Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Новости за 03.11.2023

Türkmen prezidenti hasyl meselesini 'bilimli' çözmek kararyna geldi

Azathabar.com 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag institutlaryny döretmek hakyndaky karara gol çekdi. TDH-nyň ýazmagyna görä, bu karar ýurtda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we tohumçylyk işini ylmy esasda alyp barmaga kömek etmeli. Synçylar bu çärä ýurtda dowam edýän azyk meseleleriniň bölekleýin tassyklanmagy hökmünde garaýarlar. Berdimuhamedow dördünji gün geçiren mejlisinde ýurduň bugdaý ekişini tamamlandygyny aýdyp, ekin meýdanlaryndan doly gögeriş almagyň wajypdygyny ýatlatdy. Читать дальше...

Türkmen boksçysy ýurduň taryhynda ilkinji gezek ASBC Aziýa ýetginjekler çempiony boldy

Azathabar.com 

Türkmenistanly boksçy Daýanç Durdynepesow ýurduň taryhynda ilkinji gezek Aziýanyň Boks konfederasiýasynyň (ASBC) Aziýa ýetginjekler çempiony boldy. Bu barada guramanyň websaýtynda habar berilýär. Gazagystanyň Astana şäherinde geçýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda, 16 ýaşly Durdynepesow final duşuşygynda gyrgyzystanly Ahmadi Arwazadan üstün çykdy. Olar 63 kilogram agramda bäsleşdiler. 2-nji noýabrda geçirilen duşuşygyň birinji urgy alyş-çalyşygynda gyrgyzystanly boksçy Durdynepesowy nokautirlese-de... Читать дальше...

Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanda ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolan "Altyn Asyr" öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynyň hili ýene ýaramazlaşdy. Şu günler Mary welaýatynyň ýaşaýjylary telefon jaňlarynyň hiliniň we Internetiň tizliginiň juda peselendigini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji noýabrda sebitden maglumat berdi. “Adamlar beýleki abonente jaň etmek üçin, onuň belgisine azyndan 10-12 gezek aýlamaly bolýarlar. Iň ýaman ýeri bolsa, jaň gidirip, ýaňy gürleşip başlaýaň welin, dessine ara kesilýär. Читать дальше...



Pakistan owgan raýatlarynyň çykmagyny tizleşdirmek üçin goşmaça serhet geçelgelerini esaslandyrdy

Azathabar.com 

Pakistan dokumentleşdirilmedik onlarça müň owgan raýatynyň ýurtdan çykmagyny tizlendirmek üçin, 3-nji noýabrda täze serhet-geçiş nokatlaryny ýola goýandygyny yglan etdi. Yslamabat muny bosgunlar we hukuk toparlarynyň bu baradaky meýillerine gaýtadan seretmek baradaky çagyryşlaryna hem garamazdan amal etdi. Maglumata görä, Pakistany terk etmek üçin adamlaryň has köp gelýän demirgazyk-günbatardaky Torkham serhet geçelgesindäki desgalaryň sany üç esse artdyrylypdyr. 2-nji noýabrda Pakistanyň serhedinden 19 müň 744 owgan raýaty geçdi. Читать дальше...

Germaniýanyň daşary işler ministri Ermenistana, Azerbaýjana sapar edýär

Azathabar.com 

Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok 3-nji noýabrda Günorta Kawkaz sebitine sapar edip, Daglyk-Garabagdaky ýagdaýlary maslahat eder. Daglyk-Garabaga 30 ýyl çemesi gözegçilik eden etniki ermeniler, mundan 1.5 aý ozal Azerbaýjanyň hüjümlerinden soň, ýaraglaryny goýmaga we esaslandyran hökümetini dargatmaga razy boldular. Baerbok Ermenistanda daşary işler ministr Ararat Mirzoýan bilen duşuşar. 4-nji noýabrda german baş diplomatynyň Bakuwda özüniň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow bilen hem gepleşikleri göz öňünde tutulan. Читать дальше...

Ysraýyl Gaza şäheriniň daşyny gabandygyny aýdýar; ABŞ ‘ýerli’ gumanitar arakesmä çagyrýar

Azathabar.com 

Ysraýyl Gaza zolagynyň iň iri şäheriniň daşyny gabandygyny we ünsüň Hamasy ýok etmäge gönükdirilendigini aýtdy. Bu aralykda, Birleşen Ştatlaryň Palestinanyň anklawyna hemaýatyň geçip bilmegi üçin, çaknyşyklara arakesme bermek ugrunda premýer-ministr Benýamin Nettanýahua basyş etmegine garaşylýar. Konfliktiň dört hepde töweregi dowam etmeginiň arasynda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Antoni Blinken Netanýahu bilen gepleşikleri geçirmek üçin, soňky aýda ikinji gezek Ysraýyla geldi. Ysraýylyň harbylary Hamas jeňçilerine garşy söweşýärler.

ABŞ Russiýanyň Ýadro synagyny gadagan etmek şertnamasynyň tassyklanmagyny ýatyrmagyna alada bildirýär

Azathabar.com 

Russiýanyň ýadro ýaraglarynyň synagyny gadagan edýän global ylalaşygy tassyklamagyny ýatyrmagy ýalňyş tarapa edilen ädim boldy, şeýle-de bu ýaraglary kontrol etmek boýunça halkara režimine bolan ynama ýaramaz täsir ýetirer diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 2-nji noýabrda aýtdy. Şol günde rus prezidenti Wladimir Putin ýadro synagyny gadagan etmek baradaky giňişleýin şertnamany (CNTB) tassyklamagyny ýatyrmak baradaky karara gol çekdi. Bu barada hökümet websaýtynda habar peýda boldy ... Читать дальше...

Bişkekde zibiller üçin täze sanitar zolagy açyldy

Azathabar.com 

31-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheriniň eteginde, täze sanitar-zibilhana ýer uçastogy açyldy. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň Gyrgyzystandaky wekilhanasy habar berdi. Munuň şu ýurtda gurlan ilkinji zibilhana uçastogydygy aýratyn bellenilýär. Ol daşky gurşawyň milli we Ýewropa kadalaryna laýyklykda gurlupdyr. Möçberi 1,9 million kub metr giňlikde bolan bu zibilhana Bişkek şäherine durmuşda ulanylan gaty jisimlerden bolan galyndylary geljekki 10 ýylyň dowamynda, howpsuz ýerleşdirmäge mümkinçilik berer. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *