Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Новости за 01.11.2023

Lebapda pagta ýygymy batly depginde dowam edýär

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda býujet isgärleriniň pagta ýygym işlerine mejbury çekilmegi dowam edýar. Ýagyşly günlerden soň pagta meýdanlardaky yzgarly şertlerde ýerli býujetçiler işinden boş günlerinde dynç almagyň deregine döwlete pagta ýygyp berýärler. Şu günler býujet isgärleriniň tas ählisi dynç günlerinde pagta ýygymyna köpçilikleýin çekilýärler diýip, Azatlygyň habarçysynyň 1-nji noýabrda beren maglumatyna görä, bu ýagdaý Lebap welaýatynyň Seýdi, Dänew, Farap, Çärjew eraplarynda dowam edýär. Ýerli býujet işgärleriniň sözlerine görä... Читать дальше...

Türkiýede öz ildeşini öldürmekde şübhelenýän türkmen raýatyna ömürlik tussaglyk soralýar

Azathabar.com 

Türk prokurorlary kazydan Türkiýede türkmen raýatyny “bilkastlaýyn öldürmekde” aýyplanýan türkmenistanlynyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär. “Hürriyet” neşiriniň 30-njy oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Stambulyň Maltepe etrabyndaky bir köp gatly jaýyň basgançaklarynda Aziz Babahanowyň öli tapylmagy bilen baglanyşykly derňew işi tamamlandy. Waka şu ýylyň 21-nji maýynda Findikli etrapçasynyň Mehmet Ersoý köçesindäki dört gatly jaýda boldy. Читать дальше...

Türk prokurorlary kazyýetden türkmen raýatynyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar

Azathabar.com 

Türk prokurorlary kazydan Türkiýede türkmen raýatyny “bilkastlaýyn öldürmekde” aýyplanýan türkmenistanlynyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegini soradylar. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär. “Hürriyet” neşiriniň 30-njy oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Stambulyň Maltepe etrabyndaky bir köp gatly jaýyň basgançaklarynda Aziz Babahanowyň öli tapylmagy bilen baglanyşykly derňew işi tamamlandy. Waka şu ýylyň 21-nji maýynda Findikli etrapçasynyň Mehmet Ersoý köçesindäki dört gatly jaýda boldy. Читать дальше...

Ysraýyl Gazanyň gür ilatly sebitine zarba urdy, Hamasyň komandiri öldürildi diýýär

Azathabar.com 

31-nji oktýabrda Ysraýylyň harby howa güýçleri Gaza zolagynda ýerleşýän gür adamly bosgunlar lageriniň golaýyna zarba urdular. Hadysada azyndan 50 palestinaly we Hamasyň komandiri öldi. Medisina işgärleri iýmit, ýangyç we beýleki zerur serişdeleriň barha azalýan anklawynda şikes alanlara ýardam bermekde kynçylyklary çekýärler. Ysraýylyň harbylary 31-nji oktýabrda Gazadaky söweşleriň çäginde 11 esgeriň ölendigini hem habar berdiler. Palestinaly saglyk işgärleri azyndan 50 palestinalynyň heläk... Читать дальше...

Türkmen manady 30 ýaşady

Azathabar.com 

1-nji noýabrda türkmen manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl bolýar. Türkmenistan 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda ýurt garaşsyzlygyny yglan edeninden 2 ýyl soň, 1993-nji ýylda milli pul birligini dolanyşyga girizipdi. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ýyllardaky ýagdaýy bilen baglylykda, manadyň hümmeti yzygiderli aşak gaçdy. Munuň netijesinde, ýurtda walýutanyň iki kursy – döwlet we gara bazar kurslary döredi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Merkezi Banky 3,5 manadyň hümmetini 1 amerikan dollaryna barabar diýip kesgitlese-de... Читать дальше...

"Talyban" owgan harytlarynyň Özbegistanyň üsti bilen geçirilmegi üçin, tölegleri azaltmagy soraýar

Azathabar.com 

Özbegistanyň hökümet delegasiýasy premýer-ministriň orunbasary Jamşid Hojaýewiň ýolbaşçylygynda, 29-30-njy oktýabrda Owganystanyň häkimiýetleri bilen gepleşikler geçirmek üçin, Kabula bardy. Bu barada Owganystanyň senagat we söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Saparyň dowamyndaky gepleşiklerde esasy maksat ikitaraplaýyn söwda we ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini ösdürmek, iki ýurduň arasyndaky tranzit meselelerini çözmek we Kabulda söwda sergisini açylmak boldy diýip, Owganystanyň ministrligi mälim etdi. Читать дальше...

BMG-niň başlygy Ysraýyl-Hamas konfliktiniň ýitileşmegine “çuňňur alada” bildirdi

Azathabar.com 

BMG-niň baş sekretary Antonio Guterreş Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky konfliktiň ýitileşmegi bilen “çuňňur alada galýandygyny” aýtdy. Bu ýitileşmä “Ysraýylyň goranmak güýçleriniň howa zarbalary bilen alyp barýan ýer operasiýasy, şeýle-de Gazadan Ysraýyla garşy atylýan raketalar hem degişli” diýip, Guterreş 31-nji oktýabrda beýanat bilen çykyş edi. Şol bir wagtda, ol “Hamasyň 7-nji oktýabrdaky Ysraýyla garşy amal eden terror aktlarynyň ýiti ýazgarylýandygyny” ýene bir gezek nygtady.





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *