam pidasyna sebäp bolmagy mümkin. Читать дальше...

Çeşmeler: Aşyrbaý Bekiýewe 23 ýül türme tussaglygy berildi

Azathabar.com 

Golaýda Russiýadan Türkmenistana iberilen Aşyrbaý Bekiýew 23 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, birnäçe çeşme habar berýär. Bu Türkmenistanda dini ynanjy sebäpli we galplaşdyrylan aýyplamalar esasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etmek praktikasynyň, adamlary gorkuzyp saklamak ýörelgesiniň dowam etdirilýändigini yşarat edýär diýip, synçylar aýdýar.  Hukuk goraýjy Witaliý Ponomarewiň we “Türkmen.news” neşiriniň öz çeşmelerine salgylanyp ýazmagyna görä, awgust aýynyň aýagynda Russiýadan... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *