Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2023
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28
29
30 31

Новости за 30.10.2023

Diňle: Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp başladylar. Şäher häkimliginiň wekilleri sebit ýaşaýjylaryna jaýlary ýykylýan raýatlara Büzmeýin şäherinden kwartiralaryň beriljekdigini dilden wada berýärler.

Berdimuhamedow alabaý güni bilen ogluny gutlady, ýurtda idegsiz itler ýok edili

Azathabar.com 

Türkmenistanda alabaý güni dabaraly bellendi. Çopan it tohumy döwlet derejesinde mahabatlandyrylýar. Emma beýleki itler tutulmak we ýok edilmek howpy astynda galýar, baýramçylyk güni wehim hasam artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky günlerde itleriň köpçülikleýin ýok edilendigi barada maglumat berdiler. "27-nji oktýabrda jemagat gulluklaryň işgärleri Baýramalyda wagşyçylyk bilen arassalaýyş geçirdiler. Itleri, şol sanda öý itlerini-de tutdular. Käbirlerini dessine öldürdiler, olaryň arasynda alabaý itleri hem köpdi" diýip... Читать дальше...

Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýykyp başladylar. Şäher häkimliginiň wekilleri sebit ýaşaýjylaryna hökümetiň bu jaýlary ýykmak kararyna gelendigini aýdýarlar we jaýlary ýykylan raýatlara Büzmeýin şäherinden kwartiralaryň beriljekdigini dilden wada berýärler, ýöne bu barada resmi hat gowşurmaýarlar. Bu barada sebit ýaşaýjylarynyň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi. “Jaý ýykyşlygyna Bagyryň Gökje... Читать дальше...

Türkmenabatda hususy ulag polisiýa işgärini kakdy

Azathabar.com 

29-njy oktýabrda Türkmenabatda bir hususy awtoulagyň ýol polisiýa işgärini kakmagy netijesinde, ofiser agyr ýagdaýda hassahana düşdi. Habarçymyz Lebabyň merkezi şäherindäki bu hadysanyň sürüjiniň polisiýa işgäriniň talabyny berjaý etmekden ýüz öwürmegi sebäpli ýüze çykandygyny anyklady. Çeşmelerimiziň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan bu waka bilen ilteşikli käbir jikme-jikler, şol sanda anyk adam atlary äşgär edilmeýär. “Ýekşenbe güni, sagat 00:30 töwerekleri ‘Toyota’ kysymly hususy awtoulagyň eýesi... Читать дальше...

Bişkekdäki sammit wagtynda türkmen prezidentiniň fotoshop edilişi ünsi çekdi

Azathabar.com 

13-nji oktýabrda GDA döwlet baştutanlarynyň Bişkekdäki sammitinde türkmen žurnalistleri hem işledi. Döwlet habar beriş serişdeleriniň wekilleri beýleki ýurtlardan baran kärdeşleri bilen bir ýerde işlediler. Türkmenistandan baran žurnalistiň iş usulynyň özboluşlylygy beýleki habarçylaryň ünsüni özüne çekdi.

ABŞ Ysraýylyň Gazadaky parahat adamlar üçin jogapkärdigini aýdýar

Azathabar.com 

Ysraýyl Gazadaky bigünä adamlaryň ömürlerini goramakda jogapkärçilik çekýär diýip, ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan 29-njy oktýabrda, parahat palestinalylaryň ölümi baradaky tankydyň barha ýokarlanýan wagtynda aýtdy. Gaza zolagynda ölenleriň sanynyň müňlerçe adama baryp ýetmegi bilen, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyna Ysraýyla berýän berk goldawynyň ýaranlarynyň edýän ähli işini makullaýandygyny aňlatmaýandygyny açyk-aýdyň etmegi üçin edilýän basyş köpelýär. Salliwan telewideniýede... Читать дальше...

Gazak käninde ölen 46-njy pidanyň jesedi tapyldy

Azathabar.com 

HOLA habar gullugynyň maglumatyna görä, Karagandy sebitindäki kömür käninde bolan ýangynda ölen 46-njy pidanyň jesedi tapyldy. 28-nji oktýabr güni, ir sagatlarda turan ýangyn Kostenko käninde 252 töweregi adamyň ýer astynda işleýän wagtyna gabat geldi diýip, ArcelorMittal, dünýäde ikinji orunda durýan polat öndüriji kompaniýa aýtdy. Ýangyn turan wagtynda ýer astynda işleýän magdançylaryň 206-sy özbaşdak ýagdaýda ýer astyndan çykmagy başardy. DNK synaglary ýurduň post-sowet taryhynda bolup geçen... Читать дальше...

Netanýahu Gazadaky operasiýany "Ysraýylyň ikinji garaşsyzlyk urşy" diýip atlandyrdy

Azathabar.com 

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu altynjy gün Tel-Awiwde, Hamas toparynyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla eden hüjüminden bäri ilkinji metbugat ýygnagyny berdi. Onuň bilen bir wagtda ýygnaga goranmak ministri Ýoaw Galant we ýurduň öňki goranmak ministri, Milli agzybirligiň adatdan daşary hökümetine goşulan Benni Gantz hem gatnaşdy. Ministrler kabinetiniň agzalary ysraýyl goşunynyň Gaza zolagyna doly möçberinde girizilmeginiň gutulgysyz bolandygyny aýtdylar. Netanýahu Hamasa garşy söweşi “Ysraýylyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *