On ýyl tussaglyga höküm edilen öňki baş prokuror türmeden boşadyldy
Özbegistanyň öňki baş prokurory, 2019-njy ýylyň iýun aýynda korrupsiýa aýyplamasy bilen 10 ýyl azatlykdan mahrum edilen Raşidjon Kodirow şertli ýagdaýda türmeden boşadyldy.
Özbek metbugatynyň 5-nji ýanwarda hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine salgylanyp beren habaryna görä, Kodirow birnäçe gün ozal azatlyga çykypdyr.
Kodirow 2018-nji ýylyň fewral aýynda tussag edilip, soňra para almak, gorkuzyp almak, maliýe galplygy, salgyt tölemekden gaçmak, adalatlylyga päsgel bermek we pul ýuwmak aýyplamalarynda günäkärlendi.
Merhum prezident Yslam Kerimowyň uly gyzy Gulnara Kerimowanyň derňewi bilen baglanyşykly resmileriň işden boşadylmagynyň arasynda, ol üç ýyl çemesi soňra tussag edildi.
Kerimowa 2014-nji ýylda, kakasy heniz wezipesinde oturan wagtynda, Daşkentde öý tussaglygynda saklandy. Kerimow 2016-njy ýylda aradan çykdy we ýerine Şawkat Mirziýoýew geldi.
Şeýlelikde, Kerimowa 2017-nji ýylyň dekabrynda 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi, ýöne birnäçe aýdan soň bu jeza bäş ýyla çenli gysgaldyldy we öňki prezidentiň gyzy öý tussaglygyna geçirildi.
Emma ol soň, aýdylmagyna görä, öý tussaglygy düzgünlerini bozandygy sebäpli diýlip, ýene türmä geçirildi. 2020-nji ýylda gorkuzyp almak, pul ýuwmakda we beýleki jenaýatlarda günäkär tapylanyndan soň, Kerimowa goşmaça 13 ýyl iş kesildi.