Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Новости за 23.11.2023

Diňle: Aşgabatda ilata çäkli möçberde paýlanan unuň satuwy ýene bes edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýagdaýy ýaramaz bolmagynda galýar. Aşgabat şäherindäki dükanlarda geçen hepdäniň ahyrynda ilata ýeňillikli bahadan un satylyp başlandy. Ýöne ýaşaýjylara un paýlary heniz doly paýlanmanka, onuň satuwy şu hepdäniň başynda gaýtadan bes edildi.

Aşgabatda ilata çäkli möçberde paýlanan unuň satuwy ýene bes edildi

Azathabar.com 

Aşgabat şäherindäki döwlet dükanlarynda geçen hepdäniň ahyrynda ilata ýeňillikli bahadan un satylyp başlandy. Ýöne ýaşaýjylara un paýlary heniz doly paýlanmanka, onuň satuwy şu hepdäniň başynda gaýtadan bes edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 23-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdiler. “Bir aýdan ýa-da ondan hem köp wagt bäri un paýlarynyň berilmegine garaşýan ýaşaýjylar her gün döwlet dükanlaryna gatnaýarlar. Ýöne olaryň un satuwda peýda bolar diýen umyt bilen, irden we öýländen... Читать дальше...

Guraklykdan ejir çekýän ýolötenli çopanlar mallaryň köpçülikleýin gyrylmagyndan aladalanýarlar

Azathabar.com 

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň maldarlary gurakçylykdan ejir çekýärler. Çopanlar soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gurakçylyk zerarly emele gelen ot-iým ýetmezçiliginiň mallaryň köpüsiniň aşa horlanmagyna getirýändigini belläp, olaryň köpçülikleýin gyrylmagyndan aladalanýarlar. Käbir mal eýeleri mallarynyň haram ölmeginden howatyrlanyp, olary arzan bahadan satmaga çalyşýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda sebitden maglumat berdi. “Biz mundan öň mallary bakmak üçin Ýolötenden daşary çykmazdyk. Читать дальше...

Türkmenistan Azerbaýjana ýüzlerçe müň dollarlyk ýüplük satdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) ikinji gün geçiren söwdalarynda azerbaýjanly işewürler 1 million 53 müň 722,59 ABŞ dollaryna durýan nah ýüplügi satyn aldylar diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa, 51 müň 750 ABŞ dollaryna Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen žakkard sütükli önümleri satyn aldy. Türkmen metbugaty daşary ýurtly işewürleriň ýurduň gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagtadan öndürilýän önümleri satyn alyşlary barada yzygiderli habar berýär. Читать дальше...

Belli hukuk goraýjy Täjigül Begmedowa Türkiýeden deport edildi

Azathabar.com 

Düýbi Bolgariýada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa 22-nji noýabrda Stambulyň aeroportundan Bolgariýa deport edildi. Oňa bäş ýyl möhlet bilen Türkiýä girmek gadagan edildi. Bu barada guramanyň resmi web sahypasy habar berýär. Begmedowa 21-nji noýabrda howa ýollary arkaly Stambula bardy. Ol “Bir Duýno – Gyrgyzystan 2023” adam hukuklary boýunça dokumental film festiwalyna gatnaşmak üçin birnäçe gün soňra Stambuldan Bişkege syýahat etmegi meýilleşdirýärdi. Читать дальше...

Fransiýadan deportasiýa edilen özbek erkegi  ýurdunda tussag edildi

Azathabar.com 

Sentýabr aýynda Fransiýadan deportasiýa edilen özbek erkegi Özbegistanda terrorçylyk we gaçakçylyk aýyplamalary esasynda tussag edildi diýip, onuň ejesi 22-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi. Muhsinjon Ahmedow Özbegistany 2016-njy ýylda, özbek häkimiýetleri onuň garşysyna açylan derňew işine başlamazynyň öň ýanynda terk etdi. Ahmedow 2019-njy ýylda Fransiýa baryp, ýerli häkimiýetlerden gaçybatalga sorady. Ol deportasiýa edilende, gaçybatalga sorap ýazan arzasy boýunça şindi belli bir karar çykarylmandy. Читать дальше...

Gazak kazyýeti žurnalistlere hüjüm eden bäş adama şertli iş kesdi

Azathabar.com 

Gazagystanyň kazyýeti garaşsyz žurnalistlere garşy guralan birnäçe hüjüme gatnaşmakda günäli tapylan bäş adama şertli türme tussaglygy hökümlerini çykardy. Almatynyň ýöriteleşdirilen etrabara kazyýeti 22-nji noýabrda žurnalistleriň işine päsgel bermekde, olaryň şahsy durmuşyna gatyşmakda, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlary jenaýat işlerine çekmekde, huligançylykda we hususy emläkleri weýran etmekde aýyplanan Oleksiý Tokarewi dört ýarym ýyl şertli türme tussaglygyna höküm etdi. Aýyplanýanlaryň beýleki dördüsine... Читать дальше...

Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?

Azathabar.com 

Diktator aradan çykandan soň, öňki sowet respublikalarynda nämeler bolup geçdi? Demokratik özgerişlikmi? Maýylganlyk we ýowuzlygyň gowşamagymy? Ýa-da bir diktatoryň ornuna diňe täze diktator gelýärmi? Muňa soňky wagtlarda birnäçe awtoritar ýolbaşçylaryň ýogalan sebitiniň mysalyndan seredeliň. Ýurdy ölýänçä dolandyrmak diňe monarhlara degişli däldir. SSSR-de muňa "wezipede wagty ölmek" diýilýärdi, mysal üçin, Lenin, Stalin, Brežnew, Andropow, Çernenko bilen ýagdaý şeýle bolupdy. Täze taryhda-da bu şeýle... Читать дальше...

Ysraýyl, ABŞ: Gazadaky zamunlar bäşinji günden bärde  goýberilmez

Azathabar.com 

ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas topary bilen Ysraýylsyň arasynda baglaşylan wagtlaýyn ýaraşyk esasynda zamun alnanlaryň boşadylmagy 24-nji noýabrdan bärde amala aşyrylmaz diýip, Ysraýylyň milli howpsuzlyk geňeşçisi we ABŞ aýtdy. Bu habar zamunlaryň garyndaşlarynyň tussaglaryň käbiriniň 23-nji noýabrda boşadylmagyna baglan umytlaryny puja çykardy. Ýaraşygyň we zamun alnanlaryň boşadylmagynyň azyndan bir gün yza süýşürilmegi bilen, Gazadaky uruş 23-nji noýabrda hem gowşamady. Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *