Мы в Telegram
Добавить новость
smi24.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2023

Новости за 28.11.2023

Diňle: Lebapda gazanç üçin Demirgazyk Kipre gidýän köpeldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda Demirgazyk Kipre wiza almak üçin ýüz tutýanlaryň sany köpelýär. Pasport, wiza we beýleki zerur dokumentleri almakda dürli kynçylyklaryň saklanýan wagtynda adamlar ýurduň daşyna çykmak üçin dürli mümkinçilikleri gözleýärler.

Aşgabadyň polisiýasy çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde çörek nobatyna durýan raýatlara gözegçiligini güýçlendirýärler. Dükanlaryň golaý-goltumynda nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleri Aşgabadyň çetki obalaryndan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi. “Içeri işler ministrliginiň etrap polisiýa bölüminiň işgärleriniň gulluk awtoulaglarynda dükanlaryň töwereklerinde, köp gatly jaýlaryň arasynda gözegçilik etmekleri ýygjamlaşdy. Читать дальше...

Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär

Azathabar.com 

Pagta plan borçnamasyny üstünlikli ýerine ýetirendigi habar berlen Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda döwlet edara-kärhanalarynyň işçileri, şol sanda garawullar, tam süpürijiler we bagbanlar, şeýle-de jemagat hojalygy müdirlikleriniň işçileri heniz hem pagta ýygymyna çekilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň Gabakly obasynda, S.A Nyýazow adyndaky geňeşligiň Türkmenistan we Uzynsuw obalarynda pagta ýygymyna çekilýän işçiler üçin wagtlaýyn çadyrlar gurnalypdyr. Читать дальше...

Lebapda gazanç üçin Demirgazyk Kipre gidýän köpeldi

Azathabar.com 

Lebap welaýatynda Demirgazyk Kipre wiza almak üçin ýüz tutýanlaryň sany köpelýär. Pasport, wiza we beýleki zerur dokumentleri almakda dürli kynçylyklaryň saklanýan wagtynda adamlar ýurduň daşyna çykmak üçin dürli mümkinçilikleri gözleýärler. Türkmenabat säherinde daşary ýurtlara gitmek isleýänlere syýahatçylyk wizasyny taýýarlap berýän birnäçe edara hereket edýär, şol sanda "Lebap syýahat", "Kerwen merjeni", "Gadymy miras" atly wiza merkezleri. Azatlyk Radiosynyň habarçysy syýahatçylyk wizasyny alyp... Читать дальше...

Aşgabatda býujet işgärlerinden we talyplardan mejbury saglyk barlagy üçin pul toplanýar

Azathabar.com 

Şu günler Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň tas ählisinde işgärleri mejbury saglyk barlagyndan geçirmek çäresi dowam edýär. Geçen ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl bu barlagdan ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary hem geçmäge mejbur edilýär. Bu çäre üçin býujet işgärlerinden we talyplardan nagt pul ýygnalýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmeleri 28-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdiler. “Bu barlaglardan häzire çenli Söwda we ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli edaralaryň işgärleri... Читать дальше...

Türkmen talyby: Türkmenistanda özümi howpsuz duýanymda, watanyma dolanaryn

Azathabar.com 

Mälikberdi Allamyradow alty ýyl bäri Russiýada ýaşaýar we okaýar. Ol türkmen talyplarynyň hukuklaryny gorap eden protest çykyşlary bilen tanalýar. Iki ýyl ozal Mälikberdi türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtda okaýan talyplara pul geçirmek barada girizen çäklendirmelerine garşy bir adamlyk piket geçirdi. Şonda Mälikberdini tussag etdiler we ol tas Türkmenistana deportasiýa edilipdi. Häzir ol okuwyny dowam etdirýär we ikinji ýokary bilimini alýar. Wideo: Migrant Media

Berdimuhamedow ABŞ prezidentiniň ýörite wekili bilen klimat meselelerini gürleşdi

Azathabar.com 

27-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidentiniň klimat boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada TDH habar berýär. Maglumata görä, telefon söhbetdeşliginiň dowamynda klimat boýunça Dubaýda geçjek COP-28 sammitine görülýän taýýarlyklar, hususan-da, Türkmenistanyň we ABŞ-nyň atmosfera goýberilýän metan zyňyndylaryny azaltmak babatdaky hyzmatdaşlygy maslahat edilipdir. Resmi habarda Kerriniň munuň bilen bagly “anyk teklipleri” öňe sürendigi aýdylýar... Читать дальше...



Ysraýyl we Hamas ýaraşygy bäş gün möhlete uzaltdy

Azathabar.com 

Ysraýyl bilen ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamasyň arasyndaky ýaraşyk 28-nji noýabrda bäşinji gününe gadam basdy. Ekstremist topar gaýtadan başlamagyna garaşylýan urşuň wagtyny yza çekmek üçin has köp asuda zamunlary boşatmagy wada berýär. Ysraýyl bolsa söweşler gaýtadan başlananda asuda palestin raýatlaryny öldürmekden saklanmak babatynda barha köp basyş görýär. Taraplar ýaraşygyň möhletini 29-njy noýabra çenli uzaltdy. Hamasyň golastyndaky zamunlar bilen Ysraýyl... Читать дальше...

Azerbaýjanda garaşsyz žurnalist saklandy – aklawçy

Azathabar.com 

Azerbaýjanda Kanal 13 internet tele-neşiriniň dolandyryjy direktory Aziz Orujow 27-nji noýabrda saklandy, şeýle-de onuň öýi we iş ýeri polisiýa tarapyndan döküldi. Orujowyň aklawçysy Bahruz Baýramowyň ýerli media aýtmagyna görä, onuň müşderisi emlägi bikanun ýagdaýda eýelemek, ulanmak we kireýine bermek boýunça aýyplanýar. Baýramowyň sözlerine görä, Orujow tussag edilmegini özüniň žurnalistiki işi bilen baglanyşdyrýar. 2017-nji ýylda Orujow grantlar arkaly bikanun gazanç etmekde aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Читать дальше...

Russiýanyň sudy ABŞ-ly žurnalist Gerşkowiçiň tussaglyk möhletini uzaltdy

Azathabar.com 

Russiýada deslapky tussaglykda saklanýan ABŞ-ly žurnalist, The Wall Street Journal neşiriniň habarçysy Ewan Gerşkowiçiň tussaglyk möhleti iki aý möhlet bilen, 30-njy ýanwara çenli uzaldyldy. Bu baradaky hökümi Moskwanyň Lefortowa etrap sudy 28-nji noýabrda Telegram kanalynda mälim etdi. Gerşkowiç martda Uralyň Ýekaterinburg şäherinde saklanypdy. Şol wagt, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugy Gerşkowiçiň, hamala, harby senagat toplumyndaky döwlet syryny toplaýandygyny öňe sürüp, oňa garşy içalyçylyk... Читать дальше...

Gyrgyzystanda gyzy alyp gaçmak synanyşygynda üç erkek kişi saklandy

Azathabar.com 

Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Issyk-Kul regionynda üç erkek kişi bir gyzy zor bilen alyp gaçmak synanyşygy aýyplamasy esasynda saklandy. Bu barada polisiýa 27-nji noýabrda habar berdi.   Gyrgyzystanda gyzy alyp gaçmak 2013-nji ýylda jenaýat hökmünde häsiýetlendirilse-de, bu mesele onlarça ýyl bäri saklanyp gelýär. Soňky ýyllarda bu Merkezi Aziýa döwletinde alnyp gaçylan gyzlaryň öldürilmegi, hojalykdaky sütem ýaly ýagdaýlar barada has köp maglumat gowuşýar. Geçen ýyl, Birleşen Milletler Guramasy... Читать дальше...

Kadyrowyň tankytçysy, Russiýa deportasiýa edilmejek bolup, Gyrgyzystany terk etdi

Azathabar.com 

Russiýanyň Çeçenistan respublikasynyň diýdimzor dolandyryjysy Ramzan Kadyrowyň ýiti tankytçysy Mansur Mowlaýew, Gyrgyzystanyň sudunyň ony deportasiýa etmek baradaky kararynyň berjaý edilmeginiň öň ýany, bu ýurdy terk etdi. Mowlaýew Russiýanyň raýaty. Onuň aklawçysy Bakyt Awtandiliň 27-nji noýabrda Azatlyga aýtmagyna görä, onuň müşderisi häzir aýdyňlaşdyrylmadyk başga bir ýurtda, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletini terk etmek baradaky karary Mowlaýewiň özi kabul edipdir. Mowlaýew geçen aý Gyrgyzystanyň... Читать дальше...





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *