Maşgala agzasy eýranly žurnalistiň türmeden boşadylandygyny ret edýär
Eýranly žurnalist Keýwan Samimi, reformaçy gazetiň habaryna görä, türmeden boşadyldy. Ol geçen ýyl, 2019-njy ýylyň maý aýynda geçirilen demonstrasiýa gatnaşandygy sebäpli tussag edilipdi.
Emma žurnalistiň maşgalasy, berlen habara garamazdan, onuň entek türmeden boşadylmandygyny aýdýar.
Gündelik “Şark” gazeti Samiminiň 1-nji ýanwarda Tährandan 200 km gündogarda ýerleşýän Semnan türmesinden boşadylandygyny habar berdi.
Dini milletçiler geňeşiniň agzasy bolan 73 ýaşly tussagyň türmeden boşadylan güni aýdylmady.
Samimi geçen ýyl, 2019-njy ýylyň 1-nji Maýyna gabat parlamentiň öňünde geçirilen ýygnanyşyga gatnaşyp, "döwlete garşy birleşmekde we dil düwşmekde" günäli tapylandan soň, iki ýyl azatlykdan mahrum edilip, Tähranyň Ewin türmesine salyndy.
Saglyk ýagdaýy sebäpli fewral aýynda wagtlaýyn azatlyga goýberilen žurnalist, milli howpsuzlyga zyýan ýetirmekde aýyplanyp, üç aý soň gaýtadan tussag edilip, Semnana iberildi.
Türmä iberilenden soň, awgust aýynda oňa garşy täze, dildüwşük we toparlanyşyk aýyplamasy bildirildi. Bu waka ol ýylyň başynda tussaglykda ýogalan ýazyjy Baktaş Abtiniň ölümini "bilkastlaýyn öldürmek" diýip atlandyrandan soň boldy.
Aýdylmagyna görä, ol ýurt boýunça alnyp barylýan protest çärelerine dekabrda, türmede oturan ýerinden goldaw bildirdi.
AFP habar gullugy žurnalistiň ady aýdylmadyk maşgala agzasyna salgylanyp, 2-nji ýanwarda "Şark" gazetiniň bir gün ozal beren habaryny ret etdi.