Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Новости за 23.10.2023

Aşgabatda azyk paýlaryny dükanlaryň arka gapysyndan hususyýetçilere satmak tejribesi ‘möwjeýär’

Azathabar.com 

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanmaly azyk önümleriniň dükanlaryň arka gapysyndan hususy telekeçilere we taraplara uly mukdarda satylmagy bilen bagly tejribe gaýtadan ýüze çykdy. Bu barada döwlet dükanlarynyň we paýtagtyň söwda edarasynyň birnäçe işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Bu waka, ýurduň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanmaly azyk harytlarynyň gytçylygynyň saklanyp galýan mahalyna gabat gelýär. “Türkmenistanyň Söwda we daşary... Читать дальше...

Türkmenabatda biometriki pasport üçin talonlaryň berilmegi togtadyldy

Azathabar.com 

Daşary ýurtlara syýahat etmek üçin biometriki pasportlary almak türkmen raýatlarynyň ençemesi üçin hem zerur, hem-de agyr mesele bolmagyna galýar. Pasporta bolan islegler güýçlenýärkä, ony almak mümkinçiligi gitdigiçe azalýar. Nobatlar birnäçe günüň içinde indiki ýylyň güýzüne baryp ýetenden soň, ýurduň käbir sebitlerinde asla togtadyldy. Lebap welaýatynda daşary ýurt pasportlaryna dokumentleri tabşyrmak üçin talon bermek bes edildi. Azatlygyň habarçylary bu barada migrasiýa gullugynyň işgärlerine salgylanyp... Читать дальше...

‘Bir kemsiz asfaltlanan köçeler, ýaldyrap duran jaýlar, azyk bolçulygy’ – prezidentiň ata-baba dokduk etraby Gökdepe

Azathabar.com 

Türkmenistanyň häzirki we öňki prezidentleriniň ata-baba dogduk etraby bolan Gökdepä döwlet derejesinde üns berilýändigini oňa giren badyňa synlasa bolýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji oktýabrda beren maglumatynda aýdýar. “Etrap merkeziniň we obalarynyň bir kemsiz asfaltlanan köçeleri, ýaldyrap duran ýaşaýyş we durmuş maksatly jaýlar, dükanlardaky we bazarlardaky azyk bolçulygy, ýollardaky aglabasy täze awtoulaglar hem muňa şaýatlyk edýär” diýip, ýakynda etraba aýlanyp gören habarçymyz gürrüň berýär. Читать дальше...

Russiýa Ýehowa şaýadynyň raýatlygyny ýatyrdy, Türkmenistana deportasiýa etdi

Azathabar.com 

Russiýa dini sebäpler bilen 2.5 ýyl tussaglykda oturyp çykan, Ýehowa şaýady Rustam Seidkuliýewi 17-nji sentýabrda Türkmenistana deportasiýa etdi. Bu barada dini guramanyň websaýtynda 19-njy oktýabrda çap bolan habarda bellenilýär. Maglumata görä, 46 ýaşly Seidkuliýew aprelde tussaglykdan çykan bolsa-da, rus häkimiýetleri onuň raýatlygyny ýatyrypdyrlar we Türkmenistana derpotasiýa etmek baradaky karara gelipdirler. Maglumatda Seidkuliýewiň 1977-nji ýylda Türkmenistanda doglandygy we 1993-nji ýyldan... Читать дальше...

Russiýanyň sudy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalistiniň tussaglyk möhletini uzaltdy

Azathabar.com 

Russiýanyň sudy sülçüleriň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň tussaglyk möhletini uzaltmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrdy. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Tatar-Başkyr gullugynda işleýän Kurmaşewa daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmazlykda aýyplanyp saklandy. Kazanyň Sowetskiý etrap sudunyň 23-nji oktýabrdaky kararyna laýyklykda, Kurmaşewa 5-nji dekabra çenli deslapky tussaghanada saklanyp bilinýär. Kurmaşewanyň aklawçysy tussaglygy göz öňünde tutmaýan başga bir öňüni alyş çäresiniň berilmegini sorapdy.



Çäkli mukdardaky hemaýat Gaza geçdi. Ysraýyl Gaza zolagyna zarbalary urdy

Azathabar.com 

23-nji oktýabrda irden Ysraýylyň harby uçarlary Gaza sebitindäki nyşanalara zarba urdy. Bu aralykda, nobatdaky çäkli mukdardaky hemaýatyň Hamasyň ýolbaşçylygyndaky zolaga aşmagyna ygtyýar berildi. Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýylyň günortasyndaky ilatly nokatlaryna garşy amala aşyran zalym hüjümlerinden soň, Ysraýylyň Gaza zolagynda ýer operasiýasyna başlajakdygyna garaşylýar. Tanklar we esgerler Gaza serhediniň golaýynda jemlendi.

Türkmenistanda harby okuw türgenleşigi geçirildi

Azathabar.com 

21-nji oktýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurduň Ýaragly güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň bilelikdäki harby okuw türgenleşigini synlady. Resmi habarda bu gezekki harby okuw türgenleşiginiň ýurduň beýleki goşun galalaryndaky we deňiz güýçlerindäki okuw merkezlerinde-de geçirilendigi, olaryň sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda göni ýaýlymda görkezilendigi aýdylýar. Toparlaryň öňünde garşylykly hereket edýän toparlary zyýansyzlandyrmak... Читать дальше...

Özbek prezidentiniň aýaly Türkmenistanyň prezidentiniň ejesini Daşkende çagyrdy

Azathabar.com 

Özbegistanyň prezidentiniň aýaly Zirorat Mirziýoýewa Türkmenistanyň prezidentiniň ejesi, Halk maslahatynyň başlygynyň aýaly Ogulgerek Berdimuhamedowany Daşkende çagyrdy. Bu baradaky çakylyk türkmen mediasynda 20-nji oktýabrda çap edildi. 9-njy noýabrda özbek paýtagtynda “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi” atly halkara forum geçirilýär. Şol bir wagtda, çakylygyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýalyna däl-de, ejesine ýollanmagynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Читать дальше...

Eýran iki žurnalisti uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi

Azathabar.com 

22-nji oktýabrda Eýranyň sudy iki sany zenan žurnalisti, 2022-nji ýylda tussaglykda ýogalan 22 ýaşly Mahsa Amininiň işini beýan edeni üçin, uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi. Bu ABŞ we hukuk goraýjy aktiwistler tarapyndan ýazgaryldy. Döwletiň eýeçiligindäki IRNA habar gullugynyň maglumatyna görä, 31 ýaşly Nilufar Hamedi ýedi ýyl, 36 ýaşly Elahah Mohammadi hem alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir. Maglumatda olaryň “duşmançylykly ABŞ-nyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmekde” günäli tapylandygy aýdylýar. Читать дальше...

Özbegistan Koştepa kanalynyň meseleleri boýunça, Owganystana hökümet delegasiýasyny iberýär

Azathabar.com 

Özbegistanyň hökümet delegasiýasy Owganystanda “Talyban” tarapyndan gurulýan Koştepa kanaly boýunça gepleşikler geçirer. Bu barada Surhanderýa sebitiniň ýolbaşçysy Ulugbek Kasymow Gazeta.uz neşiriniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy. Bu maglumat 17-nji oktýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçen Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) Baş Assambleýasynyň 25-nji mejlisiniň çärelerine gatnaşan häkim tarapyndan yglan edildi. Kanalyň gurluşygynyň sebite ýetirjek täsiri barada gürrüň edip... Читать дальше...

Pakistanyň ozaky premýer-ministri Khan gizlin dokumentleriň syzdyrylmagy boýunça aýyplanýar

Azathabar.com 

Pakistanyň Rawalpidi şäherindäki sudy ýurduň ozalky premýer-ministri Imran Khana we ozalky daşary işler ministri Şah Mehmud Kureşä gizlin dokumentleriň syzdyrylandygy aýdylýan iş boýunça aýyplama bildirdi. Olaryň ikisi-de bu aýyplamalary ret etdiler. Gürrüňi gidýän iş geçen ýyl Pakistanyň Waşingtondaky ilçisinden gelen hat bilen ilteşikli. Han ony özüniň häkimiýetden çetleşdirilmeginde Pakistanyň täsirli harbylarynyň we ABŞ-nyň ilteşigi bar ýaly edip görkezmäge çalyşdy. Olaryň ikisi hem bu aýyplamany ret etdiler. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *