Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Новости за 26.10.2023

Diňle: Türkmenbaşyda çilim satýan hususy dükanlar barlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda çilim söwdasy häkimiýetleriň üns merkezinde galýar. Munuň netijesinde şu günler çilim ýene-de satuwda azaldy ýa-da ýok boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenbaşyda çilim satýan dükanlarda reýd geçirilendigini habar berýärler.

Türkmenistanyň raýatlyk pasportynyň “täze nusgasynda ‘milleti’ bölümi aýrylýar”

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlyk pasportynyň ýakynda girizilmegi göz öňünde tutulýan täze nusgasynda şahsyň “milleti” diýen bölümi aýrylar. Bu barada Azatlygyň habarçysy ýagdaýlardan habarly Içeri işler ministrligindäki çeşmesine salgylanyp aýdýar. Bu maglumaty häzirlikçe resmi ýagdaýda tassykladyp bolmady. Mundan ozal, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan milli azlyklaryň wekilleri raýatlaryň şahsyýetini görkezýän resminamalarda pasportyň eýesiniň “milletini” görkezmek bilen, olaryň degişli bolan milli etniki toparynyň göz öňünde tutulýandygyny... Читать дальше...

Türkmenbaşyda çilim satýan hususy dükanlar barlanýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda çilim söwdasy häkimiýetleriň üns merkezinde galýar. Munuň netijesinde şu günler çilim ýene-de satuwda azaldy ýa-da ýok boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenbaşyda çilim satýan dükanlarda reýd geçirilendigini habar berýärler.  Çilimiň dürli görnüşlerini satýan hususy dükanlaryň tas ählisinde, şol sanda "Gülälek", "Ýedi gün", "Aşgabat", "Şanly", "Bahar", "Çynar" atly dükanlarda temmäki önümleri doly satuwdan aýrylypdyr. Bu barada 26-njy oktýabrda maglumat beren Azatlygyň... Читать дальше...

Amerikan polisiýasy Lewistondaky atyjyny gözleýär

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Meýn ştatynyň Lewiston säherinde bir barda we bowliň meýdanaçasynda bolan atyşkdan soň metbugat ölenleriň sanynyň 16-dan 22-e çenli ýetendigini, onlarça adamyň ýaralanandygyny habar berdi. Ýüzlerçe polisiýa işgäri köpçülikleýin adam öldürmekde güman edilýän atyjyny gözleýär. Resmiler bu hadysada ejir çeken adamyň kändigini aýtdylar, ýöne anyk sanlary bermekden saklandylar. Döwlet we ýerli polisiýa bu işi 40 ýaşly Robert R. Kard bilen baglanyşdyrýar. Ol tomusda, aýdylmagyna görä, ruhy hassahana ýerleşdirilipdir.

Baýden ysraýylylaryň palestinalylara garşy ar alyş hüjümlerini ýazgarýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 25-nji oktýabrda Hamasyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla guran hüjümlerinden soň Günbatar Kenardaky palestinalylara bu ýere göçüp gelen ysraýyllylar tarapyndan edilen ar alyş hüjümlerine garşy çykyş etdi. Baýden "ekstremist göçüp gelenleriň" hüjümleriniň Ýakyn Gündogardaky ýangyna "benzin guýmak" bilen deň bolandygyny aýtdy. “Ol duruzylmaly. Olar jogapkärçilige çekilmeli. Bu häziriň özünde ol duruzylmaly" diýip, Baýden Ak tamda Awstraliýanyň premýer-ministri Entoni Albanese... Читать дальше...



Paşinýan: Azerbaýjan bilen parahatçylyga umyt baglaýarys

Azathabar.com 

Ermenistan gelýän aýlarda Azerbaýjan bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşyp, onuň bilen diplomatik gatnaşyk gurmaga umyt baglaýar diýip, Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan aýtdy. Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside geçirilen forumda çykyş eden Paşinýan Ermenistanyň Azerbaýjanyň ýakyn ýarany bolan Türkiýe bilen aradaky serhediniň hem üçünji ýurduň raýatlaryna açylmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy. Onuň bu sözleri Azerbaýjan geçen aý halkara derejesinde azeri topragy hasaplanýan, ýöne 1990-njy... Читать дальше...

Býujetçilerden, talyplardan gazet-žurnallara abuna ýazylmak talap edilýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň býujet edaralarynda, ýokary okuw jaýlarynda gazet-žurnallara 2024-nji ýylyň birinji ýarymy üçin mejbury abuna ýazylmak möwsümi başlandy. Häkimiýetler neşirleriň hem onlaýn, hem-de kagyz görnüşlerine ýazylmagy, şeýle-de degişli töleg kwitansiýasyny hödürlemegi talap edýärler. Lebapdaky habarçymyz berk döwlet gözegçiligindäki gazet-žurnallaryň mazmunynyň okyjylarda köplenç gyzyklanma döretmeýändigini, goşmaça mejbury çykdajylaryň bolsa, maşgala býujetine agram salýandygyny aýdýar. Читать дальше...

Russiýa we Hytaý ABŞ-nyň taýýarlan karar taslamasyna weto goýdy

Azathabar.com 

Russiýa we Hytaý 25-nji oktýabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde ABŞ-nyň Ysraýyl-Hamas urşy barada taýýarlan kararynyň taslamasyna weto goýdy, Russiýa tarapyndan taýýarlanan karar taslamasy bolsa, kabul edilmegi üçin zerur bolan iň az sesi hem alyp bilmedi. ABŞ-nyň taslamasy Gazada barha erbetleşýän gumanitar krizisiň öňüni almagy maksat edinýär. Emma geňeş agzalarynyň 10-sy tarapyndan goldanan taslama Birleşen Arap Emirlikleri garşy boldy, Braziliýa we Mozambik bolsa saklandy. Geňeş soňra Russiýa... Читать дальше...

Ysraýyl Gazada 'söweşiň indiki tapgyrynyň' öňündäki operasiýasyny geçirdi

Azathabar.com 

Harby güýçleriň Palestinanyň Hamas söweşiji toparyny ýok etmäge gönükdirilen guryýer hüjümine taýýarlyk görmegi bilen, Ysraýyl öten agşam Gaza zolagyny bombalamagy dowam etdirdi. Harby güýçler guryýer goşunlarynyň Gazanyň içine girip, Hamasyň nyşanalaryna hüjüm edendigini aýtdy we soňra Palestina anklawyna girendigi aýdylýan sowutly ulaglary görkezýän wideony ýaýratdy. Harbylaryň beýanatynda nygtalmagyna görä, bu operasiýa “söweşiň indiki tapgyrlaryna görülýän taýýarlygyň” öňünden geçirildi.... Читать дальше...

«Көргәзмә/Görkezme». Almatyda Sinjianga bagyşlanan sergi açyldy

Azathabar.com 

Gazagystanyň Almaty şäherinde, Gündogar Türkestanda (Hytaýyň Sinjiang welaýatynyň taryhy ady) ýaşaýan ýerli halklar – uýgurlaryň, gazaklaryň we beýleki etniki toparlaryň wekilleriniň durmuşy we ýagdaýy barada gürrüň berýän sergi dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň reportýory ol sergä baryp gördi. Serginiň guramaçylary oňa «Kөргәзмә» diýen at beripdirler, ol uýgur dilinde “görkezmeli däl” diýmekdir. 20-nji oktýabrda açylan sergi senzura meselesindäki gysyşlary gozgamak, zehinli uýgur we gazak ýaşlaryny... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *