Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Новости за 29.11.2023

Diňle: Türkmenbaşyda "gaz tygşytlamak we metan syzmalaryny azaltmak" üçin tamdyrlar ýumrulýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri tamdyrlary ýumurýarlar. Häkimiýet wekillleri bu çäreleriň gaz tygşytlamak we atmosfera zyňylýan metan gazyny azaltmak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýarlar. Döwlet dükanlarynda un we çörek ýetmezçiliginiň ýitileşen mahalyna gabat gelen bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy noýabrda sebitden maglumat berdi.

Lebapda dizel ýangyjy ýok. Ýangyç beketlerindäki nobatda daşary ýurt awtoulaglary hem bar

Azathabar.com 

Türkmenistanda awtoulag ýangyjynyň ýiti ýetmezçiligi indi daşary ýurtlardan ýük daşaýan ulaglara-da täsir etdi. Ýurduň serhetýaka sebitlerinde ýük daşaýan awtoulaglaryň birnäçe kilometrlik nobatlary peýda boldy. Ýangyç stansiýalarynda dizel ýetmezçiligi sebäpli ýük awtoulaglary ýoluny dowam etdirip bilmeýärler. Şu günler Lebap welaýatynda dizel ýangyjyny tapmak mümkin däl diýen ýaly. Ýagdaý günsaýyn erbetleşýär. Serhetýaka Farapdan Mara barýan uly ýolda, her ýerde topar bolup duran köpsanly daşary ýurt belgili ýük awtoulagy duş gelýär. Читать дальше...

Türkmenbaşyda "gaz tygşytlamak we metan syzmalaryny azaltmak" üçin tamdyrlar ýumrulýar

Azathabar.com 

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri tamdyrlary ýumurýarlar. Häkimiýet wekillleri bu çäreleriň gaz tygşytlamak we atmosfera zyňylýan metan gazyny azaltmak maksadyndan ugur alýandygyny aýdýarlar. Döwlet dükanlarynda un we çörek ýetmezçiliginiň ýitileşen mahalyna gabat gelen bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy noýabrda sebitden maglumat berdi. “Tamdyrlary ýykmak kampaniýasy şäher häkimliginiň, polisiýa bölüminiň we ýangyna garşy göreş gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 27-28-nji noýabrda amal edildi. Читать дальше...

Maryly ýaşaýjylar gemrijileriň köpelmegine, alakalaryň ýaýramagyna garşy goragsyz galýar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Baýramaly, Türkmengala we Ýolöten etraplarynyň oba ýerlerinde gemrijileriň, alakalaryň köpelmegi ýerli ýaşaýjylary aladalandyrýar. Sebitde dowam edýän gurakçylygyň hem-de güýz paslynyň ahyrky günlerinde adaty bolmadyk yssy howada gemrijiler hojalyk jaýlaryna hem-de mal ýataklaryna aralaşýar. “Alakalar jaýlary we ekinleri zaýalaýar” diýip, bir sebit ýaşaýjysy aýdýar. Ýokanç keselleri geçiriji gemrijiler hojalyk jaýlarynyň düýbüni köwýärler, ýerzeminlerde hin ýasaýarlar. Mal ýataklarynyň düýbüni gazyp... Читать дальше...

Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji noýabrda Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen gepleşikleri geçirdi. Jabbarow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň 7-nji mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabatda gelen delegasiýa ýolbaşçylyk edýär. Resmi maglumata görä, duşuşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şol sanda energiýa serişdelerini ibermek meselesi maslahat edilipdir. Türkmenistan onlarça ýyl... Читать дальше...

Özbek prokurorlary ýerli blogger üçin 9.5 ýyl tussaglyk soraýar

Azathabar.com 

28-nji noýabrda Özbegistanyň gündogaryndaky Fergana regionynda prokurorlar sud jogapkärçiligine çekilen blogger Olimjon Haýdarow üçin 9.5 ýyl türme tussaglygyny soradylar. Haýdarow gorkuzyp pul almakda aýyplanyp, iýulyň aýagynda saklanypdy. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar. Özbegistandaky meşhur blogger Haýdarow ýurtda soňky ençeme aýyň dowamynda birnäçe bloggeriň gorkuzyp pul almak aýyplamalary esasynda tussag edilendigi baradaky meseläni gozgapdy. Читать дальше...

Owgan zenan aktiwistleri ‘Talybanyň’ hukuk bozmalary sebäpli HJS ýüzlendiler

Azathabar.com 

Owgan aýallarynyň hukuklary boýunça aktiwistler Halkara Jenaýat sudundan (HJS) Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylaryny adam hukuklaryny sistematiki depelemegi boýunça jogapkärçilige çekmäge çagyrdylar. “Talyban” 2021-nji ýylyň awgustynda Owganystandan halkara güýçleri çekilenden soň, häkimiýeti ele geçiripdiler. Aktiwistler 27-nji noýabrda Halkara Jenaýat suduna ýollan hatlarynda “Talybany” BMG-niň Adam Hukuklary boýunça umumy deklarasiýasyny we BMG-niň Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli... Читать дальше...

Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler

Azathabar.com 

Dünýäde ykdysady çökgünligiň dowam etmegi we howanyň üýtgemegi Merkezi Aziýanyň sowet döwründen miras galan pagta senagatyndaky ýagdaýyň has-da kynlaşjakdygyna alada döredýär. Munuň daşyndan-da, daýhanlaryň pikirine görä, ýokary derejedäki peýdakeşler tarapyndan, olaryň zähmetine adalatly baha kesilmeýär. Merkezi Aziýada öňden bäri agyr şertleri döredip gelýän pagtaçylyk Russiýa imperiýasynyň agalygynyň bir usuly bolupdy. Pagta meýdanlarynda bolsa mejbury zähmet tebigatyň zaýaçylygy bilen utgaşykly dowam etdi. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *