Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Новости за 19.10.2023

Aşgabatda ýyladyş turbalary gyssagly çalşylýar; Türkmenbaşyda ýaşaýjylar aşhana gazy bilen ýylynýar

Azathabar.com 

Jaýlary ýylatmak paslynyň golaýlamagy Aşgabatda we beýleki şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň infrastrukturasyndaky kemçilikleri ýene bir gezek ýüze çykardy. Ýurduň dürli künjeklerinde abatlaýyş işleri alnyp barylýar, käbir ýagdaýlarda döwülen turbalar gyssagly abatlanýar. Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky ýagdaý barada hasabat berýärler.  Şu günler Aşgabadyň dürli ýerlerinde turbalary çalyşmak işlerini geçirýän jemagat gulluklarynyň işgärlerini görmek bolýar. Ýyladyş möwsüminiň golaýlamagy... Читать дальше...

Maryda döwlet TW-si üçin wideo düşürilen nobatdaky çärede gatnaşyjylar boş sahna el çarpdy

Azathabar.com 

Mary şäherinde ýurduň döwlet telewideniýesine reportažlary taýýarlamak üçin köpçülikleýin çäreleriň ýene biri geçirildi. Oňa býujet işgärleri, ýokary okuw jaýynyň talyplary we orta hünär mekdepleriniň okuwçylary mejbury gatnaşdyryldy. Bu aralykda, çärelerden halys ýadandyklaryny aýdýan býujet işgärleriniň ençemesi çäreden boşamak üçin edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna 60 manat para berýändiklerini gürrüň berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 19-njy oktýabrda sebitden beren maglumatyna görä, nobatdaky... Читать дальше...

Bäş aýlap un paýyna garaşan marylylara bitli we gurçukly un paýlandy

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň döwlet dükanlarynda ilata iýun aýy üçin “un paýogy” satylyp başlandy. Ýöne etrap ýaşaýjylary özleriniň tas bäş aýlap garaşan ununy satyn almaga baranda, onuň bitli we gurçuklydygyny bilip galdylar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 19-njy oktýabrda sebitden maglumat berdi. “Marynyň etraplarynyň tas ählisinde, şol sanda Türkmengalada we Sakarçägede paýlanýan içi bitli we gurçukly unuň juda ýakymsyz ysy hem bar” diýip, habarçymyz aýtdy. Alyjylaryň köpüsi unuň hilinden nägile bolup... Читать дальше...

Aýal-gyzlar sürüjilik mekdeplerine kabul edilmekde ýaş çäklendirmeleri bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde sürüjileri taýýarlaýan awtoulag dolandyryş okuw mekdepleri aýal-gyzlary okuwa kabul etmek boýunça täze çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Sürüjilik mekdepleri öňümizdäki okuw tapgyrynda ýaş zenanlary okuwa kabul etmezlik boýunça özlerine transport we içeri işler edaralaryndan tabşyrygyň gelip gowşandygyny aýdýarlar. Täze görkezmelere laýyklykda, sürüjilik şahadatnamasyny almaga hukugy bolan aýal-gyzlaryň ýaş çäklendirmesi 41 ýaş hökmünde kesgitlenipdir diýip... Читать дальше...

ABŞ Müsüriň Gaza geçelgesini açandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Gaza zolagyndan çykyp bilmän galan 2,3 million adamyň ýüzbe-ýüz bolan ynsanperwerlik krizisiniň çuňlaşmagynyň Ýakyn Gündogarda Ysraýyla garşy guralýan protestleriň möwjäp galmagyna sebäp bolmagy bilen, palestinalylara kömek bermek üçin, Müsür özüniň Gaza zolagy bilen aradaky serhet geçelgesini açmaga razy boldy diýip, ABŞ aýtdy. 16-njy oktýabrda Gazanyň Al-Ahli al-Arabi keselhanasynda bolan partlamadan soň, sebit durnuksyz bolmagynda galdy, palestinaly resmiler bu partlama netijesinde 471 adamyň... Читать дальше...

Ysraýyl Müsüriň Gaza çäkli mukdarda kömek geçirmegine rugsat berdi

Azathabar.com 

Ysraýyl 18-nji oktýabrda Müsüriň Gaza zolagyna çäkli mukdarda ynsanperwer kömegini geçirmegine mümkinçilik döretjekdigini aýtdy. Premýer-ministr Benýamin Netanýahuyň edarasy bu kararyň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň haýyşy esasynda tassyklanandygyny aýtdy. Premýer-ministriň edarasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, “üpjünçilik Hamasa baryp ýetmese, azyk, suw we derman önümleriniň iberilmegine “päsgel berilmez”. Gazadaky geçelgeleriň köpüsine gözegçilik edýän Ysraýyl üpjünçiligiň öz çäginden eltilip berilmegine rugsat bermez.

Berdimuhamedow Aşgabat-Pekin hyzmatdaşlygynyň “maksadaokgunly ösdürilýändigini” aýtdy

Azathabar.com 

Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň başlygy Si Szinpin bilen duşuşyp, Aşgabadyň Pekin bilen aradaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Öňki prezidentiň tassyklamagyna görä, bu iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ähli ugur boýunça “yzygiderli, gyşarnyksyz we maksadaokgunly ösdürilýär”. “Biz ...hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *