Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Новости за 22.11.2023

Ilata ýeterlik berilmeýän biometriki pasporty '1000 dollara bir hepdäniň içinde alyp bolýar'

Azathabar.com 

Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almak mümkinçiliginiň günsaýyn kynlaşmagy, bu ugurda para-berimiň "möwjemegine" getirýär. Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda daşary döwletlere göçüp gitmek isleýänleriň barha köpelýän wagtynda ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmeleri tiz wagtda ýurtdan gitmek isleýän, emma pasport alyp bilmeýän raýatlaryň “derdine migrasiýa işgärlerine ýakyn adamlaryň ýetişýändigini” aýdýarlar. Читать дальше...

“Meni sem edip bilmezler”: Türkmen žurnalisti Ýewropa goýberilmezliginden soň

Azathabar.com 

Garaşsyz türkmen žurnalisti Soltan Açylowa Türkmenistanyň awtoritar hökümeti tarapyndan “sem edilmejekdigini” aýdýar. Mundan öň türmen resmileri onuň Şweýsariýada adam hukuklaryny goraýjylaryň hormatyna guralan duşuşyga barmagyna böwet boldular. “Men öz işimi dowam etdirerin – men has-da yhlasly işlärin. Men dirikäm, meni sem edip bilmezler” diýip, ol 20-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Açylowa Aşgabadyň Halkara aeroportunda özüniň egin-eşikleriniň çykarylyp barlanandygyny we kemsidilendigini aýtdy. Читать дальше...

Türkmenabatda jemgyýetçilik transportynyň amatsyzlyklary ýerli ýaşaýjylaryň gatnawyny kynlaşdyrýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gijöýländen soň döwlet eýeçiligindäki jemgyýetçilik transport serişdeleriniň gatnawy kemelýär, könelişen hususy awtobuslarda dyknyşyk emele gelýär, giç agşamdan soň şäher ýaşaýjylary diňe hususy taksi hyzmatlaryna bil baglamaly bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy şäheriň transport kynçylyklary barada sebitden maglumat berýär. Ýerli ýaşaýjylar Lebap welaýatynda jemgyýetçilik ulag serişdelerine gözegçilik edýän transport kärhanasynyň öýlän sagat... Читать дальше...

Maryda dizel ýetmezçiligi ýitileşýär, obalarda ol gizlin we gymmat bahadan satylýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda üç aý bäri dowam edýän dizel gytçylygy ýitileşýär. Marynyň häkimiýetleri ýangyç guýýan beketleriň golaýynda nobata durýan ýük ulaglary dargadyp, dizel ýetmezçiligini gizlemäge çalyşýarlar. Bu aralykda, beketlerde tapdyrmaýan dizel welaýatyň käbir obalarynda gizlin we gymmat bahadan satylýar. Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy ozal ilatly punktlaryň ýangyç beketlerinde satuwdan aýrylan dizeliň häzir uly ýollaryň ugrundaky stansiýalarda hem köplenç tapdyrmaýandygyny aýdýar. “Şu... Читать дальше...



Maryda turan güýçli ýel elektrik üpjünçiligini hatardan çykardy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitlerinde 20-nji noýabrda turan güýçli ýeliň yz ýany, Türkmengala etrabynyň Zähmet geňeşliginde bir gije-gündizläp elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitde turan güýçli şemal 21-nji noýabr güni gijöýläne çenli dowam etdi. Zähmet geňeşliginiň ýaşaýjylary bir gije-gündizläp toksuz, garaňkyda galdy. “Ýel başlanan badyna, Zähmet geňeşliginde tok kesildi. Şemal 21-nji noýabr güni öýlän sagat 17:00 töwereklerinde köşeşdi, şondan bir ýarym sagat töweregi soň, takmynan... Читать дальше...

Gazak kazyýeti oppozisiýa syýasatçysyny 10 ýyl azatlykdan mahrum etdi

Azathabar.com 

Astana kazyýeti 21-nji noýabrda Gazagystanyň hasaba alynmadyk “El Tiregi” (Halk diregi) partiýasynyň lideri Nuržan Altaýewi para almakda günäkär tapandygyny aýdyp, 10 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Öňki kanun çykaryjy bu aýyplamany üzül-kesil inkär edýär we onuň syýasy sebäpli oýlanyp tapylan aýyplama bolandygyny öňe sürýär. 2021-nji ýylda dolandyryjy “Amanat” partiýasyny terk eden we Adalat ministrligini öz döreden partiýasyny resmi hasaba almazlykda aýyplan Altaýew iýun aýynda tussag edildi. Astana kazyýeti ony aprel aýynda... Читать дальше...

Hukuk goraýjylar Soltan Açylowanyň ýurtdan goýberilmezligini ýazgarýarlar

Azathabar.com 

Adam hukuklaryny goraýan on sany gurama, şol sanda “Turkmen.news” neşiri 74 ýaşly aktiwist we raýat žurnalisti Soltan Aaçylowanyň Türkmenistandan çykmagyna girizilen gadaganlygy ýazgarýan beýanata gol çekdi diýip, garaşsyz neşir habar berýär. “Soltan Açylowanyň ýurtdan çykmak mümkinçiliginden ‘ýokardan’ berlen buýruk esasynda mahrum edilendigi şübhesiz, bu türkmen häkimiýetleriniň öz syýasatlary babatdaky islendik tankydy basyp ýatyrmak isleýändigini görkezýär. Onuň syýahat etmegine girizilen gadaganlyk... Читать дальше...

Bakuwda ýene bir žurnalist tussag edildi

Azathabar.com 

Azerbaýjan häkimiýetleri garaşsyz “Abzas Media” habarlar web sahypasynyň ýene bir žurnalistini tussag etdiler. Hukuk toparlary munuň korrupsiýanyň ýok etmäge gönükdirilen žurnalismden ar alyň çäresi bolandygyny aýdýarlar. "Abzas Media" 21-nji noýabrda neşiriň baş redaktory Sewinç Wakifkyzynyň öten agşam Bakuwdaky uçar menzilinde, Azerbaýjana gelen badyna tussag edilendigini, polisiýanyň onuň öýüni we ofisini dökendigini aýtdy. Şondan bir gün öň “Abzas Medianyň” müdiri Ulwi Hasanly hem şuňa meňzeş şertlerde tussag edilipdi. Читать дальше...

Baýden Gazadaky zamun ylalaşygyndan 'örän minnetdar' bolandygyny aýdýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Hamas toparynyň ýaragly adamlarynyň 7-nji oktýabrda Ysraýyla eden hüjümleri wagtynda zamun alnan adamlaryň käbiriniň ýakyn wagtda, Ýakyn Gündogaryň kömegi bilen baglaşylan ylalaşyk esasynda azatlyga çykjakdygyna örän begenendigini aýtdy. "Men bu batyrgaý adamlaryň käbiriniň, şertnama doly ýerine ýetirilenden soň, öz maşgalalaryna gaýtadan gowuşjakdygyna diýseň begenýärin" diýip, Baýden aýtdy. Baýden Kataryň we Müsüriň ýolbaşçylaryna olaryň ylalaşyk baglaşylanda görkezen... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *