ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 14-nji aprelde çykyş edip, Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esgerleriniň 11-nji sentýabra çenli çykaryljakdygyny yglan etmegine garaşylýar. Bu senede “Al-Kaýda” terror toparynyň Birleşen Ştatlara amala aşyran hüjümine 20 ýyl bolýar.
Bu esgerleriň ozalky ylalaşylan seneden bäş aý töweregi giç çykaryljakdygyny aňladýar. ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Trampyň döwründe “Talyban” bilen gelnen ylalaşyga laýyklykda, ABŞ güýçlerini çykarmak üçin möhlet 1-nji maý diýlip kesgitlenipdi.
ABŞ-nyň ýokary derejeli bir resmisiniň 13-nji aprelde beren maglumatyna görä, esgerler 1-nji maýdan has ir çykarylyp başlanar we bu 11-nji sentýabr soňky möhletden has ir tamamlanyp bilner.
Resmi esgerleriň çykarylmagynyň ýene goşmaça, şol sanda howpsuzlyk ýa-da adam hukuklary ýaly meselelere şertli bolmajakdygyny hem belledi. Onuň sözlerine görä, Baýden “munuň Owganystanda müdimilik galmaga bir resept boljakdygyny” aýdyp, bu karary delillendiripdir.
Resmi Birleşen Ştatlaryň munuň deregine dowam edýän parahatçylyk prosessini goldajakdygyny hem sözüne goşdy.
ABŞ-nyň Owganystandaky 2 müň 500 esgeri NATO-nyň bu ýurtdaky şahsy düzüminiň dörtden bir bölegini emele getirýär.
В Подмосковье сотрудники Росгвардии спасли пожилого мужчину, который оказался один дома и плохо себя почувствовал
За один день работники Уссурийского ЛРЗ и их дети выполнили сменно-суточное задание по ремонту 129 паровозиков
"Святой Ленин" спасает мир и возглавляет "восстание ИИ машин... хороших по существу". 8 серия, СЕРЬЁЗНЫЕ НОВОСТИ.
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
С начала года более 4,7 тысячи жителей Московского региона оформили страховую пенсию в автоматическом режиме на портале госуслуг
Настя Ивлеева появилась на открытии лапшичной с кольцом на безымянном пальце
Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует:
С начала года более 4,7 тысячи жителей Московского региона оформили страховую пенсию в автоматическом режиме на портале госуслуг
"Святой Ленин" спасает мир и возглавляет "восстание ИИ машин... хороших по существу". 8 серия, СЕРЬЁЗНЫЕ НОВОСТИ.
Политолог из США: Россия демонстрирует свое процветание, проводя ПМЭФ