Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Новости за 30.11.2023

Azatlygyň maglumatyndan soň, Balkanyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirildi

Azathabar.com 

Aşgabatdan iberilen ýörite derňew topary Balkan welaýatynyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirdi. Barlaglaryň netijesinde, bäş migrasiýa ofiseri para almakda tussag edildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we ygtybarly çeşmeleri 30-njy noýabrda sebitden maglumat berdiler. Waka, Balkanda raýatlaryň biometriki pasport almak meselesinde para-berimiň "möwjeýändigi” barada Azatlygyň çap eden maglumatyndan birnäçe gün soňa gabat geldi. “Azatlykda Balkandaky migrasiýa edarasyndaky parahorluk... Читать дальше...

Araçy Katar Ysraýyl – Hamas ýaraşygynyň 1-nji dekabra çenli uzaldylandygyny tassyklady

Azathabar.com 

Gazadaky alty günlük ynsanperwer arakesme tamamlanyp barýan mahaly, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk bir gün möhlet bilen uzaldyldy diýip, araçylyk edýän Katar 30-njy noýabrda tassyklady. “Katar döwletiniň bilelikde araçylygynyň çäklerinde, palestin we ysraýyl taraplary Gazadaky ýaraşygyň möhletini öňki birmeňzeş şertlerde, ýagny ot açylmagynyň bes edilmegi we ynsanperwer ýardamyň girmegi şerti bilen, goşmaça bir gün möhlet bilen uzaltdy” diýip... Читать дальше...

Türkmenistanda ýurduň daşyndan baranlara tölegli COVID test etdirýärler

Azathabar.com 

Pandemiýa dünýä derejesinde tamamlanaly bäri alty aýdan gowrak wagt geçensoň hem Türkmenistana barýan adamlar koronawirus keseliniň synagyndan geçmeli bolýar. Bu hyzmat tölegli. Ondan geçen ýolagçylar synagyň galpdygyny, testiň netijesiniň anyklanmaýandygyny, ýöne töleg almak üçin edilýändigini aýdýarlar. Ýaňy-ýakynda Türkmenistana daşary ýurtlardan baran paýtag ýaşaýjylarynyň sözlerine görä, aeroportda geçirilýän test diňe göz üçin edilýär, ýolagçylar hakykatda barlag bolmadyk bir synagyndan geçmeli bolýarlar. Читать дальше...

Türkmenbaşyda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri bilen keselleýän çagalar köpelýär

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde çagalaryň arasynda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri ýaýraýar. Şäheriň hassahanalary näsaglardan dolup, lukmanlar hassalaryň aglabasyna öýde bejergi almagy maslahat berýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy noýabrda sebitden maglumat berdi. “Esasanam çagalar baglarynyň körpeleriniň we mekdep okuwçylarynyň arasynda göze ilýän ýokanç kesel dümew alamatlary bilen geçýär. Näsaglar dem alyş ýollaryndaky näsazlyklardan, dem almak kynçylygyndan... Читать дальше...



Türkmenistan çilime salynýan aksizi ýokarlandyrýar

Azathabar.com 

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan aksiz, ýagny goşmaça tölegleriň gümrük bahasy 116%-den 145%-e çenli galdyrylar. Bu barada habar berýän ýarym-resmi internet neşirleri ýurduň Salgyt kodeksine degişli düzedişleriň girizilendigini hem ýazýar. Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we senagat temmäki çalşyryjylarynyň goşmaça tölegi hem 24,4 %-den 30,5%-e çenli ýokarlandyryldy. Türkmenistanda çilime garşy göreş 2016-njy ýylda güýçlendi. Şol ýylyň... Читать дальше...

Halkara ugurlar boýunça ýük daşaýan goşa bakly ýük ulaglarynyň ikinji bakyny aýyrtmak talap edilýär

Azathabar.com 

Mary welaýatynda halkara ugurlary boýunça ýük daşaýan goşa bakly ýük ulaglarynyň ikinji bakyny aýyrtmak talap edilýär diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. “Men bir daşary ýurt döwletine ýük äkitmeli boldum. Emma meniň ýük ulagymyň ýangyç guýulýan baky goşa bolansoň, maňa daşary ýurda çykmaga rugsatnama berilmejekdigini aýtdylar. Baklaryň haýsy hem bolsa birini aýyrtmak tabşyryldy” diýip, ulag sürüjisi aýdýar. Halkara ugurlary boýunça ýük daşaýan agyr awtoulaglaryň ýangyç... Читать дальше...

ABŞ-nyň öňki döwlet sekretary Henry Kissinjer 100 ýaşynda ýogaldy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň ozalky döwlet sekretary Henry Kissinjer 29-njy noýabrda aradan çykdy. Ol 100 ýaşyndady. Kissinjeriň ABŞ-nyň prezidentleri Riçard Nikson we Gerald Ford döwürlerinde dünýäniň global gatnaşyklarynda uly täsiri bolupdy. Ol häkimiýetdäki wezipesinden çekileninden hem soň, näresmi ýagdaýda Waşingtonda özüniň täsirini saklady. Kissinjer Germaniýada doglupdy. 1938-nji ýylda, 15 ýaşynda wagty ol maşgalasy bilen ABŞ emigrasiýa gidýär. Harby gullukdan soň, ol Garward uniwersitetini tamamlady, halkara gatnaşyklar pudagynda barlaglary geçirdi... Читать дальше...

Almatynyň hostelinde bolan ýangynda 13 adam öldi

Azathabar.com 

Gazagystanyň iň iri şäheri Almatynyň merkezindäki bir hostelde ýüze çykan ýangynda 13 adam öldi. Bu barada ýerli resmiler 30-njy noýabrda irden habar berdiler. Almatynyň häkimi Erbolat Dosaýew ölenleriň arasynda ençeme daşary ýurtlynyň hem bardygyny mälim etdi. Almatynyň polisiýasynyň soňra takyklaşdyrmagyna görä, heläk bolanlaryň dokuzsy gazak raýaty, galan dördüsi-de daşary ýurduň, ýagny Russiýanyň iki we Özbegistanyň iki raýaty bolupdyrlar. Halas ediş gulluklary ýangyn dörän wagty hosteliň içinde 72 adamyň... Читать дальше...

Pakistanda öz gyzyny öldürmekde aýyplanýan tussag edildi

Azathabar.com 

Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky Khyber Pakhtunkhwa regionynda bir gyzyň Facebook sahypasynda hallaşýan oglany bilen suraty ýerleşdireni üçin, ony öldürmekde aýyplanyp dört adam saklandy. Kohistan etrabynyň polisiýa işgäri Nur Muhammadyň 28-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, Rima atly gyz 24-nji noýabrda onuň kakasy, şeýle-de ýene üç sany erkek garyndaşy tarapyndan öldürilipdir. Waka Kohistanyň Palas-Koltai obasynda ýüze çykypdyr. Anonim çeşmäniň Azatlygyň Pakistan gullugyna, ýagny Radio Maşala aýtmagyna görä... Читать дальше...

Moskwada garyň ýüzünde “Urşa Ýok!” ýazany üçin, bir maýyp tussaglyga höküm edildi

Azathabar.com 

Moskwada maýyp bir adam garyň üstünde “Urşa Ýok!” diýen sözleri ýazany üçin 10 gije-gündiz tussaglyga höküm edildi. Bu barada “Ägä boluň, Habarlar” Telegram kanaly maglumat berýär. Dmitriý Fedorow Moskwanyň Gorkiý Park seýilgähinde garyň ýüzünde barmaklary bilen “Urşa Ýok!” diýen sözleri ýazyp, seýilgähden çykyp barýan mahaly polisiýa tarapyndan saklanypdyr. Oňa garşy Russiýanyň armiýasyny abraýdan düşürmek we polisiýa işgärine boýun bolmazlyk aýyplamalary boýunça administratiw protokol ýazyldy. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *